22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi.

Türkmenistanda galla oragy möwsümine badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, 30-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda gallaçylara täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary oraga girişdiler, 15-nji iýunda bolsa olaryň hataryna Daşoguz welaýatynyň ekerançylary goşular. 

Halkymyzyň asylly däbine görä, galla oragyna ýerlerde hormatly ýaşulular ak pata berip, Watanymyzyň, bütin türkmen halkymyzyň abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Allatagaladan dileg etdiler. “Çäjiňe bereket” diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji desselerini orup, nobaty kombaýynçylara berdiler. 

Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde 860 müň gektardan 1 million 600 müň tonna, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 450 müň, Mary welaýaty boýunça 380 müň, Lebap welaýaty boýunça 350 müň, Daşoguz welaýaty boýunça 300 müň we Balkan welaýaty boýunça 120 müň tonna bugdaý ýygnamak wezipesi durýar. Bugdaýyň ýokary hasyl berýän “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy” we “Türkmenbaşy-1”, “Batko”, “Ýubileýnaýa-100”, “Irişka”, “Wassa” we “Nota” ýaly görnüşli tohumlary ekildi. 

Ýurdumyz boýunça 2014-nji ýylda galla oragy möwsüminde “Case”, “New Holland”, “John Deere”, “CLAAS” ýaly bugdaý orujy kombaýnlaryň iki müňden gowragy ulanylar. Mehanizatorlaryň netijeli işlemegi üçin hemme zerur şertler döredildi. Tehnikalara gije-gündizleýin hyzmat etmegi, ýangyç-çalgy serişdelerini eltmegi ýörite döredilen toparlar amala aşyrar. Mundan başga-da, galla oragy möwsümine gatnaşýanlar üçin meýdan düşelgelerinde zerur bolan hemme şertler dörediler, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda işi guralar. 



Ýygnalan gallany kabul ediş bölümleriň 155-sine, ammarlara we elewatorlara ýük ulaglarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ulaglarynyň 8 müňden gowragy üpjün eder. Galla oragyna barlaghanalar hem taýýar edildi. Bu ýerlerde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň wekilleri dänäniň hilini kesgitlär. “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň üsti bilen tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşygy amala aşyrar. 

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň iň oňat oba etraby adyna eýe bolmak ugrunda ilkinji gezek bäsleşik geçirildi. Onuň ýeňijisi bolan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Bu serişdeler etrapda çagalar medeni-dynç alyş toplumyny gurmaga gönükdirildi. Şu ýylyň aprel aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken buýrugyna laýyklykda, şeýle bäsleşik 2014-nji ýylda hem geçiriler. Iň oňat etrap ýa-da etrap hukukly şäher birnäçe ugurlar, şol sanda bugdaý we pagta ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça kesgitlener. Munuň özi hem häzirki orak möwsüminiň üstünlikli geçirilmegine oňat itergi bolup hyzmat eder. 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenstanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşleriniň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň, “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalarynyň her ýylda geçirýän däp bolan bäsleşigi hem gallaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, kombaýnçylaryň hem-de sürüjileriniň öňdebaryjylaryny ýüze çykarar.

Welaýatlarda orak möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmengallaönümleri” we Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň, Suw hojalyk ministrliginiň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi. 

Maslahatlaryň barşynda bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmäge, orak möwsümini üpjün edýän ulgamyň anyk we sazlaşykly işine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar oba zähmetkeşleri baradaky aladasy, Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda uly goşant goşýan ekerançylaryň mynasyp durmuşy we netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş ülňüleriniň, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk ulgamyna örän uly orun berilýär. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmäge alnan ugruň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Kabul edilen kanunçylyk namalarynyň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala getirilýär, önümçilige dolandyryşyň döwrebap usullary we maliýe gurallary ornaşdyrylýar. 

Döwlet pudagyň zähmetkeşlerine ähli goldawy berýär. Obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, ekiji gurallar we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Suw üpjünçiligini hem-de oba hojalyk ekinleriniň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze tarp ýerleri özleşdimek, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, tohum ulgamynda anyk çäreler görülýär. Netijede, ýurdumyzda bugdaýdan, pagtadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden barha bereketli hasyl alynýar. 

“2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde oba hojalygynda gaýtadan işleýän ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen ýylda Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda çörek önümlerini öndürýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze iri kärhanalar ulanmaga berildi. Häzirki wagtda ähli sebitlerde kuwwaty 360 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatorlary 8-si ýakyn wagtda ulanmaga berler. Mundan başga-da, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça tohumlyk bugdaý üçin niýetlenen her biriniň göwrümi 5000 tonna däne saklamaga ukyply desgalar gurulýar. 

Bularyň hemmesi içerki sarp ediş bazaryny özümizde öndürilýän çörek bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan şeýle hem dänäni daşary ýurtlara satyp başlady. Bu bolsa yzygiderli döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan örän möhümdir. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň”, “Türkmenistanyň ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň” we beýleki iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Muňa täze döwrebap şäherçeler subutnamadyr. Şeýle şäherçeler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Gökdepe we Derweze etraplarynda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda, Lebap welaýatynyň Birata etrabynda we Mary etrabynyň “Jemgyýet” geňeşliginde we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolar. 

Bu günki şanly waka mynasybetli bugdaý ýetişdirilen atyzlaryň gyrasynda—dabaralaryň geçirilen ýerlerinde orak möwsümine girişilmegi mynasybetli sergiler guraldy. Olarda dürli oba hojalyk önümleri, çörek we çörek önümleri, döwrebap oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şol ýerlerde hem welaýatlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň, tans we halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä Iş Saparynda Boljak

syrach

Eýranyň ýadro maksatnamasy Gazagystanyň Almaty şäherinde ara alynyp maslahatlaşylýar.

syrach

Etrek derýasy.

syrach