24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisini Geçirdi

Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy saklamak, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge degişli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, harby gullukçylaryň gullugy we durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini hem-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly esasy ýörelgelere esaslanýandygyny belläp, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň kepili hökmünde çykyş edýän ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleriniň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada durup geçip, Watan goragçylarynyň ýaş nesliniň söweşjeň hem-de beden taýýarlygynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini hem-de esgerleriň we serkerdeleriň watançylyk terbiýesi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de türkmen serhetçileri tarapyndan ygtybarly goralýan ýurdumyzyň mukaddes serhetlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, bu Gullugyň möhüm ornuny aýratyn nygtady. Onuň üstüne eziz Watanymyzyň çäk bitewüligini üpjün etmek we Türkmenistanyň Döwlet serhedini hüşgärlik bilen goramak we onuň eldegirmesizligini üpjün etmek ýaly asylly hem-de jogapkärli wezipe ýüklenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň häzirki zaman tehnikalaryna we enjamlaryna eýe bolan serhetçilerimiziň hünär bilimini we tälimlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi.

Içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, islendik düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga jogapkär düzümleriň hasabat döwründe alyp baran işleri hem-de adamlaryň saglygy üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmak boýunça saglygy goraýyş edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz tertip-düzgüni üpjün etmäge, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wezipelerini üstünlikli çözmäge saldamly goşant goşýan hukuk goraýjy edaralaryň möhüm orny barada aýdyp, raýatlarymyzyň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragynda durýan Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak meselesine degip geçip, awtoulag serişdeleriniň sürüjileri hem-de pyýada ýolagçylar tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň berk berjaý edilmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagynyň, ilat bilen degişli düşündiriş işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem tomsuň jöwzaly günleriniň gelmegi bilen, ýangyna garşy çäreleri güýçlendirmek meselesine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, halkara hukugynyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň bäş aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä bellemek baradaky teklipleri bilen razylaşmak baradaky Kararlary yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, B.Çaryýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä G.Hallyýewi bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

G.Hallyýew özüne örän jogapkärli wezipäni ynanandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu wezipede ak ýürekli işläp, milli kanunçylygyň birkemsiz berjaý edilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Soňra ol mukaddes Baýdaga tagzym edip, mukaddes kasamy ýerine ýetirdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem B.Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazyýet ulgamynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigi barada aýdyp, olaryň işiniň Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň belent maksatlaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Şol syýasatyň esasy maksady bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kazylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerinden gelip çykýan wezipeleri çözmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça korrupsiýa hem-de parahorluga garşy göreşmek we şeýle bikanun etmişlere ýol bermezlik boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň Kanunlaryň ýerine ýetirilişiniň üpjün etmelidigini hem-de olaryň üstüne ýüklenen borçlary abraý bilen ýerine ýetirmelidiklerini belledi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow hasabat döwründe Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerine ýetiren işleri hem-de Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz ministrligiň işgärleriniň ýurdumyzda durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamakda we döwletimiziň okgunly ösmeginiň, kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolan howpsuzlygy üpjün etmekde ministrligiň işgärleriniň saldamly goşandyny belläp, bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Öz nobatynda, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz degişli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsir edýän bu nogsanlyklary aradan aýyrmak maksady bilen, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça döwlet maksatnamasyny taýýarlamagyň ähmiýetine ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanda korrupsiýa, parahorluga, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmaga we beýleki nogsanlyklara garşy hemişe aýgytly we barlyşyksyz göreşiň alnyp baryljakdygyny aýtdy. Bu bikanun işlere baş goşanlaryň ählisine berk çäre görler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklady, şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny döretmek hakynda Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow polkownik M.Çakyýewi Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine belläp, ony Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

M.Çakyýew özüne ynanylan wezipede ak ýürekden zähmet çekip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy we mukaddes Baýdaga tagzym edip, mukaddes kasamy ýerine ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem polkownik Ý.Söýegowy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine bellemek we ony bu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Ý.Söýegow täze wezipede halkymyza, Watanymyza ak ýürekden gulluk edip, öz borçlaryna wepaly bolmak ugrunda ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy we mukaddes Baýdaga tagzym edip, mukaddes kasamy ýerine ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny, daşalýan ýükleriň möçberlerini ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň ähli görnüşleriniň içgin barlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň işiniň döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, gümrük düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň ählisi bilen dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň ähli edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Migrasiýa gullugy Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň talabalaýyk hasaba alynmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz üçin hemişe açyk ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow täze taryhy eýýamyň belent döredijilik maksatlaryna ýetmek üçin ygtybarly esas boljak milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda demokratik prosesleriň dolanuwsyzdygyna şaýatlyk edýän giň möçberli hukuk özgertmeleriniň örän wajypdygyny belläp, dünýäniň iň gowy tejribesini içgin öwrenmegiň hem-de täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamakda ony işjeň ulanmagyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ilatymyza degişli hukuk kömegini bermek, raýatlarymyzyň hukuk sowatlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmelerde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümleriň işgärleri, harby gullukçylar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk meselelerine işjeň gatnaşmalydyklaryny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň jemlerini jemläp, türkmen topragyndaky parahatçylygyň we asudalygyň biziň Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk, durmuş we dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça maksadalaýyk işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine eziz Watanymyzyň gülläp ösmegiň bähbidine alyp barýan jogapkärli we asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

syrach

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach

“Syrly Saz Älemi” ýa-da Nusgawy Eserleriň Täze Beýany

turkmenhabargullugy