26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Bolgariýanyň Ilçisi Bilen Geçirilen Gepleşikler

2015-nji ýylyň 19-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň paýtagtyna ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen, Bolgariýa  Respublikasynyň Türkmenistandaky (rezidensiýasy Bakuda ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Maýa Hristowa bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda, Ilçi tarapyndan ynanç hatlarynyň nusgalary gowşurylandan soňra, taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýeterlik ýagdaýda ýokary derejede durýandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň we Bolgariýa  Respublikasynyň  syýasy, energetika, söwda-ykdysady, ulag ulgamlarynda, şonuň ýaly-da saglyk, sport, bilim we syýahatçylyk ugurlarynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaklyk üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygy bellenilip geçildi.

Taraplar  hökümet wekilýetleriniň saparlaryny, şeýle hem daşary syýasat edaralarynda geňeşmeleriň  wagtly-wagtynda geçirilmelidigini belläp geçdiler.

 

Şeýle hem taraplar şu ýyl Sofiýada geçirilmeli  ykdysady hyzmatdaşlyk  boýunça  Hökümetara türkmen-bolgar iş toparynyň üçünji mejlisi boýunça pikir alyşdylar.

Degişli makalalar

BİLDİRİŞ

syrach

Gadymy Merwde türkmen arheologlarynyň täze

syrach

Aşgabat-Ankara-Aşgabat täze gatnaw.

syrach