24.9 C
Aşkabat
23.04.2024
DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammed Alaa Eldin Aly Şawki Elhadididen ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa iki ýurtlaryň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi.

Jenap Mohammed Alaa Eldin Aly Şawki Elhadidi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Müsürde türkmen Lideriniň netijeli parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berilýär we häzirki döwürde Türkmenistanda alnyp barylýan oňyn özgertmeler uly gyzyklanma bilen kabul edilýär diýip belledi.

Gürrüňdeşligiň barşynda diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we sosial ulgamda durmuşa geçirilýän iri milli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Milli parlamentiň işi, onuň ýurtda alnyp barylýan kanunçylyk-hukuk reformalar we demokratik özgertmeler jähetinden tutýan orny we ähmiýeti duşuşygyň baş temasy boldy.

Müsürli diplomat soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli birnäçe teklipleri aýtdy. Söwda-ykdysady we gumanitar pudaklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Iki halklaryň taryhy we ruhy ýakynlygy bilen şertlendirilen medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen iki ýurtlaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegi üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

* * *

Şu gün Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň DIM-inde kabul edildi. Duşuşykda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine seredildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat Wekillerine Ýüzlenmesi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Oraza Baýramyny Bellemek Hakynda

Türkmen Geologiýa Inženerçilik Geologiki Gözleg Işlerini Geçirýärler

syrach