18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Halkara atçylyk sport toplumynyň açylyşy boldy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň mukadess garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar giňden giňden dowam etdi. Şu gün Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Halkara atçylyk sporty toplumy esasy baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Şu gün Ýurdumyz üçin möhüm ähmiýeti bolan Köpetdag şaýolunyň hem-de Halkara atçylyk sport toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu ýerde baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan mukaddes baýdaklarymyz al-asmanda pasyrdaýar.

Dabara gatnaşyjylar uly şatlyk hem-de ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanynyň gelmegine garaşýarlar. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, minitsrlikleriň we pudak edaralaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de paýtagtymyzyň ilaty we köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Milli Liderimiziň awtoulagy täze gurlan döwrebap Köpetdag şaýolunyň başlanýan ýerinde saklanýar. Bu günki dabara gatnaşyjylar täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar.

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimize duz-çörek hödür edilýär. Din wekilleri Garaşsyz Bitarap ýurdumyzyň hemişelik abadançylygyny, milli Liderimiziň jan saglygyny we Watanymyzyň hem-de halkymyzyň rowaçlygynyyň hatyrasynda alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, aýat-doga okadylar.

Ýurdymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşy baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, olary bu möhüm desganyň ulanmaga tabşyrylmagy bilen gutlady hem-de bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze ýoluň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde Köpetdag şaýoly açyldy.

Türkiýeli ýol gurluşykçylar gysga wagtyň içinde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ajaýyp şaýoluny gurdular. Ýeri gelende aýtsak, şunuň ýaly şaýollar, ýagny, Arçabil, Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary eýýäm gurlup ulanmaga berildi.

Özüniň tehniki derejesi boýunça ýol gurluşygynyň nusgasy hasaplanýan täze häzirki zaman ýokary tizlikli ulag ýoly garaşsyz Türkmenistanyň eşretli geljegine uzaýan möhüm ýol bolmak bilen, ol uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat eder. Birinji tehniki derejeli ýollara degişli bolan Köpetdag şaýolunyň umumy uzynlygynyň 40 kilometre barabardygyny nazarda tutsaň, onda bu ýerde örän uly hem-de çylşyrymly işleriň ýerine ýetirilendigine göz ýetirýärsiň. Bölüji zolakly hem-de goşmaça ýoly bolan täze şaýoluň ini 50 metre barabardyr. Köpetdag şaýoly ulag hereketini sazlamagyň iň häzirki zaman ulgamy we energiýa tygşytlaýjy tilsimatlary peýdalanmak arkaly yşyklandyryjylar, iň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän maglumat tablolary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Şaýoluň tutuş ugrunda ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki hzaman bezegdäki duralgalar gurlupdyr. Şeýle hem ýoluň ugrunda halkalaýyn bölüjiler bar.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga ägirt uly serişdeleriň goýberilmegi, bu ugur boýunça bar bolan taslamalara halkara maliýe institutlarynyň, şeýle hem daşary ýurt gurluşyk kompaniýalarynyň işjeň çekilmegi munuň aýdyň subutnamsydyr. Ýollar ähli döwürlerde durmuş-ykdysady şertleri, şäherleri we obalary ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretmäge, täze ýerleri özleşdirmäge, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga hyzmat edýär. Şeýlelikde, häzirki zaman ulag ýollarynyň döredilmegi Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz täze awtoulagda täze gurlan şaýol bilen Halkara atçylyk sporty toplumyna tarap ýola düşýär.

Awtoulagyň penjirelerinden abadanlaşdyrylan şaýolunyň ýanaşyk ýerlerindäki gözel künjekler görünýär. Ýoluň tutuş dowamynda Aşgabat şäheriniň hem-de Ruhabat etrabynyň köp sanly ýaşaýjylary hormatly Prezidentimizi gutlaýarlar.

Şeýle hem ýoluň ugrunda her ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylypdyr. Olar täze taryhy eýýamyň çeperçilik ruhuny we beýik döredijilik ýörelgelerini alamatlandyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewine mähhirli söýgüsi giňden bellidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen kitaby bedewleriň bu meşhur tohumyna bagyşlanandyr. Türkmenistanyň Prezidenti atçylygyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň täzeden dikeldilmegine we aýawly saklanylmagyna, halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna hem-de öz bedewlerine mähirli garaýşy bilen bagly ýörelgelerine uly üns berýär. Döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň atçylygynyň giňden belli bolan ýörelgelerini aýawly saklamak we ösdürmek, dünýäde bedewleriň täsin ahalteke tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek, atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşlerini ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi ugrundaky uly möçberli we döredijilikli işi şu ýylyň baharynda – Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda neşir edilen “Behişdi bedewler” atly täsirli kitabyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredlilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Dünýä siwizizasiýasynyň gymmatly baýlygy hasaplanýan meşhur ahalteke bedewleri täze taryhy eýýamy, onuň belent ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk galkynyş döwrüni başdan geçirýär, onuň maksada laýyk görnüşde ösdürilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän we has kämil tehnika bilen üpjün edilen atçylyk-sport toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2009-njyý ylyň baharynda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlarynyň düýbüni tutmak dabaralary şol bir wagtda geçirildi. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda uly atçylyk-sport toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şu ýylyň ýazynda, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilen mahalynda milletiň Lideriniň ak pata bermegi bilen, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze atçylyk-sport toplumlarynyň birbada dördüsi ulanmaga berildi, olar binagärlik keşbi boýunça biri-birinden tapawutlansa-da, olaryň infrastrukturasy birmeňzeşdir. Toplumlaryň her birindäki münberler 3 müň orunlyk bolup, bu ýerlerde VIP-zolak, şeýle hem dabaralary geçirmek üçin niýetlenen ýörite meýdançalar we pawilonlar bar.

Toplumlarda 200 bedew üçin niýetlenen athanalar bar, ahalteke bedewlerini saklamak we olara ideg etmek üçin ähli şertler döredildi, şol sanda duş we massaž, suwa düşünmek üçin suw howuzlary, doping barlag geçirildýän jaýlar, weterinariýa nokatlary we atlaryň syratyna baha bermek üçin ýörite çadyrlar, ýataklar bar. Toplumlaryň düzümine myhmanhanalar, amfiteatrlar, myhmanlar üçin ak öýler, dabara geçirilýän zallar, çagalar üçin şäherjikler, sport meýdançalary we beýlekiler girýär. Toplumlar gepleşikler göni aragatnaşyk arkaly görkezilmegini we Türkmenistanyň beýleki atçylar-sport toplumlary bilen teleköprileriň guralmangyny üpjün edýän döwrebap telekommuniýkasion tehnika we hemra arkaly aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün edildi.

At çapyşyklarynyň şu güýzki möwsüminde bu atçylyk-sport toplumlary diňe bir adaty at çapyşykldarynyň däl-de, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan köp sanly dabaralarynyň geçirilýän ýerlerine öwrüldi.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolsa 90 gektardan gowrak meýdançasy bolan uly atçylyk-sport toplumy guruldy. Umumy bahasy 80 million ýewro barabar bolan bu desganyň gurluşygyny alyp barmak Türkiýäniň “Etkin” firmasyna ynanyldy. Onuň esasy girelgesiniň boýy 21 metre ýetýär, merkezi arkada 5 sany bedewleriň heýkelleri goýuldy, iki gapdalyň hersinde çarpaýa galan “behişdi bedewleriň” biriniň heýkeli ýerleşdirilipdir. Toplumyň tomaşaçylar üçin niýetlenen 7 müň orunlyk münberleriniň ýanynda Oguzhanyň ýyldyzynyň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär, onuň ortasynda 6 sany bedewiň heýkelleri goýlupdyr. Suw çüwdüriminiň çep tarapynda 5 welaýat we Aşgabat şäheri üçin ak öýler görnüşindäki binalar gurlupdyr. Binanyň birinji gatynda dolandyryş, hojalyk we edara binalary ýerleşýär. Ikinji gatda kafe we ložalar, üçünji gatda 52 orunlyk myhmanhana we CIP münber, dördünji gatda Türkmenistanyň Prezidentiniň VIP münberi ýerleşýär.

Tomşaçylar üçin münberleriň çep tarapynda 500 orunlyk sirkiň jaýy, şeýle hem atçylyk-sport oýunlary geçirilýän we 800 orunlyk, ýaryş geçirilýän üsti açyk we ýapyk görnüşdäki meýdançaly bina bar.

Toplumyň seýilgäh zolagynyň sag tarapynda 500 orunlyk restoran, üsti açyk kafeterileriň ýedisi, amfiteatr, şeýle hem çagalar üçin akwapark ýerleşýär.

Toplumyň sport üçin niýetlenen esasy bölegi çapyşyk geçirilýän aýlawly ýodalardan ybaratdyr. Esasy çapyşyk ýodasy 2000 metre, kiçi ýoda 1800 metre, otluk ýoda 1900 metre we betonly ýoda 1800 metre barabardyr. Atçylyk-sport toplumynyň hojalyk bölümine athanalaryň onusy, çapyk suwarlar we seýisler üçin öýleriň bäşisi, 20 at üçin karantin bölümi, weterinar barlaghanasy, laboratorasy, atlar üçin türgenleşik basseýn, 80 sany aty çapyşyga taýarlamak üçin bölüm, tehnika üçin garaž, ussahana, demir ussahanasy, bedew goýmak üçin iki sany we konsentrirlenen iým goýmak üçin bir ammar goşulýar.

Atçylyk-sport toplumynyň taslamasy işlenip düzülen mahalynda onuň tehniki enjamlar bilen üpjün edilmegine uly üns berlipdir. Eminler, režissýorlar, synçylar üçin kabinalar, audio we wideostudiýalar halkara standartlaryna laýyk gelýän derejede enjamlar bilen üpjün edilipdir. Tomaşaçylar fotofinişi we totalizatordaky goýumlar boýunça maglumatlary toplumyň çäginde goýulan monitorlar arkaly görüp bilerler.

Ýeri gelende aýtsak bu desgalarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda atçylygyň we sportuň atçylyk görnüşleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berip ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmeginiň hilini täzelär. Döwrebap atçylykä-sport toplumlary milli we halkara derejesindäki uly ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerine öwrüler, munuň özi atçylyk sportunyň ösdürilmegine, halkara atçylyk-sport ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp derejede wekilçilik etmäge ukyply bolan ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanmagyna hem-de ýaş nesliň türkmen halkynyň gadymy we döredejilikli ýörelglerine görä terbiýelenmegine degerli ýardam berer.

Ine bu gün, ir bilen, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalaryny, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar, olaryň arasynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan arkadalaşlarymyzyň – Dünýä türkmenleriniň XIV maslahatyna gatnaşyjylar bar.

Dabaranyň başlanmagyna ähli zatlar taýýar edilipdir Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar. Toplumyň daş-töweregi dürli reňdäki howa şarlary, lentalar we güller bilen bezelipdir, bu toplum diňe bir at çapyşyklarynyň geçirilýän ýeri däl-de, eýsem sportuň bu şowhunly milli görnüşiniň wagyz edilýän we ösdürilýän merkezine öwrülmelidir. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhnuny has-da artdyrýarlar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli lybasly gyzlar ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edip, dabara gatnaşyjylaryň şowhuny astynda Halkara atçylyk-sport toplumynyň esasy girelgesine tarap barýar, milletiň Lideri türkmenistanlylar üçin möhüm ähmiýete eýe bolan desganyň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, ýygnananlaryň şowhunly el çarpamygnda toý bagyny kesýär, howa şarlary asmana uçurylýar –uly türkmen toýunyň ähli myhmanlary üçin Halkara atçylyk-sport toplumynyň gapylary giňden açylýar.

Sport mekdeplerinde tälim alýan ýaş sportçylar gündogaryň başa-baş göreşi we türkmen göreşi, sportuň milli we beýleki görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara atçylyk-sport toplumynyň sirkiniň binasyna barýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýörite taýýarlanan ýere geçip at üstündäki milli oýunlar boýunça “Galkynyş” toparynyň çykyşyna syn edýär.

Ezber jigitler at üstündäki milli oýunlara degişli çylşyrymly we täsin hereketleri ýerine ýetirmek arkaly täsirli çykyş etdiler. Ol hereketler diýseň taýýarlykly bolmagy, ata inçelik bilen düşünmegi we ony duýmagy talap edýär. At üstündäki oýunlar tans toparynyň çykyşlary bilen utgaşyp has-da ýakymly tomaşany emele getirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti sirkiň jaýyndan çykyp, atçylyk-sport oýunlarynyň geçirilýän binasyna tarap barýar. Girelýäniň ýanynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýörite taýýarlanan ýere geçip, at üstündäki oýunlar boýunça “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň Milli atçylyk-sport merkeziniň sportçylarynyň täsirli çykyşyny synlaýar.

Atlylar öz bedewlerini bellenilen beýiklikdäki böwetlerden bökdürip, bellenilen aralygy takyk geçdiler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň wagyz edilmegine içgin üns berilýär, munuň özi ýurdumyzda atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, meşhur ahal- teke bedewlerini köpeletmek boýunça tohumçylyk işini kämilleşdirmek çapylýan we sport ýaryşlaryna gatnaşýan bedewleri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, bedewleriň bu täsin galdyrýan tohumyna belet bolan we oňa uly sarpa goýýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen kitabynda Ahalteke bedwleriniň diňe bir adaty çapyşyklarda däl-de, atçylyk sportunyň beýleki grnüşlerinde-de ajaýyp netijeleri görkezendigini belleýär. Ahalteke bedewleri dünýäniň atçylyk sportunyň Olimpiýa hereketiniň taryhynda mynasyp oruny eýelediler. Olardan meşhur Absenti görkezmek bolar, ol 12 ýylyň dowamynda Olimpiýa ýaryşynda öňdeligi saklap 1960-njy ýylda Rimde, 1964-nji ýylda Tokioda we 1968-nji ýylda Mehikoda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde yzly-yzyna ýeňiji bolmagy başardy, şeýle hem ol “XX asyryň iň oňat sport bedewi” diýen ada mynasyp boldy. Onuň atasy Arap XX asyryň ortasynda boýy 2 metre 12 santimetre ýetýän böwetden böküp dünýä boýunça rekord goýdy.

Atlylaryň at üstündäki oýunlar boýunça çykyşlary tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti atçylyk-sport oýunlarynyň geçirilýän binasyndan çykýar.

Soňra milletiň Lideri toplumyň esasy münberlerine tarap barýar halkara atçylyk-sport toplumynyň esasy münberleriniň binasynyň ýanynda milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa owadan gül desellerini gowşurýarlar.

Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutany totalizatoryň işine degişli arýatynlyklar bilen tanyşýar.

Mälim bolşy ýaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda ilkinji gezek şu güýzki möwsümde Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda haýsy-da bolsa bir ata näçe möçberde goýum goýulandygyny, şeýle hem goýumlaryň umumy möçberini görkezýän totalizator guraldy. Tatolizator atçylyk sportuny wagyz etmek we çapylýan bedewleriň ýyndamlygyny höweslendirmek üçin dünýä tejribesinde giňden ulanylýar, Ahalteke bedewlerimiz bolsa elmydama ýyndamlygy bilen meşhur bolup gelýär. Garaşylyşy ýaly, bu täze başlangyç tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi, olar çapyşyklaryň her birinde diýen ýaly oýunlaryny goýup ugradylar. Häzirki wagtda türkmenistanyň atçylyk-sport toplumynyň ählisinde tatolizatorlar guralýar atçylyk sportunyň muşdaklary Balkan, Daşoguz, lebap we Mary welaýatlarynyň aýlawlarynda çapyşyk ýodalaryna çykýan bedewlerine bil baglap goýum goýmaga başladylar.

Goýumly oýnuň işi hem-de sergide görkezilenler bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz toplumyň 200 orunlyk maslahatlar zalyna barýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhmanlaryň Kitabyna ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar.

Soňra milli Liderimiz dördünji gata çykýar hem-de ýörite taýýarlanan ýere barýar.

Türkmenistanyň Prezidentine milli tohum atlarymyzy ösdürmek hakyndaky atalyk aladasyna hoşallygyň nyşany hökmünde welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň zähmetkeşleriniň, ýurdumyzyň atşynaslarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan saýlama ahalteke bedewleri sowgat berildi.

Soňra güýzki möwsümiň dokuzynjy at çapyşyk gününiň çapyşyklaryna badalga berildi. Geçirilen dokuz çapyşyga ussat çapyksuwarlar ýyndam ahalteke bedewlerinde gatnaşdylar. Olarda möwsümiň esasy sport baýraklary–Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen baýraklar ugrunda ýaryşlar boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrunda däp bolup gelýän birinji çapyşyk 2800 metr aralyga geçirilip, oňa üçýaşar bedewleriň 12-si gatnaşdy. Dartgynly ýaryşda aralygy 3 minut 25,5 sekuntda geçmegi başaran Garazat ýeňiji boldy. Ikinji orny Bereket (3 minut 28,6 sekunt), üçünji orny bolsa Karar (3 minut 37,1 sekunt) eýelediler.

Soňra geçirilen çapyşyklaryň sekizisinde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda çekeleşikli ýaryş boldy.

Şeýlelikde, 4000 metr aralygy geçirilen ikinji çapyşyga dört we uly ýaşar bedewleriň onusy gatnaşdy. Pellehana birinji bolup Gyzyldon (4 minut 57,2 sekunt) gelmegi başardy.

2800 metrlik aralyga geçirilen üçünji çapyşygy hem şowhunly boldy. Oňa dört we uly ýaşar bedewleriň 14-si gatnaşdy. Şunda bu aralygy 3 minut 43,5 sekuntda geçirmegi başaran Asudalyk ýeňiji boldy.

2400 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewleriň 12-si ýaryşdylar. Şunda Söhbet ýeňiş gazandy.

Dört we uly ýaşar bedewler öz ýyndamlyklaryny 2200 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda hem görkezdiler. Bu aralyga geçrilen ýaryşda Ýeňiş ýeňiji boldy.

Altynjy çapyşykda ikinji topardaky üçýaşar bedewleriň 15-siniň arasynda 1800 metr aralyga ýiti çekeleşik boldy. Şonda Ahally ýeňiş gazandy.

Iki ýaşar ahalteke bedewleri özleriniň çapyşyk mümkinçiliklerini 1600 metr aralyga geçirilen ýedinji çapyşykda görkezdiler. Şonda Dalbedew pellehana ilkinji bolup geldi.

Üç ýaşar, dört we uly ýaşar bedewleriň arasynda 3200 metr aralygynda geçirilen sekizinji çapyşyk diýseň gyzykly boldy. Şunda Hangyzy ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk at çapyşyklaryny 1600 metr aralyga bäsleşen iki ýaşar ahalteke bedewleri tamamladylar. Şonda oňa gatnaşyjylaryň altysynyň arasynda Ýylan-2 öňe saýlandy.

Ahalteke bedewleriniň täsirli bäsleşikleri türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň gözelliginiň, “behişdi bedewlerimiziň” ýyndamlygynyň hem-de beden gurluşyň senasyna öwrüldi. Çapyşyklardaky arakesmede Türkmenistanyň Prezidpentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň milli atçylyk-sport merkeziniň ýigitleri görkezme çykyşlary bilen çykyş etdiler.

Bir söz bilen aýdylanda, umumymilli baýramçylyk ýagdaýy ýurdumyzyň ähli atçylyk-sport toplumlarynda höküm sürdi. Olardan dürli görnüşli medeni-sport çäreleri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň hormatyna goýan baýraklary ugrunda däbe öwrülen at çapyşyklary geçirildi. Ähli atçylyk sport toplumlarynda ilkinji çapyşykda birinji we ikinji orunlary eýelänlere degişlilikde awtomobilleriň we motosikleriň açarlary gowşuryldy. Baýrakly orunlara eýe bolanlaryň ählisine döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Balkan welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda alty çapyşyk boldy. Uly ýaşar bedewleriň arasynda 6200 metr aralygy geçirilen birinji çapyşykda Dagly, 1400 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda Peleň, 4600 metr aralykda geçirilen üçünji çapyşykda Garagözli, 3000 metr aralykda geçirilen bäşinji çapyşykda Halwaly hem-de 1400 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Garadäli ýeňiji boldular. 300 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda iki ýaşar öz ýyndamlyklaryny görkezdiler. Şonda Gudratly atly bedew pellehana hemmelerden öň geldi.

Daşogzuň atçylyk-sport toplumynda bäş çapyşyk boldy. 2000 metr aralyga dört we uly ýaşar bedewleriň arasynda geçirilen birinji çapyşykda Ýeldes, 1800 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda Günhan hem-de dördünji çapyşykda Aýbakan ýeňiji boldy. Şu gün 1400 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda Aýhan we bäşinji çapyşykda Geleäek iň oňat üç ýaşarlar hökmünde ykrar edildiler.

Lebabyň atçylyk-sport toplumynda bäş çapyşyk boldy. Dört we uly ýaşar bedewleriň arasyndan 3200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Gadagan, 2500 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda Babarap, 2200 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Garlawaç hem-de 3000 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Gujurly pellehana ilkinji bolup geldiler. 2800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda üç ýaşarbedewler öz aralarynda bäsleşdiler. Şonda Edermen atly bedew ýeňiji boldy.

Marynyň atçylyk-sport toplumynda bäş çapyşyk boldy. Üçýaşar bedewler birinji we üçünji çapyşyklarda ýaryşa goýberildi. Şonda 2000 metr aralyga Perwaz hem-de 1600 metr aralyga Çynar atly bedewler ýeňiş gazandylar. 1200 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda ikiýaşar bedewler öz ýyndamlyklaryny görkezdiler. Şonda Sandykly ýeňiş gazandy. Dört we uly ýaşar bedewleriň arasynda 2200 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Gaýratly we 2400 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Galmaz pellehana ilkinji geldiler.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk-sport toplumlarynyň münberlerini dolduran adamlar iki sagatdan gowrak dowam eden çekeleşikli ýaryşlara şowhun bilen tomaşa etdiler. Saýlama bedewleriň ýaryşy türkmen halkynyň egsilmejek şöhratyna we buýsanjyna eýe bolan “behişdi bedewleriň” gözelliginiň, ýyndamlygynyň we çeýeliginiň senasyna öwrüldi.

Dabaralar tamamlandan soňra, şanly waka mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna Halkara atçylyk-sport toplumynda ýerleşýän toý-dabaralary üçin niýetlenen toý mekanynda dabara gatnaşyjylara baýramçylyk nahary berildi. Onda hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şatlyk-şowhuna beslenen 20 ýyllyk baýramçylygy bilen ýene bir ýola gutlady hem-de olara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edip, şu gün dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, söz sözledi. Biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny uly toý-dabaralara besläp, giňden belläp geçdik diýip, döwlet Baştutanymyz söze başlady.

Türkmen toýuny 40 günläp tutýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz biz ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda baş baýramymyza bagyşlanan toý dabaralarymyzy uludan tutduk diýdi. Biziň halkymyz, türkmen döwleti 20 ýylda uly üstünlkiler gazandy, ýurdumyz tanalmaz ýaly özgerdi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramymyz bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, märiban halkymyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň dabaralanmasyna öwrüldi, bu gün ýaş, berkar türkmen döwleti bütin dünýäde tanalýar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýram mynasybetli ýurdumyzda geçirilen toý-dabaralaryna ýer ýüzüniň dürli ýurtlaryndan köp sanly myhmanlar gatnaşdy, olar halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen ýeten belent sepgitlerini, eziz Diýarymyzyň düýpgöter özgerýändigini gözleri bilen gördüler.

Bu beýik baýram mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda möhüm ähmiýetli desgalaryň onlarçasy açylyp, ulanmaga berildi, ýatdan çykmajak dabaraly çäreler geçirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ine, şu günki açyp, ulanmaga beren Halkara atçylyk-sport toplumy hem möhüm ähmiýetli desgalaryň biridir, nesip bolsa, geljekde biz bu toplumda “behişdi bedewleriň” uly ýaryşlaryna tomaşa ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň barşynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçrilen baýramçylyk çärelerini taýýarlamaga hem-de ýokary derejede, guramaçylykly geçirmäge gatnaşan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýändigini belledi.

Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda dabara gatnaşyjylaryň ählisine we tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, bagt, rowaçlyk, mähriban ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işde uly üstünlikler arzuw etdi.

Baýramçylyk mynasybetli giňden ýazylan toý saçagynyň başynda aýdym-sazlaryň ýakymly owazy diňlenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Bakla Özüniň Medal Ugrunda Ýaryşyny Aşgabatda Dowam Edermi?

Türkmen boksçysy – çärýek finalda

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugunyň Türgenleri Futzal Boýunça Ýeňiş Gazandylar