22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Duşuşyk

2015-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň Orunbasary j-p Andreý Wasilýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň derwaýyslygyna görä, ykdysadyýeti ösdürmegiň, ulag, söwda, şeýle hem suw we energetika gorlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň geçirýän dürli çärelerine Türkmenistanyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagy bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdelerini dolandyrmagy, şol sanda Guramanyň esasgoýujy halkara hukuk resminamalaryna goşulmak meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we BMG-niň ÝYK-niň arasynda esasy ugurlary kesgitlemek bilen bagly beýleki meselelere seredildi.

 

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň Orunbasary özüniň iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň birnäçesinde duşuşyklar geçirdi. BMG-niň ÝYK-niň wekiliýeti suw serişdeleriniň integrirlenen dolandyryşynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň suw syýasaty boýunça Milli dialogynyň Utgaşdyryjy geňeşiniň bäşinji mejlisine we Suw we saglyk meseleleri boýunça Protokolynyň hem-de onuň suw üpjünçiligiň we sanitariýanyň monitoringiniň global maksatnamasynyň meseleleri boýunça Milli seminaryna gatnaşdy.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Maliýe Hukuk Medeniýeti Bazar Gatnaşyklarynyň Esasy

Russiýa Bilen Gresiýa Hökümetara Şertnama Gol Çekişdi

syrach