13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanda VI Halkara Gaz Kongresi Açyldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda VI Halkara gaz kongresi we bu çärä bagyşlanan pudaklaýyn sergi açyldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän hem-de ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen iri forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Mälim bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyk etmek meseleleri Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň bardygy, şeýle hem ýurdumyzyň özüniň energetika kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatyna goýmak baradaky hoşmeýilli erk-islegi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzyň ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlary halkara garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oýlanyşykly energetika strategiýasy nebitgaz toplumyny ösdürmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we “mawy ýangyjy” ähli eksport ugurlar boýunça uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge esaslanýar. Hut şoňa görä-de, eksport akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we şunuň netijesinde köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän şu syýasatynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. 

Indi bassyr altynjy gezek Türkmenistan gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýä bilermenleriniň duşuşýan ýerine öwrülýär. Şol meseleler bolsa döwletara hyzmatdaşlygy, maýa goýumlary, uglewodorod serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we sebit gaz geçiriji ulgamy ösdürmek bilen baglanyşykly ugurlary öz içine alýar. 

Şu foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 30 ýurdundan—Awstraliýadan, Azerbaýjandan, Belgiýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Italiýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Niderlandlardan, Pakistandan, Polşadan, Russiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Singapurdan, Sloweniýadan, Slowakiýadan, ABŞ-dan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Fransiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Urugwaýdan, Özbegistandan we Ýaponiýadan  150-den gowrak kompaniýanyň 400-e golaý wekili, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistana geldi. Gaz kongresinde türkmen tarapyna pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary 
hem-de esasy hünärmenleri wekilçilik etdiler.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kongrese we sergä iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.  Gutlagda şu forumyň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasata laýyklykda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň ädýän anyk ädimlerini, onuň dünýäniň energetika ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny görkezmelidigi bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary onuň işiniň başlanmagy bilen gutlap, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara Gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanana serginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin. Biz energetika syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde tebigy gazy halkara bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda uly işleri amala aşyrýarys. Şeýlelikde, goňşy we alysdaky döwletlere türkmen “mawy ýangyjynyň” iberilişiniň ugurlary giňeýär we möçberleri artýar” diýlip, hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär. 

Soňra forumyň wekilleri we myhmanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan  sergi bilen tanyşdylar. Onda daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalary we ýurdumyzyň pudaklaýyn kärhanalary özleriniň diwarlyklaryny görkezýärler. 

Sergi dünýä ylmynyň we tehniki ösüşiniň gazanan üstünliklerini ulanmak arkaly Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşiniň geljegi uly ugurlaryny ýene-de bir gezek görkezdi.  Bu ýerde tehniki täzelikler, döwrebap tehnologiki işläp taýýarlamalar, şeýle hem türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň gurýerde, şeýle hem Hazaryň türkmen böleginde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar hödürlenildi. 

“BP EХSPLORATION OPERATING СOMPANY LIMITED” ( Beýik Britaniýa), “Tehnoprom” (Russiýa) “СNPС” (Hytaý), “ENI” (Italiýa) “LG International сorp”, “HYUNDAI engineering” (Koreýa Respublikasy), “Dragon OiI”  (Birleşen Arap Emirlikleri), “Weatherford (ABŞ) kompaniýalarynyň  we beýleki halkara senagat, gurluşyk, ulag we söwda kompaniýalarynyň ekspozisiýalary gazy gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek ulgamynda amala aşyrylan, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we geljekki taslamalaryň giň möçberliligini görkezdi. 

Ýurdumyzyň edaralarynyň—“Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň  ekspozisiýalary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. 

Daşary ýurtly myhmanlar we sergä gelenler “Galkynyş” we “Ýaşlar” gaz känlerindäki ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen gyzyklandylar. Olar baradaky maglumatlar fotoresminamalarda we geologiki çyzgylarda görkezilýär.  Foruma gatnaşýan  dünýäniň  gaz bazarynyň öňdebaryjylary dünýädäki iň baý gaz ýataklaryny özleşdirmegiň möçberlerine we möhletlerine hem-de türkmen energiýa serişdelerini geljegi uly daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagynyň köp ugurlylygyna haýran galdylar.

Günüň ikinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda dünýäniň gaz senagatyny ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan ornuna bagyşlanan birinji umumy mejlisiň çäklerinde türkmen hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň, dünýäniň nebitgaz kompaniýalaynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. 

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary forumyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Biziň hünärmenlerimiz geljekki hyzmatdaşlary ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň işi bilen tanyşdyrdylar hem-de milli energetika ulgamyna täze maýa serişdelerini çekmek babatda ýurdumyzyň strategiýasy barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň maýa goýumlary babatda  özüne çekijiligi bar bolan kuwwata we pudagy ösdürmegiň ähli ugurlary boýunça, şol sanda gaz ýataklaryny gözlemek, gazy gaýtadan işlemek, hyzmatlary amala aşyrmak döwrebap önümçilik we gazulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa  geçirmek ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge esaslanýar. 

Şeýle hem “Türkmenistanyň gaz gorlaryndan netijeli peýdalanmak: gaýtadan işlemek, gazhimiýa we marketing” bölüminiň mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň gazy gaýtadan işleýän önümçiligi döretmek ýaly ileri tutulýan ugry bilen tanyşdylar. Bellenilişi ýaly, dünýäde polimer önümlerine islegleriň yzygiderli artýandygyny nazara almak bilen, işiň bu ugry baý uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistan üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. 

Gazy gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetini has-da pugtalandyrmagyň, onuň tehnologiki kuwwatyny artdyrmagyň, uglewodorod serişdelerini ibermegiň bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. 

Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli önümleri öndürmek üçin uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi uly we ykdysady taýdan has bähbitli ugurlarynyň biridir. 

Bu strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen ýylyň oktýabr aýynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga berildi, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde bolsa polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar, Ahal welaýatynda, Owadandepede benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işleýän beýleki zawodlary gurmak barada hem çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi. 

Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň esasynda bu kuwwatly toplumlaryň gurulmagy gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek arkaly çig mal ykdysadyýetinden taýýar önümler ykdysadyýetine geçmegiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Bu taslamalaryň möhüm ähmiýeti Türkmenistany innowasion ýol bilen  ösdürmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbidine tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmagyň nusgasyny bütin dünýä görkezmek mümkinçiligi bilen baglanyşyklydyr. 

Maslahatda gazy gaýtadan işlemek babatdaky taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň bar bolan guryýer we deňiz ulag geçirijileriniň ulgamyny giňeltmegiň täsirli guraly bolup durýandygy bellenildi. Bu geçirijiler geljekde gazy gaýtadan işlemekden alnan önümleriň eksporty bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün eder. 

Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn özleşdirmäge, gaýtadan işlenen gazdan alnan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmaga aýratyn üns bermek bilen, ilkinji energiýa serişdeleriniň bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, has girdejili himiýa önümleriniň bazarynda hem mynasyp orun eýelär. 

Şunuň bilen baglylykda,  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15-nji maýda geçirilen bilelikdäki mejlisinde  gol çeken Kararlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol resminamalara laýyklykda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy hem-de Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Ertir Türkmenistanyň VI Halkara gaz kongresi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar  bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler. 

Bir söz bilen aýdylanda, gaz forumynyň birinji güni oňa gatnaşanlara oňyn gepleşikleri geçirmek, täze göni gatnaşyklary ýola goýmak, geljekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklary işläp taýýarlamak, özleriniň innowasion taslamalaryny görkezmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi. 

Degişli makalalar

Garlyk ýatagynda ilkinji şahtany gazmaga başladylar.

syrach

Türkmen Koreýa Işewürler Maslahaty

syrach

Demirgazyk Sebitde Gök-Miwe Önümleriniň Öndürilişi Artdyrylýar