19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistan – ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan - ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ony ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde gurady.

Maslahatda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasyna” laýyklykda žurnalistler üçin ýörite okuwlary taýýarlamak we olary geçirmek meseleleriniň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Okuw maslahatyny geçirmek üçin halkara bilermenler Branka Sesto (Horwatiýa) we Sergeý Çižkow (Russiýa Federasiýasy) çagyryldylar.

Ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, metbugat we elektron neşirleriň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli institutyň, şeýle hem kazyýet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Söz azatlygynyň halkara ülňüleri, gözleglere bolan hukuk, maglumat almak we olary ýaýratmak, pikiriňi erkin beýan etmek, resmi çeşmelerden maglumatlary peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrmak meseleleri göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, daşary ýurtly bilermenler žurnalistika tejribesinde kazyýet maglumatlaryny ulanmak babatda tejribe alyşdylar.

Pikir alyşmalaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň döwrüň talabyna we jemgyýetçilik-syýasy hem-de demokratik ösüşiň wezipelerine laýyk gelmelidigi bellenildi. Şeýle hem häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orun eýeleýändigini hasaba almak bilen, milli habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy.

Maglumat giňişligini we häzirki zaman multimediýa tehnologiýasynyň ulanylyşyny giňeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýan Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribeleriniň ähmiýeti barada bellenildi.

Degişli makalalar

Brent Nebitiniň Bahalary 2015-nji Ýyldan Bäri Ilkinji Gezek Barrel Üçin 57 Dollardan Geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmen-Owgan Hyzmatdaşlygyny Ösdürmegiň Ugurlary Kesgitlenildi

turkmenhabargullugy