15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary

“Rio+20” sammitinde biziň ýurdumyzyň garaýyşlaryny we başlangyçlaryny beýan etmäge bagyşlanylan makalalaryň bu tapgyryndaky öňki materialda eýýäm nygtalyp geçilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň şu günler açylýan maslahatyna durnukly ösüşi gazanmak boýunça uly möçberli tagallalarda möhüm waka hökmünde garap, ahyrky netijede dünýä bileleşiginiň hereketlerini netijeli jebisleşdirmäge, onuň syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, guramaçylyk we tehniki serişdelerini derwaýys wezipeleri üstünlikli çözmek üçin jemlemäge gönükdirilen anyk çözgütleriň kabul edilmegi ugrunda çykyş edýär.

Türkmenistanyň başlangyçlary bu ugurda anyk çäreler bolup durýar, şol başlangyçlar hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Rio+20” sammitinde beýan ediler. Bu tapgyryň geçen makalasynda türkmen Lideriniň Hazar basseýninde daşky gurşawy goramak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak meselelerine garamak üçin hemişlik hereket edýän esas hökmünde Hazar ekologiýa maslahatyny guramak baradaky teklibine syn berildi.

Şu günki makalada biz BMG bilen hyzmatdaşlykda ýöriteleşdirilen düzümi – howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyjy hakynda jikme-jik durup geçeris.

Ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinen şu möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, Türkmenistanyň olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça täsirli çäreleri görýändigini nygtap geçmek möhümdir.

Şunuň bilen baglanyşykly türkmen Lideriniň bu başlangyjynyň ýüze çykmagynyň taryhyny ýatlatmak hem-de umumy tebigaty goraýyş işiniň ulgamynda hem, dürli abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň wekilhanalarynyň, missiýalarynyň we düzüm birlikleriniň netijeli işlemegi üçin Aşgabatda zerur şertleri döretmekde hem häzirki eýýamda Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesini mysal getirmek ýerlikli bolar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden çykyş edip, ekologiýa ulgamyny möhüm meseleleriň biri hökmünde görkezdi, şeýle hem howanyň giň möçberde üýtgemeginiň meselelerini we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň hem-de çölleşmä garşy göreş alyp barmagyň wezipelerini çözmegiň şonuň bilen baglanyşykly ýollaryny kesgitledi.

Döwlet Baştutany bu meseleleri ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň derejesinde hem yzygiderli gozgaýar. Mysal üçin, geçen aýyň ahyrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda bolan mejlisinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa häsiýetindäki meseleleri çözmegi Arkalaşygyň çäklerinde gatnaşyk etmegiň möhüm meseleleriniň biri hökmünde agzady we GDA-nyň ýurtlary tarapyndan bu ulgamda netijeli hem-de belli bir maksada gönükdirilen çäreleriň görülmeginiň, BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy.

Biziň ýurdumyzda täsin tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologiki serişdelerini gaýtadan dikeltmek, atmosfera howasynyň hapalanmagyny peseltmek, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekologiýa boýunça wagyz-nesihat etmek babatda belli bir maksada gönükdirilen iş alnyp barylýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, bu ugurda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Dürli ýurtlardan esasy hünärmenleri – ekologlary, bilermenleri we alymlary Aşgabada yzygiderli ýygnaýan maslahatlar ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamak, adamlaryň saglygyny üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň anyk mysallary bolup durýar.

Hakykatda Aşgabat halkara derejesinde ara alyp maslahatlaşmagyň meýdançasy boldy. Şonda yzly-yzyna ekologiýa boýunça halkara ylmy maslahatlar, iş duşuşyklary, beýleki maslahatlar geçirilýär. Soňky ýyllarda hem şeýle maslahatlaryň ençemesi geçirildi, olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, milli seýilgähleri döretmegiň mümkinçilikleri, tokaý serişdelerini durnukly dolandyrmak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak meseleleri we beýleki ençeme möhüm meseleler gozgaldy.

Biziň döwletimiziň bu ugurda yzygiderli amala aşyrýan halkara tagallalaryny Türkmenistanyň baryp 2007-nji ýylda howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça sebitleýin taslamany döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş edendigi hem tassyklaýar. Türkmen tarapy bu başlangyjy ösdürip, oňa anyk guramaçylyk häsiýetini bermek maksadalaýyk bolar diýip hasaplap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň eýýäm ýatlanyp geçilen 66-njy mejlisinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkezini döretmegi teklip etdi we bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek hem-de onuň netijeli işi üçin ähli şertleri döretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýişi ýaly, düýpli ekologiýa meselelerini çözmek sebitleýin alnanda Müňýyllygyň maksatlaryny gazanmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Orta Aziýada howa aýratynlyklary we geografiýa taýdan ýagdaýy bilen baglanyşykly ekologiýa meseleleriniň köpüsi sebitiň ýurtlarynyň ýakyn hyzmtdaşlygynyň çäklerinde çözülip bilner. Hususan-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak biziň ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginine täsir edýän kesgitleýji şertleriň biridir.

Türkmenistan özünde sagdyn ekologiýa ýagdaýyny saklamak bilen, dünýä bileleşiginiň Ýer ýüzünde ýaşamak üçin oňaýly şertleri döretmek babatda tagallalaryny jebisleşdirmek üçin bu ugurda halkara çärelerine işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz BMG-niň örän ähmiýetli tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň birnäçesine, ýagny bioköpdürlülik hakyndaky we çölleşmä göreş alyp barmak boýunça konwensiýa, howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa hem-de Kioto teswirnamasyna, ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna hem-de ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus konwensiýalaryna, BMG-niň suwly-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna goşuldy. Soňky ýyllarda türkmen döwleti täze halkara resminamalarynyň birnäçesini goldady, olaryň hatarynda ozon gatlagyny goramak baradaky konwensiýalara teswirnamalar, şeýle hem biologiki köpdürlülik hakyndaky konwensiýa, biohowpsuzlyk hakyndaky Kartahen teswirnamasy bar.

Bu resminamalarda orta atylan borçnamalary, düzgünleri we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanda daşky gurşaw boýunça BMG-niň konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Döwlet topary döredildi. Döwlet topary daşky gurşaw babatda halkara ylalaşyklaryny, maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Topar milli derejede maglumatlary, BMG-niň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly konwensiýalaryny hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň hasabatlaryny utgaşdyrmak, dolandyrmak, ýaýratmak boýunça bölümara, pudagara edara bolmak bilen, öz işine diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem ünsi çekýär. Mejlisler her ýyl geçirilýär, şonda tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly gündelik meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ekologiýa ulgamy we daşky gurşawy goramak halkara guramalary bilen, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMG ÖM) bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. Biziň ýurdumyz ekologiýa meselelerine uly ähmiýet bermek bilen, bu meseleleri çözmekde işjeň garaýşy görkezýär hem-de bu babatda, hususan-da, Aralyň meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň basseýninde daşky gurşawy goramaga we gadymy Hazaryň özboluşly ekologiýa ulgamyny gorap saklamaga degişli birnäçe başlangyçlaryň awtory bolup çykyş edýär, biziň öňki makalamyzda şolar barada gürrüň gozgaldy.

Türkmenistan Hazar deňziniň tebigy gurşawyny gorap saklamak, bu özboluşly, dünýä ummanyndan aýrybaşga suw howdanynyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerini hem sebitleýin ekologiýa hyzmatdaşlygyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Biziň döwletimiz Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň eýesi hökmünde bu ulgamda tagallalary jebisleşdirmäge gyzyklanýar.

BMG-niň maslahatynyň gün tertibiniň beýleki möhüm meselesi bolan howanyň giň möçberde üýtgemegi, howa ýagdaýynyň üýtgemeleriniň, ýagny guraklygynyň, suw joşmalarynyň we beýleki tebigy heläkçilikleriň zyýanly netijelerini ýiti duýan Bütindünýä guramasynyň ençeme agzalary üçin örän “duýgur” meseledir. Munuň özi Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkezini döretmegi teklip edýän sebäpleriniň ýene-de biridir.

Jemgyýetiň ösüşini we daşky gurşawy sazlaşdyrmak Türkmenistanyň uzakmöhletli ekologiýa syýasatynyň esasy maksadydyr, tebigaty gorap saklamak, onuň bioköpdürlüligini goramak, serişdelerini aýawly peýdalanmak şol syýasatyň möhüm talaplarydyr. Bu garaýyş esasy milli maksatnamalarda, ilkinji nobatda “Türkmenistanyň ykydysady, syýasy we medeni ösüşiniň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýaly çenli maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy. Şu resminamalarda, şol sanda döwletimiziň biziň ýurdumyzyň milli hem-de tebigy howa aratynlyklaryny nazara alýan ýakyn geljek üçin ekologiýa syýasaty, şeýle hem Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan halkara ekologiýa maksatnamalardan we konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek üçin çäreler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň özboluşly baý serişdeleri durnukly ykdysady ösüşiň, durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmagyň esasy bolup durýandygy aýdyň beýan edildi. Şol düzgünlere laýyklykda ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär: kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak we adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökman ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy. “Ozon gatlagyny goramak baradaky” täze Kanun, “Balykçylyk we suw biologiki serişdeleri gorap saklamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň Tokaý kodeksi we beýleki birnäçe kanunçylyk namalary daşky gurşawy goramak boýunça meseleleri çözmekde möhüm ädim boldy.

Türkmenistan tutuşlygyna alnanda ekologiýa meseleleriniň ählisi boýunça we hususan-da, howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berýär. Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň (DÖDT) çäklerinde geljekde Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň strategiýasy kesgitlenildi. Mysal üçin, türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa kabul edildi, ol Aşgabat konwensiýasy diýlip hem atlandyrylýar. Ony sebitiň döwletleriniň birnäçesi eýýäm goldady. Konwensiýanyň maksady Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy netijeli goramagy üpjün etmekden , ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmakdan, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawa serhetüsti zeper ýetirilmeginiň öňüni almakdan ybaratdyr. Bu resminamanyň ýörelgeleriniň BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugyna doly gabat gelýändigi örän möhümdir.

ÝUNEP, BMG ÖM, Global ekologiýa gaznasy (GEG), Ýewropa Bileleşigi ýaly abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan özara gatnaşyk edip, Türkmenistan häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmegiň netijeli ýollaryny agtarmaga işjeň gatnaşýar. Iri sebitleýin maksatnamalara, ýagny daşky gurşawy goramak boýunça hereket etmegiň meýilnamasyna, Hazar ekologiýa maksatnamasyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýer serişdelerini dolanyrmak boýunça başlangyçlaryna we başgalara gatnaşmak bilen, biziň ýurdumyz suw serişdelerini goramak we onuň hili, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegi, bioköpdürlüligi gorap saklamak we beýleki sebitiň meselelerini çözmäge gyzyklanma bildirýän talaplaryň ählisiniň jemlenýän merkezi boldy.

Halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýeti bilen bilelikde biziň ýurdumyzda “Arçabil” we “Sumbar” milli seýilgählerini döretmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Ýerleriň hatardan çykmagynyň öňüni almak maksady bilen çöllük çäklerde sazak ekilen ýerler giňelýär, daglarda we dag eteklerinde täze arça ekilen jülgeler peýda bolýar.

Şeýle hem nemes hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda ýyladyşhana gazlarynyň çykarylmagyny azaltmagy, ýelden we günden energiýa çeşmelerini işläp taýýarlamagy hem-de ornaşdyrmagy maksat edinýän Arassa ösüş usulynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem energiýanyň bu görnüşi düýpli artykmaçlyklara eýedir – ekologiýa nukdaýnazaryndan arassadyr we hakykatda serişdeleriniň çäksizdigi sebäpli işleýän möhleti uzakdyr.

Biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly ekologiýa taslamalarynyň ýene-de biri türkmen topragyny gök zolaga öwürjek uly möçberli bagy-bossanlyga beslemek baradaky maksatnamadyr. Köpetdagyň dag eteklerinde, ähli welaýatlaryň obalarynyň töwereklerinde täze tokaýlar, giň bagy-bossanly zolaklar döredilýär. Bu el bilen döredilen tokaýlar öz maksady bilen bir hatarda, diňe ýerli ösümlik dünýäsiniň däl-de, eýsem, haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam eder.

Durmuşa geçirilýän uly möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň her birinide, şol sanda senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda täze önümçilikleriň we desgalaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Gürrüň ýangyç-energetika toplumynyň, awtoulag we gurluşyk, himiýa hem-de dokma senagatynyň, jemagat hojalygynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak barada barýar.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda häzirki zaman, has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Atmosferanyň arassalygyna gözegçilik etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen çäreler görülýär, zawodlar we fabrikler, beýleki desgalar ekologiýa standartlaryna hem-de talaplaryna laýyklykda gurulýar, olar hökmany tertipde daşky gurşaw üçin howpsuzlyk boýunça degişli seljermäni geçýärler.

Ösüş arkaly parahatçylyk diýen ýörelge – munuň özi adamzadyň okgunly ösüşiniň diňe tebigatyň mundan beýläkki ösüşi, onuň köpdürlüligi we baýlygy, daşky gurşaw baradaky alada bilen utgaşyklylykda amala aşyrylyp bilinjekdigine düşünmek esasynda guralan ýörelgedir. Türkmenistan dünýäniň halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna bu ugurda öz gatnaşyklaryny ähli döwletler bilen sazlaşykly guraýar.

Häzirki tapgyrda bu gatnaşyklar täze hile we mazmuna eýe boldy. Soňky ýyllar Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň artýan depginine beslenendir. Munuň özi ilkinji nobatda biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň işlerinde işjeň garaýyşy, bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmäge anyk ýardam etmäge çalyşýandygy bilen şertlenendir.

Öň ýatlanyp geçilişi ýaly, Türkmenistan sebit üçin örän ähmiýetli meseleler boýunça halkara gepleşikler meýdançasynyň derejesinde dünýä bileleşiginiň öňünde berkarar boldy, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, işjeň parahatçylygy garaýyşy, iň ähmiýetli meseleleriň ählisini ara alyp maslahatlaşmaga açyk hem-de oýlanyşykly çemeleşmäge taýýardygy aýratyn orny eýeleýär. Be çemeleşme dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.

Şunuň bilen baglylykda howanyň üýtgemegine dahylly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkeziniň Aşgabatda döredilmegi örän möhümdir, sebäbi Türkmenistanda bu ugurda eýýäm uly tejribe bar. Mysal üçin, sebitde durnuklylygy saklamaga deňi-taýy bolmadyk düzümi, ýagny sebitde milletler bileleşiginiň ygtybarly guramasy hökmünde özüni görkezen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň goşýan goşandy ulydyr, onuň ştab-kwartirasy türkmen paýtagtynda netijeli işleýär.

Häzirki wagtda merkez sebitleýin meselelere gözegçilik etmek we olary seljermek boýunça işjeň iş geçirýär, Merkezi Aziýany ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça dürli çärelere gönüden-göni gatnaşýar. BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy ýola goýmaga we netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjek suw-energiýa meselesi, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýol bilen düzgünleşdirmek, halkara terrorçylygyna garşy hereket etmek, Aral deňziniň basseýninde ekologiýa hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak we başgalar bar.

Aşgabatda beýleki halkara düzümleri bilen birlikde ÝUNEP, ÝUNISEF, ÝUNESKO, BMG ÖM ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, agentlikleri, maksatnamalary we gaznalary netijeli işleýär.

“Rio+20” sammitiniň esasy meselesine gaýdyp gelmek bilen, bu maslahatyň gün tertibiniň ýene-de bir meselesiniň, ýagny ösüşe ýardam etmek hem-de çölleşmäniň öňüni almak üçin suwdan tygşytly we netijeli peýdalanmagy ýokarlandyrmak meselesiniň üstünde durup geçeliň. Bu meselede hem Türkmenistanyň düýpli ylmy we iş ýüzünde esaslandyrylan oňyn tejribesi bardyr.

Mälim bolşy ýaly, ägirt uly suw hojalyk desgasy – dünýäde iň iri emeli gidrotehniki desga bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilmegi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirilýän suwdan rejeli peýdalanmak ulgamynyň barşynda möhüm tapgyr boldy.

Ýerasty suwlary tebigy süzmegiň we arassalamagyň barşyndan soň gaýtadan peýdalanmak üçin şol suwlary toplamak “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň esasy maksady bolup durýar, munuň özi has möhüm beýleki wezipeleri, ýagny tarp ýerleriň müňlerçe gektaryny özleşdirmegi, Garagum çölünde jülgeleri döretmegi, maldarçylygy hem-de balyk hojalygyny ösdürmegi üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer, şeýle hem has giň möçberli wezipeleriň ýene birini, ýagny tutuşlygyna alnanda Orta Aziýa sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegi çözmäge önjeýli goşant goşar.

Kölüň türkmen tebigatyna amatly täsiri eýýäm äşgärdir: ýurdumyzyň ýerasty suwlar ulgamlarynyň işlemegi kadalaşdyryldy, şonuň netijesinde ýerasty suwlaryň derejesi peseldi, ýerleriň melioratiw ýagdaýy günsaýyn gowulanýar.

Häzirki wagtda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Köprüleri, suw akymlaryny düzgünleşdirýän gidrotehniki desgalary, suw toplanan ýerleri gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda biziň ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde Türkmen kölüne barýan akabalary giňeltmek hem-de çuňaltmak, hojalygara zeýkeşleri arassalamak boýunça işler geçirilýär.

Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi hakykatdan hem asyryň wakasy boldy. Sebäbi ol ykdysady girdejileri getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ilkinji nobatda ýurdumyzyň, tutuşlygyna alnanda sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

Garagumda bu suw howdanynyň döredilmegi diňe zeýkeşleriň suwlaryny toplamakdan ybaratdyr we hiç bir halatda derýalardan we beýleki suwaryş çeşmelerinden suwlaryň akdyrylmagyny göz öňünde tutmaýar. Şunda Türkmen kölüniň gurulmagy bilen bir hatarda tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hem amala aşyrylýar. Türkmen kölünde jemlenýän suw geljekde ýörite arassalanandan we süýjedilenden soň ikilenç ulanmak üçin çeşme bolar. Häzirki wagtda zeýkeş we hapa suwlary arassalamagyň täze geljegi uly usullarynyň, hususan-da, biologiki usullarynyň birnäçesine garalýar.

Garagum çölünde özboluşly goraghana zolaklaryny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek meselesi döwletimiziň aýratyn üns berýän ýene-de bir möhüm meselesidir. Häzirki wagtda olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Deslapky sanawda bu abraýly sanawa goşmak üçin çöllük ýerlerde ýerleşýän özboluşly nusgalyk künjekler bolan milli tebigy desgalaryň altysy, ýagny Repetek halkara biosfera goraghanasy we öz tektoniki jaýryklary hem-de gadymy wulkanlary, tebigy pisselikleri, gulanlaryň, jerenleriň we dag goçlarynyň iri ýaýran ýerleri bilen meşhur bolan Bathyz goraghanasy bar. Tebigatyň öwrülişiginiň, biziň dünýämiziň gelogiki ösüşiniň aýdyň subutnamalaryny saklap galan, köp sanly seýrek duş gelýän haýwanlaryň we ösümlikleriň taryhy watany bolan bu toplumlaryň dünýä genofondy üçin, Ýer şarynda ekologiki gyradeňligi hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin aýratyn gymmatlygy bardyr.

Durmuş-ykdysady ösüşiniň we tebigata aýawly çemeleşmegiň dünýäde iň uly çölleriň biriniň biologiki köpdürlüligini gorap saklamagyň wezipelerini toplumlaýyn çözmek bilen Türkmenistan onuň goýnundaky baýlyklary rejeli, ekologiýa taýdan howpsuz özleşdirmek boýunça uly tagallalary edýär. Hut tebigy-antropogen şertleriň birnäçesi bilen ýüze çykýan we durnukly durmuş-ykdysady ösüşe gönüden-göni täsir edýän çölleşmegiň giň möçberli ýagdaýlaryny dünýäniň belli alymlary ýygy-ýygydan oba hojalyk ýerleriniň meýdanynyň kemelmeginiň, şeýle ýagdaýlar bilen bir hatarda topragyň hatardan çykmagynyň, ýerleriň şorlamagynyň, suw we şemal erroziýasynyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi hasaplaýarlar.

Ýerleriň hatardan çykmagynyň öňüni almaga, topragyň üstki örtügini goramaga, öri meýdanlaryny gowulandyrmaga, tokaýlary gorap saklamaga hem-de dikeltmäge, göçýän çägeleri berkitmäge hem-de tokaýlary döretmäge, tebigaty goraýyş kanunçylygyny kämilleşdirmäge, ekologiýa taýdan bilim bermegi ösdürmäge, çölleşmä garşy göreş alyp barmak boýunça hereket etmegiň Milli maksatnamasy gönükdirilendir, şol maksatnamany ýerine ýetirmek Çöller, haýwanat we ösümlik dünýäsi milli institutynyň üstüne ýüklendi. Şol maksatnamany durmuşa geçirmek BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, tehniki hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýeti, Aziýanyň ösüş banky we beýlekiler ýaly abraýly halkara düzümleri bilen ýakyn gatnaşykda amala aşyrylýar.

Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede bolan mejlisinde aýdyň we örän möhüm tassyklanma eýe boldy. Şol mejlisde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasyny tassyklamak baradaky” Karara gol çekdi. Bu resminama taýýarlanylan mahaly BMG ÖM bilen ýakyndan iş geçirilendigini belläp geçmek gerek.

Bu strategiýa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýar we diňe bir Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge däl, eýsem, ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we giňeltmäge ýardam etmäge hyzmat eder. Şonuň üçin hem “Rio+20” maslahatynyň işe başlamagynyň öňüsyrasynda bu resminamanyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz bu möhüm ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryna anyk goşant goşmak bilen ekologiýa häsiýetindäki möhüm meseleleri çözmäge öňdengörüji hem-de jogapkärli çemeleşmäni görkezýär.

Döwlet Baştutany Karara gol çekip, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygy üçin bu resminamanyň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramagyň hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpüjn etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýdyp, biziň ýurdumyzyň geljekde-de durnukly ösüşiň we progresiň umumy maksatlaryna laýyk gelýän halkara gatnaşyklaryna, ilkinji nobatda BMG-niň howandarlygynda gönüden-göni gatnaşmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Adamyň tebigatyň bir bölegi bolup durýandygy, onuň bütin durmuşynyň, olaryň gatnaşyklarynyň näderejede sazlaşyklydygyna, tebigy serişdeleri dogry, başarjaň peýdalanmak ukybyna baglydygy, tebigatda gyradeňligi saklamaga mümkinçlik berýän gatnaşyklarda sazlaşygy ýola goýmagyň biziň öňümizde durýan möhüm wezipeleriň biridigi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözleri berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ägirt uly maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmekde ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň möhüm ýörelgesidir.

Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda öňe sürjek garaýyşy häzirki döwrüň möhüm meselelerine düýpli, oýlanyşykly, sazlaşykly çemeleşmäni görkezýän hem-de olary çözmegiň dogry ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreleri görýän Türkmenistanyň sebitleýin we giň möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine oňyn halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklajakdygy şübhesizdir.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýaşlar Ýaşyl Meýdanda

BMG energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek hakynda Rezolýusiýa kabul etdi.

syrach

Talyp Wizasy Üçin e-resminamalary (online anketa) Doldurmakda Terjime Hyzmatlary

turkmenhabargullugy