21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de netijeli durmuş maksatly bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin giň şertleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwlet bilen hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 3-nji iýunynda çykaran 14813-nji Kararyna laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan 4 sany döwrebap maldarçylyk toplumy şolaryň potratçylary bolup çykyş edýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususy emläk hökmünde berildi hem-de şol maldarçylyk toplumlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak bellenildi.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, önüm öndürýän telekeçileri döwlet tarapyndan goldamagy dowam etmek maksady bilen, şeýle hem «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 12672-nji Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan we Mary welaýatlarynda gurlan guşçulyk toplumlaryny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.


Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2019-njy ýylda:

ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň;

welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, deňiz söwda flotunyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek hem-de milli deňiz söwda flotuny ösdürmek maksady bilen we Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) diýlip kesgitlenildi.

Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depginini has-da ýokarlandyrmak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Gurluşykda milli çykdajy ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 715-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda waksinalar arkaly keselleriň öňüni almak we bu işde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnama» Türkmenistanda waksina garaşsyzlygy hakyndaky başlangyç boýunça Goşmaça Ylalaşyga Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ekologiki Žurnala Üç Ýyl Boldy

syrach

Balkanabadyň Alpinistleri Belentligine Çalt Çykmakda Türkmenistanyň Kubogynyň Ikinji Tapgyrynda Öňdeligi Eýeledi

Tähranda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Dabaraly Çäreler

turkmenhabargullugy