23.7 C
Aşkabat
21.09.2024
DURMUŞ

Kinosöýüjilere türkmen filmleri barada.

Fewral aýynyň başynda ýaýlyma berlip başlan „Kino we tomaşaçy“gepleşigi eýýam kino muşdaklarynyň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky „Türkmenfilm“ birleşigi bilen bilelikde taýýarlanyp ýaýlyma berilýär.

Her gepleşik kinonyň taryhy, onuň gahrymanlary we awtorlary barada gürrüň berýär. Gepleşigiň esasy maksady- filme bolan gyzyklanmany döretmek, filme ünsi çekmegiň üsti bilen türkmen kinosyny wagyz etmek bolup durýar. Gepleşigiň täze göýberişi taýýarlananda bu taslamanyň guramaçylary ony şu döwür bilen, häzirki günleriň möhüm wakalary bilen baglanyşdyrmaklyga ýa-da taryhy hem-de şanly wakalara gabat getirmeklige aýratyn üns berýärler.

„Kino we tomaşaçy“ gepleşigiň ilkinji sany paýtagtymyz Aşgabat şäherine bagyşlandy. Tomaşaçylara 2008-nji ýylda birleşigiň kinostudiýasy tarapyndan surata düşürilen K. Orazsähedowyň „Gyzykly gezelenç“ atly filmi hödürlendi. Kinonyň sýüjetinde paýtagta öz ogluny görmek üçin daş obadan onuň ene-atasynyň gelmegi barada we olaryň köp ýyllaryň içinde Aşgabada gelmän , indem bolsa paýtagtyň ajaýyp ak häzirkizaman talaplaryna doly laýyk gelýän şähere bolan buýsançlary barada gürrüň berilýär.

„Kino we tomaşaçy“ gepleşigiň awtorlary türkmen tomaşaçylara türkmen kino sungatynyň Altyn hazynasyndan ajaýyp eserlerini görkezmegi göz öňünde tutýarlar. Şol sanda K. Orazsähedowyň „Japbaklar“, O. Saparowyň „Gorkak batyr“, B.Mansurowyň „Şükür bagşy“ we başga kinolary görkezirler. Tomaşaçylar K. Annanowyň „Ak maýanyň ýoly“, M. Annageldiýewiň „Täsin syýahat“, O.Orazowyň „Mollanepes“ atly häzirki zaman kinofilmlerini hem görüp bilerler.

Bilşimiz ýaly altynjy türkmen teleýaýlymy bolan „Aşgabat“ 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýaýlyma çykdy. Öz adyna laýyklykda bu teleýaýlym türkmen paýtagtynyň taryhyna, durmuşyna bagyşlanan habarlar gepleşiklerini we gyzyklandyrýan gepleşikleri taýýarlaýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Bereketli Hasyllaryny Ýetişdirmegiň Ussatlarynyň Şanyna Dabaralar

syrach

«Türkmennebitönümleri» Baş Müdirliginiň Düzüminde Täze Kärhana Peýda Bolar

Ykjam El Telefonlary Ulanmaklygyň Zyýanyndan Goranmaklyk Üçin

turkmenhabargullugy