04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda halkara maýa goýum maslahaty geçirilýär.

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň Söwda- senagat edarasy tarapyndan guralan Türkmenistanyň IV halkara maýa goýum maslahaty öz işini dowam etdi. 
Ozal habar berlişi ýaly, bu uly möçberli çärä dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şeýle hem BMG-niň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy bankynyň, birnäçe beýleki halkara maliýe düzümleriniň, şeýle hem dünýäniň 26 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň 65-den gowragynyň wekilçilikli toparlary gatnaşýarlar. 
Maslahatyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanda amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda bölümçelerde mejlisler geçirildi we gyzyklanylyp pikir alşyldy, forum paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirildi. 
Birinji bölümçe Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna we himiýa senagatyna maýa goýumlaryny goýmaga degişli meselelere bagyşlanyldy. Türkmen tarapyndan onuň işine Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň we beýleki kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Ýewropa döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri bar. 
Çykyş edenler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatly serişdeler binýadynyň we depginli ösüşi hakykatda nebitgaz ulgamyny ösdürmegiň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin çäksiz mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Döwletimiziň maliýe-ykdysady, maýa goýum syýasatynyň esasy ýörelgeleri halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryna laýyklykda milli kanunçylykda, şol sanda “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” we “Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlarynda beýan edildi. 
Türkmenistan baý ýangyç serişdelerine eýe bolmak bilen, öz energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Nebiti we gazy çykarmagyň hem-de eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak, olary iri dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak onuň möhüm pursatlary bolup durýar, dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine islegiň artmagynyň durnukly meýilleri göze ilýär. Şunuň bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürýän nebithimiýa hem-de gazy gaýtadan işleýän senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny giň gerimde döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak amala aşyrylýar. 
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen anyk çäreler görülýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ähli gyzyklanýan döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň gatnaşmagy bilen energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň hukuklaryny we borçlaryny aýdyň düzgünleşdirýän netijeli hukuk usullaryny kemala getirjek Sebitara energetika hyzmatdaşlygyny döretmek hakynda gürrüň barýar. 
Häzirki wagtda tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär. Onuň umumy gorlary 71,21 milliard tonna şertli ýangyja barabar bahalanýar, şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň serişdeleridir we gorlarydyr, 18,21 milliard tonnasy bolsa deňiz ýataklaryna degişlidir. Ýurdumyzyň çäklerinde nebit we gaz babatda geljegi uly ýataklaryň 160-dan gowragy açyldy we olaryň diňe 60-sy işlenip taýýarlanylýar. 
“Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda, şu döwürde ýurdumyzda çykarylan nebitiň umumy möçberi 55,9 million tonna, tebigy gazyň möçberi bolsa 448,7 milliard kub metre barabar bolar. Bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryna iri möçberdäki maýa goýumlarynyň goýulmagyny talap edýär. 

Bu ulgamda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi, şol sanda “Galkynyş” gaz känini (Günorta Ýolöten—Osman, Minara we Ýaşlar) senagat taýdan ulanmaga bermek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär, ol 26,2 trillion kub metr gaza barabar baha berilýän serişde gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýar. Mälim bolşy ýaly, bu maglumatlary “Türkmengeologiýa” döwlet konserni bilen şertnama boýunça Türkmenistanyň geljegi uly ýataklarynyň ýangyç serişdeleriniň gorlaryny güwälendirýän Beýik Britaniýanyň “Gaffneý, Cline & Associates” halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz halkara audity tassyklady. 
“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan gurnaýar. Bu ýerde ýaýbaňlanan işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde şu maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 milliard dollara golaý serişde gönükdirildi, oňa daşary ýurtly hyzmatdaşlar—Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan iri kompaniýalar çekildi. Häzirki wagtda bu ýerde ulanyş guýulary burawlanylýar, harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar gurulýar. Birinji tapgyrda bu gaz käninde her ýyl 10 mililard kub metrden 30 milliard kub metre çenli “mawy ýangyjy” çykarmak meýilleşdirilýär. 
Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi energetika ulgamynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň nusga alarlyk mysaly bolup hyzmat edýär, şol gaz geçiriji 2009-njy ýylda işe girizilip, hakykat-da yklymda Ýewropa we Aziýa üçin birmeňzeş özüne çekiji bolan üstaşyr geçirmek—ulag eneragetika ulgamlarynyň täze, köp görnüşli ulgamyny emele getirmegiň başyny başlady. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşen ýataklar dünýäde iri energetika ugry üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Hususan-da, bular “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge girýän ýataklardyr, olary önümleri paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň çäklerinde Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň hünärmenleri alyp barýarlar. 
Hökümetara ylalaşygyna laýyklykda, Hytaýa türkmen gazyny ibermek 25 milliard kub metr artdyrylar we ýakyn geljekde bir ýylda 65 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolar. Şunuň bilen bir hatarda, energetika ulgamynda Russiýa Federasiýasy we Eýran Yslam Respublikasy bilen däp bolan hyzmatdaşlyk dowam edýär. 
Türkmenistanyň energetika syýasatynyň Ýewropa ugrunyň örän uly geljegi bardyr. Energetika ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilmegi Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan ýurtlaryň energiýa serişdelerine isleginiň birsyhly artmagy bilen hem, öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny dewirsifikasiýalaşdyrmak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän strategiýa bilen hem şertlenendir. 
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy has möhüm ýagdaýa we şunuň bilen birlikde, iş ýüzünde durmuşa geçirilmäge eýe bolýar. Oňa gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň hünärmenleriniň, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň wekilleriniň şol taslamany durmuşa geçirmekde işjeň iş alyp barmagy muňa şaýatlyk edýär. 
Günorta Aziýanyň ýurtlarynda tebigy gaza uly isleg bildirilmegi bu gaz geçirijisini gurmak üçin ykdysady esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, bu gaz geçiriji halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga anyk goşant, täsirli durnuklylaşdyryjy şert bolar, ol umumy ýagdaýa oňyn täsir eder, Aziýa yklymynda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ähli ulgamyna goşmaça durnuklylyk berer. Şol gaz geçirijiniň ugrunda täze düzüm desgalarynyň ýüzlerçesi gurlar. 
Şu ýylyň sentýabrynda Singapurda, Nýu-Ýorkda we Londanda TOPH taslamasynyň uly möçberli tanyşdyrylyş çäresi boldy. Geçirilen işewürlik tapgyrynyň esasy maksady esasy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe düzümlerini konsorsiuma çekmekden ybaratdyr, munuň özi gaz geçirijini gurmagy we geljekde ulanmagy üpjün eder. 
Hazar deňziniň türkmen bölegi halkara energetika hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumyna çekilen maýa goýumlarynyň 65 göterimi onuň paýyna düşýär. Bu ýerde birnäçe ýyllaryň dowamynda Malaýziýanyň Petronas, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dragon Oil, Kanadanyň Buried Hill, Russiýanyň “Itera”, Germaniýanyň RWE kompaniýalary işleýärler. Önümleri paýlaşmak hakyndaky baglaşylan şertnamalaryň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri taslamalar, şol sanda geljegi uly deňiz toplumlarynda seýsmiki barlaglary we gözleg-agtaryş buraw işlerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek, deňizde nebiti we gazy çykarmagyň düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. 
Hazardaky ýataklary işläp geçmek boýunça 12 ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesi barada Dragon Oil iňlis-arap kompaniýasynyň baştutany Abdul Jalil Al Halifa gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, şu döwürde kompaniýa taslama ABŞ-nyň 12 milliard dollaryna golaý maýa goýup, “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde her ýyl çykarylýan nebitiň ortaça möçberini bir gije-gündizde 7 müňden 70 müň barrele çenli artdyrdy. Şu maksat üçin kompaniýa 2015-nji ýyla çenli ýangyç çig malyny çykarmagy bir gije-gündizde 100 müň barrele çenli artdyrmak üçin ýene-de ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak maýa goýumyny gönükdirmegi meýilleşdirýär. 
Forumda HHR-iň “Ýangžu Haýçuan Şipýard”, Türkiýäniň “Istanbul Gas Distribution Cоmpany, IGDA” kompaniýalarynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Olar ýangyç-energetika toplumy babatda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribe alyşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça täze teklipleri aýtdylar. 
Milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan, çalt ösýän pudaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň geljegi hakyndaky maglumatlar uly gyzyklanma döretdi. Bu babatda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda uly mümkinçilikler bar. Şol etrabyň ýerasty ýataklarynda gazylyp alynýan dürli peýdaly magdanlaryň onlarça görnüşi bar. Häzir bu ýerde kaliý dökünini öndürmek boýunça Orta Aziýada iri dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny gurmagyň taslamasy durmuşa geçirilýär. Ol kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagynyň binýadynda işlär. Şol toplum bir ýylda döküniň 1 milliondan 1,5 million tonnasyna çenli öndürmegi, geljekde bolsa 4 million tonna çenli öndürmegi üpjün eder. 
Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygy alnyp barylýar. Täze senagat toplumynyň ulanylmagy berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakda, ýokary hilli mineral dökünleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmakda möhüm ädim bolar, munuň özi şol dökünlere ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň barha artýan islegleri bilen şertlenendir. Şol toplum dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen häzirki zaman enjamlary we kämil tehnologiýalar bilen üpjün ediler. 
Hazaryň himiýa we Balkanabadyň ýod zawodlaryny özünde jemleýän ýod-brom senagaty, Hazaryň kenar ýakasynyň demirgazyk böleginde ýerleşen Garabogaz aýlagynyň özboluşly çig mal serişdeleriniň binýadynda işleýän Türkmenistanyň sulfat senagaty maýadarlar üçin has özüne çekijidir. 
“Bank işine, maliýe hyzmatlaryna, energetika we aragatnaşyk pudaklaryna üns bermek bilen Türkmenistanyň düzümlerini ösdürmäge maýa goýmak”—beýleki bir bölümçede geçirilen maslahatyň mowzugy şundan ybaratdyr, onuň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň ykdysady syýasatynyň möhüm taraplary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasy netijesinde biziň ýurdumyzyň maliýe-ykdysady çökgünliligiň öňüni almagy we mundan beýläk-de işjeň durmuş-ykdysady ösüş üçin mäkäm esasy döretmegi başarandygy nygtaldy, jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly möçberli özgertmeler şol strategiýanyň häsiýetli alamatlary boldy. 
Ýurdumyzyň bank ulgamynyň maliýe taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmak, banklary maýalaşdyrmagyň derejesiniň artyşy, olaryň maýa goýum işini işjeňleşdirmek we strategiki taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen karz bermegiň möçberlerini artdyrmak Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmek üçin göwnejaý şertler döredilýär. Orta we kiçi işewürlige karz bermegiň möçberleri artdy, telekeçiler üçin ýeňillikli karz beriş ugurlary açyldy.Şunuň bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş ulgamy, ýeňillikli karz bermek hem-de kärhanalara we ilata edilýän maliýe-bank hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär. 
Häzirki tapgyrda ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan 2011-2030-njy ýyllar üçin niýetlenilen degişli maksatnamanyň, şeýle hem Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň bazarynyň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar. 
Soňky wagtlarda bu ugurda işi düzgünleşdirýän täze kanunçylyk namalary tassyklanyldy. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Merkezi banky hakyndaky”, “Karz edaralary we bank işi hakyndaky”, “Az möçberdäki maliýe guramalary we az möçberde maliýeleşdirmek hakyndaky”, “Karz bileleşikleri hakyndaky”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarda walýuta arkaly düzgünleşdirmek we walýuta arkaly gözegçilik hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlary bar. 
Şeýlelikde, häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de çaltlandyrmak, şol sanda döwletimizi maliýe serişdeleri bilen dolandyrmagy kämilleşdirmek, hususy ulgamy ösdürmegi höweslendirmek üçin mäkäm esas döredildi, munuň özi ýakyn geljek üçin amatly ykdysady ösüşi çaklamaga mümkinçilik berýär. 
Maslahatyň barşynda esasy halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm meýilleri, maýa goýum syýasaty, bank we maliýe ulgamlaryny ösdürmegiň oňyn tejribesi hakyndaky çykyşlary boldy. 
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň eksporta ugur alan elektrik energetikasyny ösdürmekde gazanylan üstünliklere hem-de onuň geljegine, işläp gelýän gaz turbina elektrik beketlerini döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman gaz turbinaly elektrik beketlerini, täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmak, iň täze elektrik-tehniki enjamlary getirmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine syn berildi. Bu babatda Marynyň döwlet elektrik beketiniň energotoplumlarynyň durkuny täzelemek, şeýle hem Mary DEB-den Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine çenli EGU—500 gurmak boýunça taslamalar anyk mysaldyr. Ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň taryhynda iň iri maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2015-nji ýylyň dekabryna çenli Aşgabatda dürli kuwwatlykdaky täze beketleriň 124-si gurlar, elektrik geçiriji ulgamlar çekiler. 
Döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda teleulgamlar we maglumatlar tehnologiýalary babatda uly möçberli maýa goýumlarynyň goýulmagy netijesinde durmuş-ykdysady ösüşiniň ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan maksatnamalary okgunly hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. 
2011-nji ýylda açylan täze häzirki zaman “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi munuň adyň tassyklamasy boldy. Onda diňe bir ýurdumyzyň iň uzakdaky künjeklerine däl, eýsem, onuň çäklerinden has uzaklara hem döwlet teleradioýaýlymlaryny hemra arkaly ýetirmegiň sanly ulgamlary bar. 
Sanly awtomatiki telefon beketleriniň paýtagtymyzda we welaýatlarda döredilen ulgamy ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, şol sanda giň zolakly Internete birikmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Telearagatnaşyk düzümlerini alyşmak üçin goňşy ýurtlaryň aragatnaşyk ulgamlary bilen birleşdirmegiň optiki-süýümli baş ulgamlary çekilýär. Milli öýjükli “Altyn asyr” aragatnaşyk ulgamy giňeldilýär. 
Bu ulgamda türkmen bazarynda dünýäniň iri kompaniýalary, şol sanda Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Litwadan we beýleki ýurtlardan bolan kompaniýalar üstünlikli işleýär. 
Türkmenistanyň dünýäniň telearagatnaşyk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen, Ýeriň milli emeli hemrasyny gurmak we ony kosmos giňişligine çykarmak boýunça taslamany amala aşyrýan Milli kosmos agentligi ýardam edýär. 
Gurluşyk senagatyny, ulaglary we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça maýa goýmagyň geljegi gyzyklanyp ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk we magdan däl materiallaryň görnüşlerini köpeltmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakyndaky habarlaryny diňlediler. 
Aşgabatda durmuşa geçirilýän uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň”, Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasynyň çäklerinde gurulýan köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalarda bu önümlere uly isleg bildirilýändigi bellenildi. 
Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän yklymüsti ugurlaryň çatrygynda amatly ýagdaýa eýe bolmak bilen, häzirki zaman ulag düzümlerini kemala getirmäge köp serişdeleri sarp edýär. Munuň özi maýa goýumlary üçin onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak bilen milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin mäkäm esasy döredýär, özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. 
Häzirki wagtda ýurdumyzda iri halkara taslamalary, şol sanda täze “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini döretmek hem-de anyk alnanda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly “köpri” boljak Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýolunyň gurluşygy boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden geçýän täze polat ýol Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna we degişlilikde Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa gaýdyşyn ugra ýükleri amatly hem-de tygşytly daşamagy üpjün eder. Onuň işe girizilmegi Gündogar-Günbatar ulag ulgamy bilen, ýagny Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa yklymüsti ulag geçelgesi bilen birleşmek mümkinçiligini nazara almak bilen hem möhümdir. 
“Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar” täze halkara üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekilen ylalaşyk hem ulag-aragatnaşyk ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň möhümdigine şaýatlyk edýär, şol geçelge Orta Aziýany we Ýakyn Gündogaryň döwletlerini baglanyşdyrar. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy” ulag pudagyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýükleriň daşalyşynyň we ýolagçylaryň gatnadylyşynyň möçberini artdyrmak hem-de edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumyny özünde jemleýär. Onuň çäklerinde awtomobil ýol gurluşygy, raýat awiasiýasynyň ýerüsti düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, Aşgabatda we welaýatlarda täze howa menzillerini gurmak babatda, deňiz we derýa ulaglary ulgamynda işleriň uly möçberleri ýerine ýetirilýär. 
Bu babatda maslahatda Hazar sebitiniň iri üstaşyr geçirýän halkasy hökmünde Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menziliniň häzirki wagtda eýeleýän möhüm orny aýratyn bellenip geçildi. Onuň geçiriş kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin deňiz menzilini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, dürli ugurdaky täze terminallary, gämi gurulýan- abatlanýan zawody gurmak bellenilýär. Milli söwda floty yzygiderli täzelenýär, nebit daşaýan tankerler, awtomobil-ýolagçy paromlary satyn alynýar. 
“Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge maýa goýumlarynyň ep-esli möçberi gönükdirilýär, häzirki wagtda şol maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglyk düzümleri döredilýär. Özüniň üpjünçiligi we edilýän hyzmatlaryň görnüşleri boýunça dünýä derejesine laýyk gelýän täze saglygy goraýyş, ylmy-kliniki ugurly edaralar yzly-yzyna gurulýar. 
Sanatoriýa-şypahana ulgamynda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä derejesine çenli ýokarlandyrmak, ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, türkmenistanlylaryň oňaýly dynç alşyny guramak işinde aýratyn orun berilýär, oňa türkmen döwletiniň Baştutanynyň hut özi üns berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda bejeriş häsiýetli baý tebigy çeşmeleri bolan “Baýramaly”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Mollagara” milli şypahanalarynyň durky täzelendi we täze binalary guruldy. 
“Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň derman senagatynyň kuwwaty artýar, munuň özi amatly maýa goýumlary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, Abadan şäherinde zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän, Daşoguzda zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän, Berziňňide mineral bejeriş suwy kärhanalary gurlar. Balkan welaýatynda: Bereket etrabynda ýodly taýajyk we galam bolan ýod önümçilik kärhanasy, Jebel şäherçesinde bejeriş palçygyny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana gurlar. 
Öz nobatynda bu ugurlarda ýöriteleşýän dünýäniň iri “Wozroždeniýe”, Red Bull GmbH, Vogt Medical, “Toshiba” kompaniýalarynyň hünärmenleri amala aşyrylan maýa goýum taslamalary hakyndaky tanyşdyrylyş çäreleri bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirdiler, türkmen bazarynda dürli ugurlarda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin göwnejaý şertler döredilýär. 
Wakalara baý bolan günde ýene-de bir bölümçede geçirilen mejlis dünýä ykdysadyýetiniň giň möçberli meýillerine, maýa goýum syýasatynyň dürli taraplaryna, birže amallaryna we ätiýaçlandyryş işlerine bagyşlandy. Maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar—Germaniýadan, Türkiýeden bolan bu ugurdaky esasy bilermenler, “Malakut Insurancе Brokers”, “Marsh Insurancе Brokers”, “Burç Grup” kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. 
Maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly işewürleriň we Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda işewür duşuşyklar hem boldy. Gepleşikleriň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň bellenen täze mümkinçilikleri, türkmen döwletiniň we dünýä bileleşiginiň bähbitleri üçin ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly mümkinçiliklerini depginli durmuşa geçirmäge ýardam eder. 
Ertir Türkmenistanyň IV halkara maýa goýum maslahatynyň işiniň jemleýji güni bolar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Dünýäniň Nebit Bazarynda Dört Ýyldan Ýetmezçilik Döräp Biler

syrach