15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanda Toplumlaýyn Mineral Dökünleriň Önümçiligi Özleşdirilýär

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserninde mineral dökünleriň möçberini we görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýokumly maddalar ýokary konsentrirlenen toplumlaýyn “hasyllylyk witaminleriniň” öndürilişiniň özleşdirilmegi himiýa pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýerli mineral serişdeleri ulanyp düzümi çylşyrymly dökünleri çykarýan önümçilikleriň döredilmegi — has gymmat bahaly önümleri çykarmak ýolunda täze ädimdir. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninde eýýäm ösüşiň täze tapgyryna geçmek üçin zerur binýat döredildi, çünki ýurdumyzda mineral dökünleriň esasy görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulandyr. Tejen we Mary şäherlerinde ammiak-karbamid toplumlary netijeli işledilýär, geçen ýyl bolsa Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde sebitde iri karbamid toplumy işe girizildi. Dökünleriň çykarylyşyny artdyrmak üçin Türkmenabadyň himiýa zawodynda birnäçe ýyl mundan ozal kükürt kislotasyny öndürýän önümçilik ulanylmaga berildi.

Himiýa senagatynyň mümkinçiligni ýokarlandyrmagyň çäklerinde pudaklaýyn kärhanalaryň hünärmenleri we TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary öňdebaryjy tejribeleri öwrendiler hem-de häzirki hereket edýän önümçilikeriň we mineral serişdeleriniň esasynda düzümi çylşyrymly dökünleri çykarmak boýunça taslamalaryň birnäçesini teklip etdiler. Hususan-da, Türkmenabadyň himiýa zawodynda ammiak-azot kislotasyndan we kaliý hloridinden kaliý-azot dökünlerini çykarmagy özleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ekinleriň ählisini goşmaça iýmitlendirmekde we topraklaryň ähli görnüşlerinde dökün hökmünde ulanylýan toplumlaýyn dökünler, şeýle hem karbamidi, ýokary konsentrirlenen fosfory we kaliý hloridini mehaniki usulda garmak ýada garyndyny soňundan granulinirlemek bilen şu himiki komponentleri bugartmak arkaly alyp bolar. Bu usul düzümi çylşyrymly dökünleriň 100 görnüşinden 160 görnüşine çenli dürli dökünleri almaga mümkinçilik berer. Munuň üçin Türkmenabadyň kärhanasynda ýylda 170 müň tonna ýokary konsentrirlenen fosfor dökünlerini çykarmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurtda öndürilýän kükürt kislotasynyň we ammiagyň esasynda oba hojalygynda netijeli dökün hökmünde giňden ulanylýan sulfat ammonisiniň önümçiligni ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Ýurduň çig mal gorlary ýurdumyzyň içerki talaplaryny üpjün etmäge, şeýle hem pudagyň eksport mümkinçiligni ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän möçberlerde mineral dökünleriniň ähli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýanwar aýynyň başynda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni toplumlaýyn mineral dökünleri öndürmek boýunça enjamyň gurluşygyna halkara bäsleşigini yglan etdi. Şeýle hem granulirlenen sulfat-ammonisini –azot-kükürt garyndyly dökün öndürmek boýunça kärhananyň we “Tejejnkarbamid” zawodynda Urea-ES azot-sulfat dökünini öndürmek boýunça sehiň taslamasyny taýýarlamaga hem-de gurmaga potratçyny saýlamaga halkara bäsleşikleri yglan edildi.

Garyşyk dökünleriň üçüsinden ikisiniň düzüminde kükürdiň bardygyny bellemek gerek. Bilermenler bu himiki elementiň Türkmenistanda giňden ýaýrandygyny, oba hojalyk önümçiliginde ony ulanmagyň örän gowy netije berjekdigini belleýärler.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk Ýoluny Geçdi

turkmenhabargullugy

Baýramçylyk desterhanyna sowgat,,,,,,,

syrach

Türkmenistan-ÝUNISEF

syrach