23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

 Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2014-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

Milli Liderimize ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa mukadde serhetlerimiziň asudalygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, dag eteklerini, serhet galasynyň töwereklerini synlady. Hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk serhedine öwrülen ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygynyň üpjün edilmegi serhetçiler üçin mukaddes borç bolup durýar. Milli Liderimiz bu künjegiň her bir daban ýerini gözüniň göreji-deý goramak ýaly, asylly we jogapkärli gullugy ýerine ýetirýän serhetçileriň bu wezipäni abraý iblen ýerine ýetirmekleri ugrunda ukyp-başarnyklaryny, yhlasyny sarp etmelidiklerini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde meýdan şertlerinde hereket etmäge niýetlenen göçme saglyk öýüniň taslamasy bilen tanyşdy we onda döwrüň talabyna laýyk gelýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet howpuszlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisiň geçirilmegine taýýardyklary barada hasabat berdi.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşjylar döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän ugurlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, düzümiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimize harby özgertmeleriň barşy, häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan harby we hukuk goraýjy ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, şeýle hem ýurdumyzda durmuş-jemmgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde durmuşa geçirilen anyk çäreler bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň kepili bolup durýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybyny we kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň derwaýysdygyny bellemek bilen, türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolup durýandygyny we şeýle boljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ýöredýän daşary syýasat strategiýasynyň döwletler bilen bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň we sebitleýin düzümleriň çäklerinde dostluk, deňhukuklylyk we özara peýdaly esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýändigini belledi.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berip, döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmakda we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde durýan möhüm durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bu gulluga möhüm ornuň degişlidigini aýratyn nygtady.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we mähriban Watanymyzyň gaýduwsyz serhetçileri tarapyndan ygtybarly goralýan gury ýer we deňiz serhetlerindäki ýagdaý barada hasabat berdi.

Serhet gullugyna örän möhüm wezipäniň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň serhetçileriniň türkmen halkynyň asylly däpleri esasynda terbiýelenmegini, Döwlet serhetlerimiziň ähli goňşy ýurtlar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedine öwrülmegini we onda parahatçylygyň, asudalygyň ýola goýulmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, olaryň hatarynda serhet galalaryny abadanlaşdyrmak, olarda gullukçylar üçin amatly şertleri döretmek, harby gullugy ýerine ýetirýän serhetçiler üçin oňaýly ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmek ýaly wezipeleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna şu ýylyň geçen üç aýynda häzirki zaman harby tehnikalaryň we ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamagyň hasabyna milli goşunymyzyň kuwwatyny we kämilligini pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berdi. Şeýle hem ol ýakynda geçirilen “Sarsmaz erk” harby-okuw meýdan türgenleşikleriniň netijeleri, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada aýtdy. Mundan başga-da ministr hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden we beýleki goşun bölümlerinden harby gullukçylary boşatmak, Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak boýunça işleriň barşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby hünärler boýunça ýaýbaňlandyrylan okuwlara gatnaşýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny, mähriban Watanymyza, halkymyza gulluk etmek ýaly asylly we jogapkärli işe höwesekleriň köpelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, harby gullugy tamamlap, ykbalyny bu ugra baglamak islän ýaşlaryň watançylyk we söweşjeň taýýarlygy boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna prokuratura edaralarynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi, işgärleri seçip almak boýunça görülýän çäreler barada aýtmak bilen, Baş prokuror milli bähbitleriň goragynda durýan prokuratura işgärleriniň öz üstüne ýüklenen borçlary abraý bilen ýerine ýetirmäge çalyşýandyklaryny, döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklaýandyklaryny aýtdy.

Kanunyň berk berjaý edilmegi babatda öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň işgärleriniň ussatlyk derejelerini yzygiderli kämilleşdirmelidiklerini, öňde durýan wezipeleri ak ýürekden we halal berjaý etmelidiklerini belledi.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi. Ol ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we jenaýatlaryň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy düzüme degişli sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumyň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizden onuň açylyşyna ak pata bermegi haýyş etdi.

Ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine täze taryhy eýýamda döwlet ösüşindäki möhüm wezipeler babatda möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler edaralarynyň işgärleriniň kanunçylygyň, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, jemgyýetimizde raýat asudalygynyň üpjün edilmegine möhüm goşandynyň bardygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz düzümiň işgärleriniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, esasan-da, olary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta işjeň çekmek babatda täze toplumyň möhüm orny eýelejekdigini aýtdy we desganyň açylyşyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şeýle hem ýurdumyzyň milli kazyýet ulgamyny pugtalandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew hasabat berdi.

Türkmenistan hukuk döwleti bolmak bilen, onda kanun hemme zatdan ýokary durýar we hereket edýän kanunçylygy bozýanlaryň garşysyna mundan beýläk-de barlyşyksyz göreş alnyp barlar. Olaryň garşysyna degişli çäreler ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz her bir işiň seredilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow hasabat berdi.

Döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy ugur edinýän Türkmenistanyň uly üstünlikler gazanýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy kanunçykaryjylyk tejribesiniň öwrenilmeginiň we täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamakda we ozal hereket edýänleriniň üstüni ýetirmekde işjeň ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we gullugyň guramaçylykly we sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça döwlet Başuttanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Gümrük gullugynyň işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, gullugyň işgärlerine amatly iş we durmuş şertleriniň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyza getirilýän önümlere ýokary derejedäki gözegçiligi üpjün etmek we ony degişli ülňülere laýyk alyp barmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň üç aýynda neşe serişdeleriniň we olaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak, şeýle hem ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäklerinde bu ugur boýunça işlenip taýýarlanylan giň möçberli maksatnamany netijeli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gullugyň ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary, bilim, saglygy goraýyş düzümleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan çärelerine oňyn baha berip, döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda, esasan-da, ýaşlaryň arasynda ýaramaz endigiň ynsan saglygy üçin zyýanlydygy hakynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan biraýlygyň çäklerinde guralýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi. Şeýle hem ol özara peýdaly halkara hyzmatdaşlyk işlerini giňeltmäge, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini wagyz etmäge işjeň goşant goşmakda gullugyň alyp barýan işleri barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklarynyň ösen eýýamyna öwrülen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet özygtyýarlylygynyň esaslarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň möhüm borjudyr diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň abraýynyň ýokarlandyrylmagyna, döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýan işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda gullugyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berip, daşary ýurtly raýatlaryň zerur bolan çäreleri geçmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertleri döretmegi berk talap etdi.

Belent Serkerdebaşymyz şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işlerine, umuman, kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň özenini düzýän parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýandygyny belledi hem-de döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, harby gululkçylaryň netijeli gullugy hem-de Watan goragçylarynyň oňaýly dynç alşy üçin ähli şertleriň döredilmegi ugrunda alada etjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümlerinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegi, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, olaryň iň kämil harby tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekleri, şeýle hem şahsy düzümleriň döwrebap gulluk etmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Çünki, harby gullukçylaryň häzirki zamanyň şertlerine laýyk derejede gulluk etmekleri, olaryň hünär kämilliginiň üpjün edilmegi goranmak häsiýetindäki Harby doktrinany öňe sürýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mejlisiň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanan göçme mejlisini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, bagt we öz üstlerine alan mukaddes borçlaryny mynasyp ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna düzümiň ygtyýaryna gelip gowşan we meýdan şertlerinde işlemäge niýetlenen täze göçme saglyk oýüniň bir bölüminiň gurnalandygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz göçme saglyk öýüne baryp gördi. Onda meýdan şertlerinde dürli lukmançylyk wezipelerini ýerine ýetirmek, harby gullukçylara saglygy goraýyş ulgamynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlaryny berjaý etmek boýunça ähli amatly şertler döredilipdir.

Milli Liderimiz bu göçme desgada döredilen amatlyklar bilen tanşyp, ýurdumyzyň harby gullukçylary, olaryň döwrebap derejede gulluk etmekleri üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy we mejlise gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Degişli makalalar

“Eni Türkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 05.02.2021-03.03.2021

turkmenhabargullugy

Çepercilik Sungaty Muzeýinde Açylan Sergi «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramyna Bagyşlandy

Merkezi Saýlaw Topary Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynyň Deslapky Jemlerini Jemledi