21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YLYM

Dokuz esse möçberdäki ýeňiş.

Almaty şäherinde matematika, fizika we informatika boýunça geçirilen Jautyk halkara olimpiadasynda türkmen okuwçylary iki sany kümüş we ýedi sany bürünç medallara eýe bolmagy başardylar

Biziň ýurdumyzdaky takyk ylymlaryň ýaş muşdaklary Gazagystanyň bilim we ylym ministrliginiň goldamagy bilen O. Jautyk adyny göretýän zehinli çagalaryň orta mekdep-internatynyň her ýyl geçirýän bu intellektual bäsleşigine her ýyl gatnaşýarlar. Şu ýyl bu abraýly bäsleşige dünýäniň 17 döwletinden dört ýüz sany okuwçy gatnaşdy. Olaryň içinde Türkmenistanyň 15 sany wekili bolup, dokuzsy gyzgalaňly bäsdeşlikde jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şu gyş günleri iki sany ýaş türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Russiýanyň matematika boýunça açyk internet bäsleşiginiň jemi boýunça ýörite Diplomlaryň eýeleri bolmagy başardylar. Bu wirtual bäsleşigiň gurnaýjylary bolup, Sankt – Peterburgyň diplomdan soňky pedagogik bilimiň Akademiýasy we “Informasion tehnologiýalar” Meta Mekdebi çykyş etdiler. 

Degişli makalalar

Çaganyň irki ösüşiniň möhüm meseleleri üns merkezinde

syrach

Dünýä Kolleksiýasyna Mynasyp Mukaddes Zatlar

syrach

Kitap Okamagyň Peýdalary: Oka, Ýaz, Gatnaş we Ýeňiji Bol