01.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparyň agzalaryndan başga-da, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň merkezi edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýerlerde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleriniň barşy, şol sanda saýlaw okruglaryny, şeýle hem okruglaryň, şäherçeleriň we Geňeşlikleriň saýlaw toparlaryny döretmek boýunça alyp barýan işleri hakyndaky habarlary, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esaslaryny üpjün etmegiň, şeýle hem ilat arasynda degişli düşündiriş işlerini geçirmegi öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlediler.

Degişli makalalar

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Resmi Sapar Bilen Aşgabada Geldi

Döwlete Degişli Däl Ulgamda Senagat Önümçiligi 40 Göterim Ýokarlandy

turkmenhabargullugy

TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar