20.9 C
Aşkabat
08.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Belgiýanyň ilçisi işe başlady.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Karin Petiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň adyndan myhmany Türkmenistandaky diplomatik wekilhananyň baştutanlygyna bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Belgiýanyň doly ygtyýarly wekili pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň baştutanynyň adyndan täze ýyl mynasybetli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol ösüşiň, ykdysady we medeni rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen köpugurly döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge ägirt uly gyzyklanma bildirdi.

Duşuşygyň barşynda belgiýaly ilçi türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan we esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolmagynda galýar.

Gyzyklanma bildirilen söhbetdeşligiň çäklerinde Belgiýa Patyşalygynyň ilçisi türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda parlamentara gatnaşyklarynyň, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän gatnaşyklaryň çäklerinde ösdürmegiň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hanym Karin Peti ýola goýlan netijeli gepleşikleri we däbe öwrulen oňyn gatnaşyklary has-da berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Şol gatnaşyklar iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine hemmetaraplaýyn gabat gelýär.

Degişli makalalar

“EKSPO-2012”-de Türkmenistanyň milli sergisi açyldy.

syrach

Türkmen-Rus Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Prezidentimiz Ýadygärlikler Toplumyna Gül Goýdy we Haj Zyýaratynyň Sadakasyny Berdi

syrach