19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmendemirýollary: Çagalar Üçin Bilet Tölegsizmi?

Her uly adam öz ýanynda 5 ýaşa çenli bir çagany tölegsiz alyp gitmeklige hukugy bar. Eger ýanyndaky çaga sany birden kän bolan ýagdaýynda, beýleki çagalar üçin “Çaga” nyrhnamasy arkaly bilet almaly. Ýöne ýanyňyzdaky çaga tölegsiz bolan ýagdaýynda hem, bilet alanyňyzda öz ýanyňyz bilen çaganyň hem syýahat edýändigini beýan etmeli. Eger-de ýanyňyzda syýahat edýän çaga 5-10 ýaş aralygynda bolsa, onda her çaga üçin aýratynlykda “Çaga” nyrhnamasyndan bilet almaly. 10 ýaşdan uly çagalara doly bahadan bilet almaly.

Biletler näçe gün öňünden satlyga çykýar?

Biletler internet arkaly 10 gün öňünden, kassalarda bolsa 5 gün öňünden satlyga çykýar.

Çeşme: Türkmendemirýollary Agentligi

Degişli makalalar

Diller Dünýäsi

Aşgabadyň Iň Baýry AÝGB-nyň Durky Täzelenýär

Paýtagtly Okuwçylar Halkara Ylym Bäsleşiginde Baýraklara Mynasyp Boldular