19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň Düzgünleri, şeýle hem Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň Düzgünleri tassyklanyldy.

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

Şeýle hem resminama bilen bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk Gününe Bagyşlanylan Foruma Gatnaşyjylary Gutlady

Türkmenistanda Yrak Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

syrach