20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Danai Magdalini Kumanakudan ynanç hatyny kabul etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany şeýle ýokary we jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikler arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň hökümetiniň ýolbaşçylarynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşugyň barşynda diplomat ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýewropanyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ilçä şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar, türkmen halkynyň taryhy we medeni däpleri barada gürrüň berildi. Ýurdumyzyň esasy kanun çykaryjy edarasy bolup durýan we Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik we hukuk özgertmeleri babatda toplumlaýyn işleri alyp barýan Mejlisiň işi barada aýratyn durlup geçildi.

Diplomat häzirki wagtda türkmen topragynda amala aşyrylýan özgertmeleriň uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, söwda-ykdysady, şeýle hem gumanitar ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi. Oňyn türkmen-grek gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen ysnyşykly parlamentara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hanym Danai Magdalini Kumanaku Türkmenistan bilen Gresiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi we döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Şu gün Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde türkmen-grek gatnaşyklarynyň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilçiniň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň birnäçesinde duşuşyklary geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Metbugat Üçin Habar

Gara gyş Polşa bilen İspaniýa ir geldi.

syrach

Ýokary Derejeli Çärede COVID-19 Ýokanç Keseliniň Ýaýraýan Döwründäki…