20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

2040-yň “Kamazy”

Taslama görä, “Flex Futurum” ulagynyň sürüjiniň rahatlygynyň üpjün etmek tarapyndan hem deňi-taýy ýokdur.

“www.ecofriend.org” saýtynda berlen habarda Ýelena Petrowa hem-de Konstantin Fedorow tarapyndan işlenip düzülen “KAMAZ Flex Futurum” taslamasy barada aýdylýar. Bu taslama görä ýasaljak “KAMAZa” ýöne bir “ýük ulagy” diýmek hem bolmaýar, sebäbi onuň uzynlygyny 7,5-20 metr aralygynda üýtgetmek bolýar.

Taslamaçylar öz beren beýanatlarynda şeýle ulagy 2040-njy ýylda çykarmak mümkin bolardiýýärler. Daşky gurşawa zyýansyz hem-de doly elektrikli bolan bu ulag wodorod arkaly işlär. Uzynlygynyň üýtgedilip bilinmegi arkaly bolsa, örän köp mukdarda ýüki daşamaklyk hem mümkin bolar.

Bu ulagyň her tekeri aýratyn elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilendir hem-de ulagyň daşky gurşawa goýberýän ýeke zady gyzgyn bugdyr.

Taslama görä, “Flex Futurum” ulagynyň sürüjiniň rahatlygynyň üpjün etmek tarapyndan hem deňi-taýy ýokdur. Mysal üçin, ulagdaky kompýuter ulgamy özi sürüp hem-de daş töwereginden habardar bolup bilýär. Ulagda “GLONASS” hem-de “GPS” ulgamlary hem-de Internet arkaly işleýän enjamlaryň bolmagy bolsa, islendik wagt ulagyň nirededigini bilmäge mümkinçilik berýär. Üstesine-de, ulagda kiçeňräk naharhana hem-de hammam bar.

 

Degişli makalalar

Ahalyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi.

syrach

Baş Baýrak “Senagatbankda”

Neşekeşligiň Öňüni Almak Boýunça Sebit Maslahaty

syrach