15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Dostluk Konsertiniň Joşguny (Elizaweta Waldemarowna Iwansiw)

Dostluk Konsertiniň Joşguny (Elizaweta Waldemarowna Iwansiw)

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda guralýan baýramçylyk konsertler tapgyry Russiýa Federasiýasynyň belli aýdymçysy, sahna lakamy Ýolka bolan Elizaweta Waldemarowna Iwansiwiň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda halkara derejesindäki medeni çäreleriniň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlarynyň hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygy bolan Täze ýyl mynasybetli guraýan konsertleri aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Şeýle hem türkmen tomaşaçylary paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky görnüşleri toplumynda daşary döwletleriň we ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän aýdym-sazly dabaralara uly höwes bilen gelýärler.

Her ýyl geçirilýän halkara döredijilik çäresiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen guralýan döredijilik taslamasynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini äşgär edýär. Täze ýylyň öňýanynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýän konsertler halkymyzyň durmuş derejesiniň abadanlaşmagynda, milletiň ruhy taýdan galkynmagynda möhüm orun eýeleýändigi bellärliklidir.

Belli rus aýdymçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we döredijilik ukybyny açyp görkezmek ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin sag bolsun aýdyp, Aşgabadyň ajaýyplygynyň özünde ýakymly täsirler galdyrandygyny belledi. Şeýle hem ol daşary ýurt estradaçylarynyň çykyşlary üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň meýdançasynda guralan konserte müňlerçe adamlar tomaşa etdiler. Toplumyň baýramçylyga mahsus äheňde bezelmegi, aýdym-sazlaryň ajaýyp görnüşler bilen utgaşmagy konsertiň täsirliligini has-da ýokarlandyrýar. Russiýanyň meşhur aýdymçysy türkmen tomaşaçylary üçin niýentlän aýdymlaryny joşgun bilen ýerine ýetirdi.

Meşhur aýdymçynyň konsert maksatnamasyna dost-doganlygy, gözel tebigaty, adamlaryň birek-birege bolan gatnaşygyny, pök söýgini wasp edýän aýdymlar girizildi. Konserte gatnaşyjylar aýdymçynyň ýerine ýetirýän her bir çykyşyny uly şowhun, el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Munuň özi aýdymçy zenanyň çykyşlarynyň tomaşaçylaryň göwnünden turandygyny alamatlandyrýar.

Dürli ugurlar boýunça ýerine ýetirilen aýdymlaryň joşguny birjikde peselmedi. Ol tomaşaçylara birnäçe ýakymly täsirleri we ajaýyp duýgulary eçildi. Munuň özi baýramçylyk mynasybetli guralýan halkara döredijilik çäresiniň medeni maksatnamasynyň döwrüň ruhuna laýyk derejede taýýarlanandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Degişli makalalar

Türkmenistan Malaýziýa Arasy Göni Awia Gatnawa Başlady

syrach

Aziýanyň Çempionlarynyň Hatarlary Dolýar

Türkmen Milli Göreşi Boýunça Serdar Şäheriniň Birinjiligi Tamamlandy

turkmenhabargullugy