19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
YLYM

Türkmenistanyň arheologiýasynda we ýadygärliklerini rejelemekde gazanylýan üstünlikler.

Türkmenistan onlarça ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzyň çäklerinde gözleg işlerini geçirýän dürli ýurtlaryň alymlarynyň-taryhçylarynyň we arheologlarynyň ünsüni öüçne çekip gelýär. Ýakynda tejribeli arheolog, Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Solowýowanyň ýolbaşçylyk edýän türkmen-rus ekspedisiýasynyň hakyky haýran galdyryjy açyşlary arheologiýa dünýäsinde aýdyň waka boldy. Ol 20 ýyla golaý wagt bäri Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Ýylgynly depede işläp gelýär. Bu ýadigärlik enolit döwrüne degişlidir. Daş asyryndan kümüş asyryna asyryna geçilýän döwri (biziň eramyzdan öňki IV-III müň ýyllyklar) enolit döwri diýip atlandyrmaly diýiýip kabul edilipdir. Bu döwürde daşdan ýaslan zähmet gurallary köp bolupdur, ýöne eýýäm misden ýaslan gurallar hem peýda bolupdyr. Obanyň ululygyndan we onuň gurluşygynyň gürlüginden çen tutsap, onda ol örän uly bolmaly, baý we ösen maddy medeniýetli, aýratyn hem ýaşaýyş we öý durmuşy bilen baölanyşykly, iki müňe çenli adam ýaşan bolmaly. Ýönekeý we hojalyk gurluşlary, otaglarynyň giňligi we howlularynyň abadançylygy, arhitekturasynyň oýlanyşykly detallary hem-de interýeriň bezelişiniň hili bilen haýran galdyrýar. Misden ýaslan önümleriň köp bolmagy enolit üçin has hem täsindir. Has hem durmuş bilen bagly bolmadyk zatlaryň köp bolmagy jemgyýetiň abadançylygyny ýatladýar. Olar ösen ruhy medeniýetiň we bu ýerde ýaşan adamlaryň ösen estetiki duýgularynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu ýerde dini heýkeljikleriň ýasalýan ussahanasynyň ýüze çykarylmagy gadymy jemgyýetiň durmuş-ykdysady döwrüniň hil taýdan täze tapgyryna hem şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly açyş hem, gürrüňsiz, Ýakyn Gündogardaky we Kiçi Aziýadaky bu obany enolidiň bütindünýä belli ýadigärlikleriniň hatarynda goýýar. 



Bu ekspedisiýa netijeli hyzmatdaşlygy diňe bir aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muüeýi bilen ýola goýman, eýsem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rejeleýiş kafedrasy bilen hem hyzmatdalgy ýola goýdy. Talyplar-rejeleýjiler öz halypa mugallymlary – hudožnik keramikaçy Maral Ataýaewa bilen bilelikde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde yzygiderli bolýarlar, gadymy keramiki gaplar bilen amaly işleri ýerine ýetirýärler. Bu tejribe, gürrüňsiz, olaryň hünärlerini kämilleşmegine kömek eder. Şonuň üçin hem Türkmenistan golaý wagtlarda öz şahsy muzeý gymmatlyklaryny rejeleýjilerine eýe bolar. Eýýäm Duşakda işleýän oňa ýakyn ýerde ýerleşýän Ulugdepäni öwrenýän türkmen-fransuz ekspedisiýasynyň binýadynda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghana guruldy. 

Şu ýylyň ýazynda we gýüzünde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadigärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdürliginiň hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýesynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň bilelikdäki taslamasy bolan Halkara Margiana ekspedisiýasynyň işi dowam etdirildi. Gadymy Margiýany ilkinji açyjy we bu ekspedisiýa köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden, meşhur arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň bu dünýäden ötenden soňra ekspedisiýa taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Anatolýewna Dubowa ýolbaşçylyk etdi. Arheologiki tapyndylardan başga hem bu ekspedisiýanyň tapyndylary rejelemek we konserwirlemek boýunça alyp barýan işleri hem uly ähmiýete eýedir. Tapyndylaryň köpüsi bolsa düýbünden uly gymmatlyga eýedir. Şonuň üçin onuň düzüminde Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet ylmy-gözleg instituynyň hünärmenleri Natalýa Kowalýowa we Galina Weresoskaýa işleýär. Olar adaty bolmadyk artefaktlar – Goňuryň patyşa kümmetiniň mozika we relýef dekorynyň köp zähmeti talap edýän işiniň ilkinji tapgyryny tamamladylar. Tapyndylara inwentar barlagyny geçirmekden başga hem, ony Sankt-Peterburgyň diniň taryhy muzeýiniň hünärmeni Tatýana Şapoşnikowa ýerine ýetirdi, gadymy diwar kompozisiýasynyň taýýarlanyşyna, gurnalyşyna we ýygnalyşyna öňünden seljerme geçirildi. Haly mozaika-žiwopis fragmentleriniň üçüsini bolsa gaýtadan dikeltmek başartdy. Golaýda olar Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine getirildi. 

Meşhur rus arheologi, taryh ylymlarynyň doktory, Magtymuly adyndaky halkara baýaragynyň eýesi Wiktor Pilipko şu ýyl öz işlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girýän meşhur Köne Nusaý galasynyň gümbatar künjeginde ýerleşýän iri hojalyk gurluşlar toplumynda alyp bardy. Nusaýda iş alyp barýan italýan toparyna Turiniň gazuw-agtaryş işleri boýunça merkeziniň ýolbaşçysy doktor Karlo Lippolis ýolbaşçylyk etdi. Ol hem geçen ýyl çeken irginsiz zähmeti üçin Magtymguly adyndaky halkara baýragyna eýe boldy. Şu möwsümde ol Köne Nusaýyň günbatar künjegindäki iri hojalyk gurluşlar toplumynda gözleg işlerini dowam etdirdi. Bu ýerden arheologiki materiallar, şol sanda at heýkeljigini taýýarlamak üçin görnüşleriň fragmentleri tapyldy. Bu bolsa biziň behişdi bedewlerimiziň keşpleriniň türkmen topragynda nähili çeper beýan edilmeginiň çuňňur köklrşeriniň bardygyna şaýatlyk edýär. 

Waraşawa uniwersitetiniň professory, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Barbara Kaimiň ýolbaşçylyk edýän türmen-polýak ekspedisiýasy Sarahs sebitlerindäki Guýruklydepe ýadigärliginde gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirdi. Häzir bu barada gürrüň ederden irräk, ýöne öňünden geçirilýän gözleg işleri häzirki wagtda goralýan taryhy çäkler bolan bu depe we onuň töweregindäki meýdan täsin we çylşyrymly bolup durýar. Balkan welaýatynda, Gadymy Dehistanyň Gökjük depe harabaçylygynda, Madrid uniwersitetiniň professory HoakinKordowyň ýolbaşçylygynda türkmen-ispan ekspedisiýasy gazuw işlerini dowam etdirdi. 

Hemişe bolşy ýaly, Gadymy Merwiň çäklerinde işler gyzgalaňly alnyp baryldy. Bu ýerde Uly Gyzylgala ýadigärligini rejelemek boýunça (ýolbaşçysy Rejep Jepbarow) köp ýyllyk türkmen-amerikan taslamasy amala aşyrylýar, şeýle hem Koniýa uniwersitetiniň professory Osman Ýarawşaryň ýolbaşçylyk edýän Türkiýäniň ýörüte arheologlar ekspedisiýasynyň gazuw işlerininiň birinji möwsümi bolup geçdi. Olar Soltangala harabaçylygynyň çäklerinde Beýik Seljuklar türkmen döwletine ХI asyrda ýolbaşçylyk eden hökümdar Alp Arslan soltanyň kümmetininiň galyndylaryny gözlemäge başladylar. Şol döwrüň ýene-de bir ýadigärligi Lebap welaýatynda Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Daýahatyn kerwen saraýy rejeleýiş işleriniň desgasy boldy. Biziň hünärmenlerimiz bu işleri ABŞ-nyň ilçisiniň medeni mirasy saklamak boýunça Gaznasynyň goldamagynda geçirýärler. Şeýle hem şu ýyl Köneürgençde syrly gurluşda gazuw-agtaryş işleriniň başlanmagy bilen dabaralanýar. Ol kerwensaraýyň galyndylary bilen baglanyşyklydyr. Hakykatda bu ýerde näme bolandygyny taryh ylymlarynyň kandidaty, arheolog Ejegül Myradowanyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň mundan beýläk geçirjek gözleg işleri görkezer.

Degişli makalalar

Giriş synaglary 2-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda geçiriler.

syrach

Ylymlar Güni

syrach

Dokuz esse möçberdäki ýeňiş.

syrach