20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

TOPH we Transhazar Gaz Geçirijileriniň Taslamalary

TOPH we Transhazar Gaz Geçirijileriniň Taslamalary

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Alan Mastard Türkmenistanda bilen hyzmatdaşlykda heniz durmuşa geçirilmedik mümkinçilikleriň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa we Ýewropa ýurtlary üçin gaz akdyrylmagyny üpjün etjek TOPH we Transhazar gaz geçirijileriniň taslamalaryny agzap geçdi. Bu barada amerikan diplomaty Infoabad.com täzelikler saýtyna beren interwýusynda belläp geçdi. Şol söhbetdeşlikde Ilçi sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde türkmen başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady, kontinentiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanda bar bolan uly mümkinçilikleri belledi, şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bagly gyzyklanmalaryny kesgitledi.

«Jenap Ilçiniň pikiriçe, ykdysady ulgamda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda heniz durmuşa geçirilmedik mümkinçilikler barmy hem-de iki ýurduň resmi gatnaşyklaryny giňeltmäge näme ýardam ederdi?» diýen soraga Alan Mastard şeýle jogap berdi: « Ykdysady ulgamda biz 20 ýyldan gowrak wagt bäri TOPH gaz geçirijisiniň – Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana geçýän gaz geçirijiniň taslamasynyň üstünde işleýäris. Türkmen hökümeti hem-de beýleki döwletler bilen bilelikde işleýäris. Bu taslama häzirki wagtda durmuşa geçirilýär».

Amerikan Ilçisini belleýşi ýaly, «ykdysady ulgamda başga-da taslamalar bar. Biz haçan hem bolsa birwagt Türkmenistandan Ýewropa gaz iberjek Transhazar gaz geçirijisiniň gurlandygyny görmek isleýäris. Ine, biziň durmuşa geçirilmegi umyt edýän şular ýaly taslamalarymyz bar. Biziň pikirimizçe, şol taslamalar Türkmenistan üçin zerur hem-de Aziýanyň we Ýewropanyň energetiki howpsuzlygy üçin gerekdir».

«Türkmenistan üçin möhüm ähmiýetli haýsy meseleleri çözmekde ABŞ kömek edip bilerdi we Türkmenistan siziň döwletiňize nähili ýardam edip biler? Şular ýaly mümkinçilik barmy?» diýlen soraga diplomat şeýle jogap berdi: «Elbetde, bar. Mne eýýäm Türkmenistanda Ýewropa we Aziýa kömek edip biljek ägirt uly energetiki serişdeleriň bardygyny aýdypdym. Öz gezeginde bu Amerikada belli bir derejede kömek ederdi. Çünki aziýa hem-de ýewropa bazarlary — biziň ýurdumyz üçin hem, dünýäniň beýleki ýurtlary üçin sarp ediş hem-de çig mal bazary bolup durýar. Türkmenistanyň tutuş dünýä döwletleri üçin ýakyn söwda hyzmatdaşyna öwrülmegi biziň ählimize peýda getirer. Bu birinjiden».

Soňra Ilçi Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda Türkmenistanyň ornuny belläp geçdi. «Ikinjiden: öň belleýşim ýaly, Türkmenistan Owganystany kadalaşdyrmaga diýseň uly ýardam edýär. Türkmenistanyň Owganystanyň goňşusy, türkmen hem-de owgan halklarynyň gadymdan gelýän gatnaşyklary örän wajypdyr. Goňşy döwletleriň arasynda özara oňat düşünişmeklik bar. Bu bolsa bize Owganystan has oňat düşünmäge we ony kadalaşdyrmaga kömek edýär. Biz Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryna ýokary ähmiýet berýäris» diýip diplomat belledi.

«ABŞ-nyň umuman Merkezi Aziýa we Türkmenistan bilen bagly gyzyklanamalary barada aýtmak?» sowalyna Ilçi şeýle jogap berdi: «Umuman alanyňda, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan döwründen bäri geçen 25 ýylyň içinde ABŞ-nyň bu sebit babatdaky gyzyklanmalary üýtgewsizdir. Olar şulardan ybarat: biz Türkmenistanyň hem-de bu sebitdäki beýleki döwletleriň elmydama özbaşdak bolup galmagyna, olaryň çäkleriniň eldegrilmesiz bolmagyna gyzyklanma bildirýäris. Biz öňki sowet giňişligindäki bu döwletleriň ösmegini, olarda abadançylygyň we durnuklylygyň bolmagyny, şeýle hem bu döwletleriň hökümetleriniň halkyň bähbidine hereket etmegini isleýäris. Bular biziň esasy gyzyklanmalarymyzdyr».

Şonuň bilen birlikde, «mundan başga-da, diňe Orta Aziýa döwletlerine däl, eýsem, biziň ählimize degişli bolan meseleler hem bar. mysal üçin, daşky gurşawy goramak, Aralyň ykbaly, suw meseleleri…» diýip diplomat aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, «Söwda, ykdysady gyzyklanmalar, maýa goýumlary, energetika ýaly meseleler hem bar. bu ýerde energetiki serişdeleriň ägirt uly çeşmesi bar. şeýle hem, elbetde, howpsuzlyk ,şol sanda Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri bar. Belläp geçmeli zat, Türkmenistan Owganystany elektrik energiýasy bilen üpjün edip, ynsanperwer kömegini, lukmançylyk we ş.m. kömekleri yzygiderli iberip şu jähtden diýseň uly kömek edýär. Bu zatlaryň ählisi — hemmelere aýan hakykat bolup, biz Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar edenimizde bu zatlary göz öňünde tutýarys»

Diplomat gyzyklanmalaryň hatarynda terrorizme hem-de beýleki wehimlere garşy göreşi belläp geçdi. «Şeýle hem terrorizme, adam söwdasyna, neşe serişdeleriniň dolanyşygyna we ş.m. garşy göreşmekde hem biziň umumy gyzyklanmalarymyz bar. Biziň umumy «gün tertibimizde» belläp geçere zat köp» diýip ABŞ-nyň Ilçisi aýtdy.

«ABŞ-nyň täze hökümetinde hem (ABŞ-da Donald Trampyň Prezident saýlanmagy bilen) onuň Merkezi Aziýa babatdaky syýasaty üýtgewsizligine galarmy ýa-da ol üýtgetmelere sezewar bolarmy?» diýen sowala diplomat şeýle jogap berdi: «Biz 25 ýyl bäri Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan bilen berk gatnaşyklary ýola goýýarys. Biz ähli sebitlere durnuklylyk, parahatçylykly gatnaşyklar hem-de abadançylyk isleýäris. Şonuň üçin hem men bu ugurda uly özgertmelere garaşamok. Meniň pikirimçe, öňki syýasatymyza ygrarlylyk saklanar».

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri we Milli Mirasy

Ýurdumyzyň Çempionaty Tamamlandy, Öňde – Dünýä Çempionaty

Ýüzärlik: Nähoşlukda Netijeli Serişdedir