26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Bütindünýä Welosiped Güni Bellenildi

Ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy.

Munuň özi milli Liderimiziň teklipleriniň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň we ýurdumyzyň sporty ösdürmek, olimpiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, jemgyýetiň möhüm ugry hasaplanylýan ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň we onuň ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda müňlerçe türkmenistanlylary we beýlekileri özünde jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramagy asylly we halk ähmiýetli däbe öwrüldi. Mundan başga-da, Aşgabatda geçirilýän giň möçberli çärelere daşary ýurtly diplomatlar, işewürler gatnaşýarlar.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçihanalary tarapyndan welosipedli ýörişler guralýar we oňa dünýäniň köpsanly şäherleriniň ilaty işjeň çekilýär. Çünki, Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr.

Halkyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamlaryň saglygy durýar.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra ruhlandyrýandygyny bellemeli.

Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.

…Ir säher bilen paýtagtymyzyň müňlerçe ilaty welosipedde Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan «Welosiped» binasynyň ýanyna ýygnandy.

Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriň rektorlary we talyp ýaşlar hatarlara düzüldiler.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başlanýan ýerine hormatly Prezidentimiz geldi. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda «Welosiped» binasyny açdy. Al-ýaşyl öwüşginli howa şarlary asmana göterildi. Aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Bütindünýä welosiped güni hem-de paýtagtymyzda «Welosiped» binasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär.

Şoňa görä-de, ýokary derejeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi diýip hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Bitarap Türkmenistan abraýly halkara guramalarynda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär. Sport baradaky garaýyşlar hem Bitarap döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýörite Rezolýusiýa kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edilendigini ýatlatdy.

Birleşen Milletler Guramasy bu Rezolýusiýany kabul etmek bilen, jemgyýetde welosipediň ähmiýetini wagyz etmek, beden hem-de ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramak ýaly, halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini we doly goldanýandygyny tassyklady. Bu bolsa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Sport we bedenterbiýe döredijilik hereketleri, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Welosiped sporty bolsa, sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär.
Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar diýip milli Liderimiz belledi.

Häzirki wagtda biz ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosiped boýunça ýörişleri geçirmäge we welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan, Welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw saglyk sapagynyň geçirilendigini we bu ugurda dünýä rekordynyň gazanylandygyny ýatlatdy.

Geçen ýyl bolsa, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirilip, onuň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilen ýylyň şu güni hem, biz ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berjek «Welosiped» binasynyň dabaraly açylyşyna ýygnandyk.

Milli Liderimiz bu taryhy wakanyň häzirki we geljekki nesillerimizde şatlykly duýgulary hem-de unudylmajak täsirleri galdyryp, ilatymyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak endiklerini ösdürmek, saglygy we ruhubelentligi berkitmek ugrunda Garaşsyz Watanymyzyň geljegine gönükdirilen işlerimiziň ýene-de bir mysaly boljakdygyna berk ynanýaryn diýip belledi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Nesip bolsa, 2021-nji ýylda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki Welotrek sport toplumynda Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty hem geçiriler.

Bu bolsa, sport boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin ýurdumyzda halkara sport guramalary we Halkara welosipedçileriň birleşigi bilen netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň ekologiýa babatdaky halkara resminamalaryna işjeň goşulyp, daşky gurşawy gorap saklamak we sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça hem netijeli işleri durmuşa geçirýändigini aýtdy.

Alnyp barylýan bu işler sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Garaşsyz Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Biz ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp, ulalmagy üçin arassa daşky gurşawy döretmekden, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen giňden meşgullanmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly wezipelere aýratyn üns berýäris.

Beden we ruhy taýdan sagdynlyk bolsa, adamyň özüne ynamyny berkidýär hem-de ony döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek üçin bedenterbiýe we sport örän möhümdir, güýç-kuwwatyň we gözelligiň çeşmesidir diýip milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizi beýik maksatlara öňküden-de mäkäm jebisleşdirýän şu günki ajaýyp waka we Bütindünýä welosiped güni bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlap:

«Goý, bu dabaraly we şatlykly gün biziň hakydamyzda hemişelik galsyn!» diýip ýüzlendi. Milli Liderimiz hemmelere sagdyn we berk bedenli bolmagy, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmekde «Diňe öňe, öňe, öňe!» diýen şygara eýerip, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täzeden dikeldilýän şöhratly gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň baý taryhyny we häzirki döwürde ýeten derejesini özünde jemleýän bu bina paýtagtymyzyň binagärlik gözelligini artdyrdy. «Welosiped» binasy Ýer togalagynyň şekilinde bolup, ol türkmen halkynyň tutuş adamzadyň taryhynda öçmejek yz goýandygyny alamatlandyrdy.

Bu binada döwletimiziň bitaraplyk derejesiniň nyşany bolan zeýtun şahajygy, ýüwrük ahalteke bedewleri we welosipedçileriň şekilleri öz beýanyny tapdy. Ol özüniň kaşaňlygy bilen sagdynlygyň hem-de ägirt uly üstünligiň ýurduna öwrülen Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň ruhuny özünde jemleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu binada türkmen halkynyň ýokary ruhy göterilişi, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna we halkara sport hereketine bolan ygrarlylygy, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadamy çeper serişdeler arkaly beýan edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamasynda ähli ýurtlara ösüş strategiýasynda welosiped meselelerine möhüm üns bermäge we ony halkara, sebitleýin we milli maksatnamalara goşmaga bolan çagyryş möhüm orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz hut şunuň ýaly çemeleşmelere möhüm ähmiýet berýär. Bu günki guralýan dabaralaryň gerimi halkymyzyň sport ýurdy hökmündäki derejesini pugtalandyrýan mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.

Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn-duşuşygy boldy.

Wideoduşuşygyň dowamynda Dawid Lappartýen milli Liderimiziň ýurtda welosiped sportuny wagyz etmek we ony halkara derejesine çykarmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň geçiren mejlisiniň jemleri boýunça hormatly Prezidentimize bu guramanyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanýandygy hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul edendigini habar berdi. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere berilýär.

Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, munuň özi 2007-nji ýyldan bäri bu sylagyň ilkinji gowşurylyşydyr. Bu bolsa Türkmenistanyň, aýratyn-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde welosiped sportuny ösdürmäge goşandyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hut şonuň üçin hem, Halkara welosipedçiler birleşigi tarapyndan 2021-nji ýylda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherine trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugy berildi.

Artistler aýdym-saz, tans çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary we tanslary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Milli Liderimiz bu ýerde Welosiped binasynyň degişli derejede
saklanmagy we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen
baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli
ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi we hataryň öňüni başlady.

Ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümleriniň agzalary we ähli baýramçylyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýola düşdüler. Welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş edip, bu çäräniň joşgunyny has-da belende göterdiler.

Hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmen türgenleriniň bütindünýä sport hereketine işjeň gatnaşmagyny şertlendirdi. Şeýle hem ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlary yzygiderli geçirilýär.

Her ýylda mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, pudaklaýyn we sebitleýin toparlarynyň arasynda Umumymilli spartakiadalaryň geçirilmegi ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine çekilmegini, olaryň beden we ruhy taýdan kämilligini höweslendirýän ähmiýetli çärä öwrüldi. Müňlerçe türkmenistanlylary özünde jemleýän bu ýaryşlar «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda geçýär we umumymilli häsiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletimiziň we jemgyýetimiziň tagallalarynyň sazlaşygyny, milli Liderimiziň we türkmen halkynyň bitewüligini özünde jemläp, sportuň sagdynlygyň we ony berkitmegiň hem-de öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmegiň baş şertidigine has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýip yglan etmek üçin doly esas bar. Biziň ýurdumyz oňyn ýörelgeleri, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk işleri bilen beýleki döwletlere nusgalyk görelde bolýar. Bu işleriň uzakmöhlete eýedigini aýratyn bellemeli.

Paýtagtymyzyň gözel köçeleri bilen geçip barýan welosiped hatarlary belent ruhy bilen ynsan kalbynda ýakymly täsirler galdyrýar. Welosipedli hatarlaryň geçýän ýolunyň ugrunda ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbine ajaýyp gözellik çaýýan ak mermerli kaşaň binalaryň hatary ruhuňy göterýär.

Özboluşly yşyklandyryş ulgamy, gök zolaklary, suw çüwdürimleri we dürli güller ekilen künjekler arassalygy, abadançylygy bilen şäheriň sazlaşykly ösüşini we aşgabatlylaryň paýtagtymyza bolan mizemez söýgüsini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Bu görnüşler welosipede gatnaşyjylaryň watansöýüjilik duýgularyny has-da artdyrýar.

Ak mermerli Aşgabat Türkmenistanyň täze taryhynyň milli binagärlik keşbi bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde paýtagtymyz soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi we ol Aziýanyň merjeni diýen derejä mynasyp boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şu günki dabaranyň ähmiýetini artdyran 12 kilometrlik menzil ýurdumyzyň nurana geljeginiň keşbini özünde jemleýän we halkymyzyň beýik işleriniň, ösüşe bolan gyzyklanmalarynyň beýany bolan Döwlet münberiniň ýanyndaky meýdançada tamamlandy.

Welosipedçilerden başga-da ýörişe welorikşalar gatnaşdy, olarda belli medeniýet işgärleri, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň belli wekilleri bu ýere geldiler. Umuman, paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe 7 müň 400 adam gatnaşdy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem ýaýbaňlandyryldy. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem goşuldylar. Olar tutuş dünýäde welosipedli ýörişleriň geçirilmegini guradylar. Bu çärä welosport boýunça milli federasiýalar, dürli ýurtlaryň sportuň bu görnüşini höwesekler işjeň gatnaşdylar.

Aşgabatda guralan sport çäreleri Olimpiýa şäherjiginde dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň esasy tapgyryna gatnaşan agtygy Kerim bilen we baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi bu ýere geldiler. Sport toplumlarynda köpçülikleýin bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirildi we sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy.

Toplumyň ähli desgalarynda futbol, woleýbol, basketbol, tennis we beýleki görnüşler boýunça çekeleşikli ýaryşlar guraldy. Şeýle hem küşt bäsleşikleri boldy. Her bir adam özüniň islegine görä sport ýaryşlaryna goşuldy.

Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginde Aşgabatda işleýän halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy, onuň dowamynda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz eýermek bilen, halkara hyzmatdaşlygy meselelerine örän jogapkärli çemeleşýär, şunda Birleşen Milletler Guramasy we onuň agentlikleri bilen hyzmatdaşlyga ileri tutulýan ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň, sebetiň we utuş dünýä bileleşiginiň bähbidine bu oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan möhüm goşandy, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygyna milli Liderimiziň agtygy Kerimiň gatnaşandygyny bellemeli. Şu pursatda ÝUNISEF-niň ýurdumyzda işleýän wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kerim bilen gürrüňdeş bolup, onuň okuwy, öwrenýän dersleri bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerim häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň çuňňur öwrenilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunlukda, mekdeplerde rus, iňlis dilleriniň öwrenilmegi hökmany ugur bolup durýar. Şeýle hem Kerim käbir ýöriteleşdirilen mekdeplerde hytaý, nemes, ýapon, koreý we fransuz dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýändigini habar berdi.

ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, nesilleriň sazlaşykly ösüşine, aýratyn-da, çaganyň irki ösüşine, şunuň bilen baglylylykda, ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şol birwagtda ol Kerimiň iňlis dilinde arassa gürleýändigine ýokary baha berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda olaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenilmegini möhüm talap hökmünde öňe sürýär. Bu bolsa ýaşlaryň ýokary hünärli bolup ýetişmeklerini we halkara giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip bilmeklerini şertlendirer.

Döwlet Baştutanymyz halkara guramalaryň wekillerine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, olara alyp barýan giň möçberli syýasy-diplomatik işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Abraýly halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary toplumyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandylar. Şeýle hem olar Olimpiýa şäherjiginiň bouling zalynda bolup, sportuň meşhur görnüşleriniň biri hasaplanylýan bouling oýnadylar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda işjeň ösdürilýän sportuň bouling görnüşi üçin niýetlenen zalda guralan oýun örän gyzykly boldy. Bu oýnuň has-da giňden meşhurlyga eýe bolmagy üçin diňe bir Olimpiýa şäherjiginde däl-de, ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki beýleki köpugurly sport toplumlarynda, sagaldyň we dynç alyş merkezlerinde hem zerur şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. Yzygiderli beden maşklary adamynyň işjeňligini artdyrýar we onuň döredijilikli zähmete bolan höwesini ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerini sport bilen işjeň meşgullanmagyna, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen çärelere yzygiderli gatnaşdyrýar.

Şeýle hem Olimpiýa şäherjiginde döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň bilýard boýunça federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Olar soňky ýyllarda halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa ýaryşlarynda ýurdumyzyň bilýardçylary ýokary görkezijilere eýe boldular. Şonda ýurdumyzyň 15 türgenden ybarat topary ilkinji gezek şeýle derejedäki ýaryşlarda çykyş edip, jemi ýedi medala — iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň türgenleşik zallaryna bardy. Ol ýerde dört görnüşli bilýard stollarynyň ýedisi oturdyldy. Häzirki döwürde bilýardyň iňlis snukeri, amerikan pul, fransuz karambol hem-de rus piramidasy ýaly görnüşleri meşhurdyr. Bu oýnuň soňky görnüşi Türkmenistanda has giň ýaýrandyr — ýurdumyzyň ýygyndy topary Aziada — 2017 ýaryşlaryň hut şu görnüşinde 21 ýurduň arasynda ikinji orun eýeledi.

Döwlet Baştutanymyz bilýard taýajygyny eline alyp, agtygy bilen özara bäsleşdi, şunda Kerim bilýard oýnunyň dürli tilsimlerini başarnykly peýdalanyp, ýokary derejede taktiki taýýarlygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň oýnuň dowamynda ýaş “bäsdeşiniň” şary dürs urup bilýard toruna gönükdirişine buýsanýandygyny we ýetginjegiň maksat edinen amalyny ýerine ýetirmegi üçin millimetr derejesinde dürslügiň ýetmeýändigine az-owlak tolgunýandygyny synlamak bolýar.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň we agtygynyň gyzykly oýnuny uly üns bilen synladylar. Kerim taýajyk bilen amala aşyrýan güýçli, mergenlik urgularyny ýumşak, çeýe urgular bilen sazlaşdyryp, çylşyrymly oýun ýagdaýynda şarlaryň hereketini zerur ugra gönükdirýär.

Beýleki stollarda bu gyzykly oýnuň özüne çekiji erkine gyzygyp, daşary ýurtly diplomatlar, Türkmenistanda işleýän dürli düzümleriň ýolbaşçylary özara bäsleşýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýny tamamlap, russiýaly ilçi bilen söhbetdeşlik edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda, dostluk we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmekde sportuň eýeleýän möhüm orny barada pikir alyşdylar.

Ussat bilýardçylar Olimpiýa şäherjigine gelen belent mertebeli myhmanlar üçin gysgajyk ussatlyk sapagyny geçirip, bilýard stolunyň başynda türgeniň bedeniniň nähili görnüşde durmalydygyny, taýajygy saklamagyň we urgularyň dürli görnüşleriniň tehniki aýratynlyklaryny görkezdiler.

Soňra olar bu oýnuň inçe tilsimlerini ulanyp, doly derejeli oýny geçirdiler. Haçan-da, oýun öz depginini we ýitiligini gowşadyp başlanda, hormatly Prezidentimiziň bellikleri we maslahatlary, mysal üçin, urgynyň güýjüni nähili sazlamalydygyny, nyşananyň nokadyny we hereket tizligini utgaşdyrmak baradaky maslahatlary türgenleriň dadyna ýetişdi.

Bu oýun türgenlere öz aň-paýhas hem-de beden mümkinçiliklerini doly açmaga giňişleýin pikirlenmäge mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly ilçiler bilen gürrüňdeşlikde belledi.

Hormatly Prezidentimiz Bilýard sporty federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan türgeni Batyr Aşyrowy gürrüňdeşlige çagyrdy.

Ol döwlet Baştutanymyza ozallar hem, häzir hem hemişe goldaw we üns berýändigi, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde türkmen sportunyň öňünde giň mümkinçilikleriň açylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bilýard oýnaýan ýetginjek bilen gürrüňdeş bolup, onuň näme üçin sportuň şu görnüşini saýlandygy bilen gyzyklandy hem-de ýokary netijeler gazanmak üçin ýadawsyz tagallalary etmelidigi barada oňa nesihatlary berdi.

Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň V Aziýa oýunlarynda bilýard boýunça üstünlikli çykyş etmegi ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň giňden ýaýramagyna hem-de bilýard oýnamaga höwesek ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam berdi. Şeýle hem sportuň bu görnüşi ilatyň dürli ýaşly wekilleriniň arasynda höwesjeňlik derejesinde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bina edilen medni-dynç alyş hem-de sagaldyş toplumlarynda türkmenistanlylar höwes bilen bilýard oýnaýarlar.

Bilýard milli merkezi resmi taýdan 2012-nji ýylda döredildi, 2015-nji ýylda bolsa onuň binýadynda ýurdumyzyň Bilýard sporty federasiýasy döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän türgenleriň 500-si bu guramanyň agzasydyr. Milli ýygyndy toparymyzyň düzümine takmynan 70 türgen girýär.

Içerki ýaryşlar, ýurdumyzyň birinjiligi, Kubok ugrundaky ýaryşlar we çempionatlar yzygiderli geçirilýär, türkmen bilýardçylary halkara ýaryşlarynda hem çykyş edip, tejribe toplaýarlar. Milli ýygyndy toparymyz dünýä, Aziýa çempionatlarynda we beýleki iri ýaryşlarda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. 2018-nji ýylda «Azat piramida» ady bilen Moskwada geçen dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgeni üçünji orun eýeledi.

Türkmenistanyň bilýard boýunça dünýä derejesine çykmagy hereketli küşt diýlip atlandyrylýan sportuň bu owadan görnüşiniň has-da giňden ýaýramagyna ýardam berer.

Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn berýän goldawy üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Federasiýanyň adyndan ýeketäk nusgada taýýarlanylan bilýard taýajygy sowgat gowşuryldy.

Duşuşyk hemmeleriň bilelikde umumy surata düşmegi bilen tamamlandy. Ýadygärlik hem-de Federasiýanyň taryhy üçin hormatly Prezidentimiz bilýardçy türgenler bilen aýratynlykda hem surata düşdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Bütindünýä welosiped güni bilen ýene bir gezek gutlap, ýygnananlara jan saglyk, üstünlik we abadançylyk arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şu gezekki çäreleri guramak bilen Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, ekologiýa dünýä garaýşyny kemala getirmäge, şu gün açylan «Welosiped» ýadygärliginiň many-mazmunynda sagdynlygyň we parahatçylygyň medeniýeti hökmünde öz beýanyny tapan ýurdumyzda hem-de dünýäde sport hereketiniň giňeldilmegine ygrarlydygyny görkezdi.

Welosipedli ýöriş bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, beýik maksatlara we belentliklere ýetmek ugrunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň ýene bir nyşany boldy. TDH

Degişli makalalar

Oland Putin bilen duşuşdy.

syrach

Yslamabatda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk Syýasaty Atly Ylmy Maslahat Geçirildi

syrach

«Hujand» Topary AFK-nyň Kubogynyň Toparçalaýyn Tapgyryna Çykdy

turkmenhabargullugy