21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmenistanlylar taý boksy boýunça medallar ugrunda güýç synanyşýarlar.

kenarýaka oýunlarynda basketbol boýunça bäsleşikler tamamlandy, onda türkmen türgenleri Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň sekizliginde öz ornuny berkitdiler, şeýle hem şu gün taý boksy boýunça ýaryşlara badalga berildi, onda biziň ýurdumyzdan 7 türgen – bäşisi erkekler toparynda we ikisi zenanlar toparynda çykyş ederler. 

Öň habar berlişi ýaly, biziň baksketbolçlarymyz Owganystanyň we Maldiw adalarynyň ýygyndy toparlaryndan üstün çykyp, toparlaýyn tapgyrdan aňsatlyk bilen geçdiler. Şunda biziň toparymyz Hytaýda 2012-nji ýylda geçirilen Aziýa kenarýaka oýunlarynyň ýeňijisi bolan Owganystanyň toparyndan üstün çykyp, olara toparlaýyn tapgyrdan geçmäge mümkinçilik bermedi. 



Şu gün Orazmyrat Esenowyň tälim berýän türgenleriniň medallara barýan ýolunda Hindistanyň ýygyndy topary böwet boldy, olar häzirki wagtda basketbolyň “3х3” ugry boýunça Aziýanyň iň güýli toparlarynyň biridir. Hindi türgenleriniň şu gezek alan kümüş medaly munuň subutnamasydyr. 

Türkmen basketbolçylary kenarýaka Aziadanyň tamamlanmagyna çenli galan günleri Andaman deňziniň ajaýyp kenarynda däl-de, sport meýdançasynda geçirmegi göz öňünde tutýarlar: biziň ýygyndy toparymyzyň ýolbaşçylary beýleki ýurtlaryň toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek barada gepleşik geçirýärler, bu bolsa sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin zerur bolup durýar. 



Taý boksy boýunça bäsleşikler Phuket adasynyň iň meşhur Patong beach kenarynda geçiriler. Bu bolsa bäsleşiklere tomaşaçylaryň we dynç alýanlaryň örän köpsanlysyny özüne çekdi. Olar şu gün däp boýunça “janly” taýland sazynyň äheňleri astynda geçirilen çekeleşikli bäsleşikleriň şaýatlary boldular. 

Türkmenistanyň toparynyň düzüminde Nurgeldi Ataýew (63,5 kilograma çenli agram derejede) başlangyç tutluşykda çykyş etdi. Şu gün onuň bäsdeşi bolan liwanly türgen ýaryşlaryň ýarym aýlaw finalyna çykdy. 19-nji noýabrda beýleki türkmen türgenleri hem medallar ugrunda bäsleşige çykarlar. Taý boksy boýunça ýaryşlar 22-nji noýabra çenli dowam eder.

Degişli makalalar

Baş Baýrak “Aşgabatda”

Türkmenistanlylar Nobatdaky Tapgyra Çykmaga Mümkinçiligini Saklap Galýarlar

Şosse Boýunça Türkmenistanyň Kubogy