27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Ýaponiýanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

Türkmenistanda Ýaponiýanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Önümçilik senagaty müdirliginiň Halkara taslamalary, ulgamlaýyn infrastruktura we suw hojalygy bölüminiň başlygy Tamai Ýukonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini we strategiki häsiýetini bellediler. Mundan başga-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi. Öz gezeginde türkmen tarapy ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge pugta meýlini beýan etdi.

Taraplar dürli ugurlar boýunça geljekde hyzmatdaşlygyny giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny aýdyp, olaryň iň ähmiýetlileriniň hatarynda energetika hyzmatdaşlygyny bellediler. Ýapon tarapy türkmen hyzmatdaşlaryna gaz pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça öz garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi. Bu boýunça meseleler ozalky duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylypdy. «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çägindäki özaragatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekip, taraplar Ýaponiýa bilen sebitleýin hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary gejekde dowam etmek zerurlygyny bellediler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

turkmenhabargullugy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ylmy Jemgyýetçiligine Gutlag Hatyny Iberdi

Türkmenbaşyda Hazar ekologiýa maslahaty geçirilýär.

syrach