04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistana 1 million 780 müň agaç nahallary oturdylar

Şolaryň bir million iki ýüz müňüsi Änewden Gökdepä çenli aralykda paýtagtymyzyň Köpetdagyň eteklerindäki töweregini bezär, bir ýarym milliondan gowrak ýaş agaç nahallary bolsa ýurdumyzyň welaýatlarynda oturdylar.

Hoşniýetli däbe görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» syýahatçylyk zolagynda agaç nahalyny oturdyp, bagy-bossanlyga öwürmek möwsümine badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň agzalary, daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzyň köp sanly raýatlary hem agaç nahallaryny oturtdylar. Şeýlelikde, agaç oturtmagyň täze tapgyryna badalga berildi. Agaç nahallaryny oturtmak «Awaza» syýahatçylyk zolagynyň infrastrukturasynyň täze ähmiýetli desgalaryny açmak boýunça dabaralaryň maksatnamasynyň aýdyň mysaly boldy. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, syýahatçylyk zolagynyň töwereginde eýýäm müňlerçe agaç nahallary oturdyldy. Bu ýerde ýakyn geljekde öz gerimi boýunça Köpetdagyň eteklerinde döredilen tokaýlara meňzeş bolan ajaýyp tokaý emele geler.

Türkmenistanda tokaýçylyk sektory döwletimiziň aýratyn üns berýän we goldaýan sektorydyr. Munuň özi adamynyň tokaý hojalygyndan alýan peýdasynyň diňe bir ykdysady ölçegler bilen beýan edilmeýändigine oňat düşünýän jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň ýokary derejesini görkezýär.

Eýýäm ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki giňişleýin çäklerde el bilen döredilen tokaýlar peýda boldy. Mysal üçin, türkmen paýtagtynyň töweregindäki ajaýyp dag eteklerinde öňki ösümliksiz baýyrlarda we eňňitlerde uç-gyraksyz sosna tokaýlary şol ýerlere gözellik berýär, olaryň sany eýýäm onlarça milliona barabardyr. Bu babatda Türkmenistanda ýetilen sepgitler bilen çäklenilmeýär. Her ýyl bag ekmegiň täze tapgyrlary badalga alýar. Şunda bu köpçülikleýin çärä taýýarlyk görmek oýlanyşykly geçirilýär—bölünip berlen uçastoklarda jogapkär guramalar suwaryş ulgamlaryny gurnamak boýunça wagtynda alada edýärler. Bagy-bossanlyga öwürmek çäresiniň barşyna hem döwlet Baştutany birsyhly hem-de ýadawsyz üns berýär, bu mesele ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Hiç kim bu çäreden çetde durmaýar, sebäbi Türkmenistanda agaç nahalyny oturdan adam asyrlaryň dowamynda aýratyn hormata mynasyp bolupdyr. Ösüp oturan agaçlara sarpaly çemeleşilýär, olar aýawly saklanylýar. Mysal üçin, aýratyn ösüp oturan, ýolagçylara kölege we salkynlyk berýän agajy çapmaklyk hemişe günä hasaplanyp gelindi. Şonuň üçin hem el bilen ekilen tokaýlary döretmek pikiri hemişe uly goldawa mynasyp bolýar.

Türkmen halkynyň töweregi gülläp oturan bagy-bossanlyga öwürmek baradaky öňden gelýän we mukaddes arzuwy amala aşyrylýar. Bu arzuwyň anyk ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigini wagt görkezdi, munuň üçin diňe isleg, zähmet çekmek we suwaryşyň täze tehnologiýalary gerekdir, şol tehnologiýa bolsa häzirki wagtda adaty ýagdaýa öwrüldi. Häzirki wagtda adamlara progresi eçilýän täze mümkinçilikler bilen bu iş hil taýdan täze derejede amala aşyrylýar, onuň döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolmagy möhümdir.

Oturdylan agaç nahallaryna gözegçilik etmegiň, olary agaç nahallary bilen üpjün etmegiň möhüm wezipesi Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň tokaý hojalygy müdirliginiň üstüne ýüklenildi.

El bilen döredilen tokaýlar aýratyn oňat howa şertlerini döredýär, howany has jana şypaly edýär. Olaryň bioköpdürlülige amatly täsir etmegi netijesinde tokaýlar haýwanlaryň köp görnüşleriniň mesgen tutýan ýerlerine öwrülýär. Türkmen kölüniň döredilmeginiň ägirt uly taslamasynyň ägirt uly möçberi we ekologiýa oňyn täsiri bilen deňeşdirip boljak tokaý giňişliklerini döretmegi maksat edinýär. Sebäbi tokaýlar şäherleriň ilatly nokatlarynyň her biriniň töwereginde peýda bolar, akabalaryň we derýalaryň kenarlary, «Awaza» syýahatçylyk zolagynyň eteklerindäki deňiz ýakalary bagy-bossanlyga öwrüler. Dag eteklerinde bolsa eýýäm hakyky tokaýlar peýda boldy, olar ýerli tebigata gözellik goşýar, biziň ýurdumyzyň myhmanlaryny öz gerimi bilen haýran galdyrýar.

Türkmenistany gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek baradaky iş dowam etdirilýär. Çölleriň we gyzgyn güneşiň mekany bolan ýurdumyzda bu köp ýyllyk iş öz miwelerini berýär, tokaýlary emele getirmegiň iň häzirki zaman tehnologiýalary bu ýerde özüniň netijeliligini subut etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi