27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanda Kofe Ösdürip Ýetişdirmek Meýilleşdirilýär

Ýakynda Fransiýanyň «Agrenium» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy, professor Etien Sour S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde myhmançylykda boldy. Myhman ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalaryna uly baha berip, bu ugurda talyplara bilim almakda ähli şertleriň döredilendigini belläp geçmek bilen, geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşykda professor Etien Sour fransuz kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyrdy. Fransiýanyň «Agrenium» kompaniýasy häzirki wagtda ekerançylyk, weterinariýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Ýewropa döwletlerinde, Aziýada we Afrikada birnäçe iri taslamalary alyp barýar. Kompaniýanyň düzümine Fransiýanyň 15 sany ýokary okuw mekdebi, 4 sany ylmy-önümçilik institudy we 100-e golaý ylmy-barlaghanalar girýär. Bu kompaniýa, esasan, ýabany tokaýlardaky agaçlary medenileşdirmek, adamlara we haýwanlara howpsuz we ýokary ýokumlylygy bolan ösümlikleri ýetişdirmek, ekologiýa taýdan howpsuz biologiki dökünleri öndürmek we daşky gurşawy goramak meseleleri bilen meşgullanýar. Myhman tejribeli mugallymlar bilen ýurdumyzdaky pagta ekilişiniň usullaryny Fransiýada ornaşdyrmak, biziň güneşli ýurdumyzda bolsa, kofeni ösdürip ýetişdirmegiň ýollary boýunça pikir alyşdy. Duşuşygyň dowamynda «Agrenium» kompaniýasynyň düzümine girýän ýokary okuw mekdepleriň tejribeli mugallymlary bilen internet arkaly onlaýn okuw sapaklaryny guramak, bilelikde ylmy işleri alyp barmak boýunça özara maslahatlaşyldy. Şular ýaly duşuşyklaryň şu günler hem ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy ylmy-önümçilik binýadymyzyň has-da berkemegine we dünýä derejesine çykarylmagyna itergi berýär.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Iň Oňat Etrabyna Sylag Gowşuryldy

Watanyň Wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedow Hakynda Ýatlama Ýüreklerimizde Hemişelik Saklanar

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Täjigistanyň Medeniýet Günleri Açyldy