27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistan-Ýewropa: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamynda Hyzmatdaşlygy Ösdürmek

«Euronews» habarlar telewideniýesiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou Türkmenistanda iş saparynda bolýar.

Telewideniýe ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäniň iri teleýaýlymlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. «Euronews» şeýle iri teleýaýlymlaryň biri bolup, 160 ýurtda dilleriň 13-sinde gepleşikleriň berilmegini amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iň täze tehnologiýalaryň ösüşini hem-de häzirki zaman dünýäsinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän ornuny göz öňünde tutanyňda, telewideniýe ulgamynda ählumumy wezipeleriň çözülmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bu ugurda ýurdumyzda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň öwrenilmegine hem-de ornaşdyrylmagyna, hünär ugurly işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň teleradiogepleşikler ulgamynyň öňünde täze gözýetimler açyldy. «TürkmenÄlem 52oE» milli hemrasynyň uçurylmagy bilen baglylykda gepleşikleri görkezmäge giň mümkinçilikler döredi. Häzir türkmen teleýaýlymlary dolulygyna HD ölçeglerinde görkezilýär, 4K ölçegindäki häzirki zaman tehnikasy olaryň hyzmatynda. Türkmenistan ikinji hemrany uçurmagy hem maksat edinýär. Onuň işläp başlamagy döwletimizi senagat we ylmy-tehnologik taýdan ösdürmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine, onuň ählumumy maglumat giňişligine goşulyşmagyna uly üns berýär.

Bu ugurda görülýän çäreler maglumatlary ibermek, aragatnaşygyň we multimedia ulgamynyň giň gerimli hyzmatlary üçin iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň üstaşyr telekommunikasiýa kuwwatyny ýokarlandyrmaga, demirgazyk-günorta, gündogar-günbatar ugurlarynda uly maglumat akymlaryny üpjün etmek boýunça döwletimiziň halkara halkasy hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.

Esasy halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlyk telewideniýe ulgamynda üstünlikli özara hereketleriň mysaly bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň geçirilendigini, onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň uly üstünlige beslenendigini bellemek gerek.

2012-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu iri halkara guramanyň doly hukukly agzasydyr. «Sport» teleýaýlymy halkara ýaryşlary alyp görkezmek babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň tejribesine eýedir.

«Euronewsiň» wekiliniň Türkmenistana saparyna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, habarlar syýasaty ulgamynda amala aşyrylýan anyk işler babatda garalýar.

Roland Nikolaounyň DIM-de, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde bolan duşuşyklarynyň dowamynda teleradioýaýlymlar ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, habarlar gepleşiklerini taýýarlamak, tejribe alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň gerimli meselelere garaldy.

Myhman ýurdumyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegini beýan etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere uly gyzyklanma bildirdi.

Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty, teleýaýlymlarda hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şanly senä bagyşlanan ýörite gepleşikleri taýýarlamak barada gürrüň edildi.

Ýurdumyzda geçiriljek iri sport çärelerini beýan etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem taryh we medeniýet bilen baglanyşykly makalalardyr gepleşikleri taýýarlamak babatda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

«Euronewsiň» wekili ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary, ak mermerli Aşgabadyň gözellikleri, şol sanda gurluşy hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça özboluşly, şäheriň ýatda galyjy nyşanlarynyň biri bolan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi bilen tanyşdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Hem-de 2020-nji “TÜRKMENISTAN-BITARAPLYGYŇ MEKANY” Ýyly Mynasybetli Ylmy Tegelek Stol Geçirildi

Türkmen-Ýapon Syýasy Geňeşmeler

syrach

Türkmen Futbolçylarynyň Çykyş Eden Dünýä Belli 5 Stadiony