21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatçylary garşylaýar.

Syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan täze syýahatçylyk merkezi hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Häzirki wagtda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de howandarlygynda ulgamyň innowasion düzümi we döwrebap netijeli nusgasy döredilýär. 

Türkmen halky köpasyrlaryň dowamynda myhmansöýerligiň baý däpleri bilen şan-şöhrata beslenipdir. Biziň günlerimizde bu ajaýyp däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap ugurlaryny özünde jemleýär. Taryhy-medeni özboluşlylygy we baý milli mirasy, şol sanda bütin dünýäde meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler we täsin tebigy ekologiýa ulgamlary ýurdumyza bu babatda halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda öňdäki orunlary eýelemäge mümkinçilik berýär. 

Şu günler Ýewropadan we Aziýadan iri syýahatçylyk toparlarynyň birnäçesi Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahat edip, Türkmenistana geldi. Bu ýoluň ugrundaky desgalar UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri özüne birleşdirýär. Şeýlelikde, ýöriteleşdirilen syýahatçy otlusy şol toparlaryň birini türkmen – özbek serhedinden Mary şäheriniň demir ýol menziline getirdi. Bu ýerde, Murgap jülgesinde Gündogaryň ajaýyp we şonuň bilen birlikde, entek syrlary doly açylmadyk siwilizasiýasy – Marguş ýurdy bilen duşuşyk garaşýardy. Mälim bolşy ýaly, Marguş özüniň täsin ýadygärlikleri we arheologlaryň haýran galdyryjy açyşlary bilen meşhurdyr. 



Myhmanlarymyzyň bellemegine görä, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna bolan gezelenç olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Syýahatçylaryň düzüminde 125 adam bolan bu toparynyň esasy bölegini düzen Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Italiýanyň, Lýuksemburgyň, Fransiýanyň we Polşanyň jahankeşdeleriniň aýtmagyna görä, hut Merw olaryň Beýik Ýüpek ýoly boýunça syýahatynyň esasy nokadyna öwrüldi. Gadymy Erkgalanyň we Gäwürgalanyň beýik harabalyklary, özleriniň täsin görnüşleri bilen haýran galdyrýan Uly we Kiçi Gyzgalalar, Soltan Sanjaryň ägirt uly kümmeti taryh bilen baglanyşykly belent duýgulary döredýär. Olary synlanyňda, asyrlaryň jümmüşine aralaşan ýaly bolýarsyň diýip, syýahatçylar özlerinde galan täsirleri paýlaşdylar. 

Maryda myhmanlara şeýle hem türkmen milli aşhanasy, onuň bilen baglanyşykly halk däpleri we elbetde, halkymyzyň sahawatly we duz-çörekli myhmansöýerligi bilen tanyşlyk garaşýardy. Bularyň ählisi ýewropalylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar ajaýyp türkmen palawyndan, tagamly çorbadan we gadymy usullar boýunça taýýarlanan beýleki tagamlardan dadyp gördüler. 

Şondan soňra myhmanlar otluda ak mermerli Aşgabada tarap ugradylar. Paýtagtymyz olary şäheriň agşamky köp öwüşginli çyralary, binagärlik gözellikleri, kaşaň myhmanhanalary we raýatlarymyzyň myhmansöýerligi hem-de mähirliligi bilen garşylady. 

Şol günüň ertesi olar irden Türkmenistanyň Baş milli muzeýine gezelenç etdiler. Bu ýerde ýurdumyzyň gadymy taryhyna degişli bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar we beýleki täsin zatlar saklanýar. Türkmen we daşary ýurtly arheologlaryň meşhur Nusaýyň, Gadymy Merwiň çäklerinden we ýurdumyzyň beýleki taryhy – medeni ýadygärliklerinden tapan täsin we özboluşly tapyndylary muzeýiň aýratyn buýsanjy bolup durýar. Muzeýiň ajaýyp haly önümleri, zergärçilik sungatynyň eserleri we beýleki zatlar jemlenen etnografiýa bölümi syýahatçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. 

Soňra gezelenç türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenen ýene-de bir künjegine – Aşgabadyň etegindäki Köne Nusaýa sapar bilen dowam etdi. Dünýä taryhyna diňe bir ösen döwlet ulgamy bilen däl, eýsem, medeniýetiň ýokary derejesi bilen giren Gadymy Parfiýanyň beýikliginiň we kuwwatynyň subutnamalary bilen tanyşlyk ýewropaly syýahatçylarda uly täsir galdyrdy. 



Ýene-de gadymy taryha gezelenç Türkmenistanyň şu güni bilen tanyşlyga ornuny berdi. Myhmanlar paýtagtymyza gezelenjiň dowamynda döwrebap desgalar, ajaýyp ýerler, şol sanda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy” seýilgähi bilen tanyşdylar. Dünýäniň köp ýurtlarynda bolup gören we dünýäniň meşhur şäherleri bilen tanşan syýahatçylar paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine haýran galyp, Aşgabadyň söz bilen beýan edip bolmajak gözelliginiň ýatdan çakmajak täsir galdyrýandygyny, örän oňaýly şäherdigini we ýaşaýjylarynyň myhmansöýerdigini aýtdylar. 

Agşam bolsa myhmanlara täze täsirler garaşýardy – olar üçin aýdym-sazly, joşgunly tansly köp öwüşginli folklor çykyşy guraldy hem-de özboluşly halk däp-dessurlary görkezildi. 

Aşgabat bilen hoşlaşanlarynda, syýahatçylaryň ählisi türkmen topragynda bolnan günleriň örän çalt geçendigini aýtdylar. Şoňa görä-de, olar şu toprakdaky ajaýyp durmuşa has düýpli aralaşmak üçin bu ýere ýene-de gelip görmäge meýillidigini beýan etdiler. 

…Şu pursat biz ýewropaly syýahatçylaryň bir toparyny ugradyp, aprel aýynyň 15-inden 16-syna geçilýän gije Aşgabada gelýän, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahat edýän beýleki bir topary garşylaýarys. Ikinji topar hem şol ugur boýunça, ýöne bu gezek paýtagtymyzdan Mara tarap syýahat eder. Bu gezek ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň arasynda Angliýanyň ýaşaýjylary köpdür. Syýahatçylaryň arasynda şeýle hem Irlandiýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Norwegiýanyň, Şweýsariýanyň, Polşanyň ýaşaýjylary bar. Ýewropalylardan başga-da, bu toparda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Singapuryň raýatlarynyň bardygyny bellemelidiris. 



Ýeri gelende aýtsak, şu günlerde Türkmenistanda Gonkongdan gelen syýahatçylar hem boldular. Olar Köneürgenjiň ýadygärlikleri, Aşgabadyň ajaýyp ýerleri, Köne Nusaý we Gadymy Merw bilen tanyşdylar. Aprel aýynda Türkmenistana gelip gören daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda Ýaponiýadan gelen jahankeşdeler hem bar. Olar şu aýyň başynda we ortalarynda açyk asmanyň astyndaky muzeý bolan Köneürgenjiň ýadygärliklerine, olara Garagumuň merkezine—Derwezä, şeýle hem Mara we Gadymy Merwe gezelenç etdiler. 

Beýik Ýüpek ýolunyň ajaýyplyklarynyň syýahatçylyk taslamalarynda beýan edilişi baradaky gürrüňi dowam edip, aprel aýynyň ahyrynda Fransiýadan syýahatçylaryň uly toparynyň gelmegine garaşylýandygyny bellemelidiris. Olar Köneürgenjiň binagärlik täsinlikleri bilen tanyşmagy, Köne Nusaýda we meşhur Marguş topragynda bolup görmegi göz öňünde tutýarlar. Syýahatçylaryň ählisi Aşgabat bilen ýakyndan tanyşmaga höwes edýärler. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri, ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurduň ajaýyp paýtagty hökmünde myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekýär. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän bu giň möçberli özgertmeler ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykardy we ony syýahatçylyk nukdaýnazaryndan hem özüneçekiji ýurda öwürdi.

Degişli makalalar

ASTANABABA TÜRBESI.

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

syrach

Asma Ýolda Gyş Şalygyna Gezelenç