04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Braziliýanyň ilçisi işläp başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adadatdan daşary we Doly ygty ýarly ilçisi jenap Demetrio Bueno Karwalodan ynanç hatyny kabul etdi.

Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany Türkmenistanda diplomatik işe başlamagy bilen gutlap, deňhukuklylyk, ynanyşmak we birek – birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň bähbidine alyp barjak asylly işlerinde uly üstünilkleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Demetrio Bueno Karwalonyň belleýşi ýaly, Braziliýada türkmen Lideriniň ýöredýän netijeli syýasatyna hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we hemmetaraplaýyn goldaýarlar. Şol başlangyçlar parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň çäklerinde Braziliýanyň doly ygtyýarly wekili türkmen döwletiniň Baştutanynyň ählumumy bähbitleriň bähbidine üstünlikli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürilýän türkmen-brazil hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri babatda parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek we toplanan kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmak meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika we gumanitar ulgamlary, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda, şeýle hem beýleki möhüm ugurlarda işewür hyzmatdaşlygyň geljegi barada özara pikirler beýan edildi. Türkmenistan we Braziliýa şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärler.

Degişli makalalar

Janly Tebigaty Goramak Maslahat Geçirilýär

syrach

Etrek derýasy.

syrach

Prezidentimiziň we Prezident Giorgiý Margwelaşwiliniň Gepleşikleri

syrach