23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň Agzalary ÝHHG-niň Okuw Kursunyň Dowamynda Kanunçykaryjylyk Tejribesini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary milli institutynyň hukukçylary kanunlaryň taslamalarynyň maddalaýyn seljerişi boýunça ÝHHG tarapyndan gurnalan üç günlük kursuna gatnaşdylar. Bu okuw kursy Aşgabatda 2015-nji ýylyň 30-njy iýulynda tamamlandy.

Bu okuw kursy kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamagyň esasy ýörelgelerini we  düzgünleşdirmegiň täsiriniň iň gowy bahalandyrmalaryny görkezdi.  Halkara bilermen kanunlaryň taslamalarynyň seljerişiniň  häzirki zaman usullary we beýleki agza-döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrdy.

«Hökümet agzalarynyň öňünde kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamagyň netijeli häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly milli kanunlary halkara hukugyň standartlaryna laýyklykda işläp düzmek ýaly  örän wajyp mesele dur – diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy, Ilçi Iwo Petrow belledi.                              

– Öňdebaryjy kanunçykaryjylyk tejribesiniň yzygiderli alşylmagy, netijeli hukukdöredijilik reformalaryny amala aşyrmak üçin wajyp bolup Türkmenistanyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu ugurda ýardam bermegini dowam eder». 

Okuwa gatnaşyjylar kanunçykaryjylyk işiniň ähli tapgyrlarynda parlamentiň we hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özaragatnaşygyň wajyp ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olar kanunyň dürli bölümleriniň mysallaryny seljeriş etmek maksady bilen toparlaýyn işlere gatnaşyp, halkara bilermen we öz kärdeşleri bilen netijeleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Degişli makalalar

Grodno Şäherinde Okaýan Türkmen Talyplary Bitaraplyk Hakynda Gürrüň Berdiler

syrach

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

14-nji Tapgyryň Jemleýji Duşuşyklary Geçirildi