21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň Kubogy Balkanabatda

«Balkanyň» futbolçylary final duşuşygynda geçen ýylky Kubogyň eýesi we ýurdumyzyň şu ýylky wise-çempiony paýtagtymyzyň «Altyn asyryny» 3:2 hasabynda utdular.

Futboly mundan beýläk-de giňden wagyz etmek maksadynda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 19 ýyllyk taryhynyň dowamynda bu bäsleşik dördünji gezek paýtagtymyzyň çäginden daşda we ikinji gezek Daşoguzda geçirildi. Şäherde mahabatyň ýokary derejede guralmagy netijesinde şu ýyl ulanmaga berlen täze stadiona 9500 tomaşaçy ýygnandy. Bu ýere gelen tomaşaçylar örän çekeleşikli oýnuň şaýatlary boldular.

Duşuşygyň eýýäm 3-nji minutynda «Balkanyň» kapitany Didargylyç Urazow hasaby açdy. 13 minut geçenden soň Arif Mirzoýew hasaby ikä ýetirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Altyn asyr» erjel oýnap başlady we 67-nji minutda Amir Gurbani birinji pökgini derwezeden geçirip, hasaby 1:2-ä ýetirdi. Şondan köp wagt geçmänkä, ýagny 75-nji minutda Gurbangeldi Batyrow «Balkanyň» artykmaçlygyny iki pökgä ýetirdi – 3:1. Duşuşygyň tamamlanmagyna 3 minut galanda Amir Gurbani hasaby 3:2-ä ýetirmegi başardy. Ýöne «Altyn asyra» şundan başga pökgini geçirmek başartmady. Netijede «Türkmennebit» döwlet konserniniň komandasy ýeňiş gazandy we özüniň taryhynda üçünji gezek ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp boldy.

«Türkmennebit» döwlet konserninde köpçülikleýin spotuň ösdürilmegine we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine uly üns berilýändigini bellemeli. Şeýlelikde, ýakyn wagtda döwlet konserniniň güýji bilen Gumdag şäherinde we Ekerem hem-de Gamyşlyja şäherçelerinde ýapyk sport toplumlary gurlar. Hut şonuň üçin hem «Balkanyň» şu gezekki çempionatda we Kubok ugrundaky ýaryşda goşa ýeňiş gazanmagy kanunalaýyklykdyr. Munuň özi olaryň arzyly futbol klubunyň şu ýyl bellenilýän 20 ýyllyk şanly senesine ajaýyp sowgat boldy. 

referans: www.türkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Paýtagtymyzyň Topary Kabaddi Boýunça Türkmenistanyň Çempiony Boldy

Türkmen kikboksçylarynyň dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi

syrach

Küşt Boýunça Halkara Ýaryşda Gazanylan Kümüş Medal