18.9 C
Aşkabat
10.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şonda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde geçirilýän serginiň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze goşmaça mümkinçilikleri kesgitlemegiň türkiýeli işewür toparlaryň nobatdaky gözden geçirilişiniň esasy netijesi bolmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, haryt dolanyşygynyň düzüminiň hilini gowulandyrmaga, maýa goýum taslamalarynyň paýynyň artmagyna, ýurdumyzyň önümçiligine täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýän bu her ýyl geçirilýän serginiň ähmiýetini belledi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmak, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak maksadynda halkara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini aýdyp, söwda-dokma toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pudakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek baradaky çärelere ünsi çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň jähedinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmek maksady bilen degişli kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem maksatnamalaýyn üpjünçilik boýunça zerur bolan tehniki enjamlary satyn almak babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. 

Ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan depginli ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň aýratyn ähmiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişine zerur bolan gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmek bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň 2013-2017-nji ýyllardaky Konsepsiýasyny amala aşyrmak bilen bagly işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny we konsullyklary açmak barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berdi. 

Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň dünýäniň 131 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygy bellenildi. Daşary ýurtlaryň 29-synda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyklary hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň 30-sy, halkara guramalarynyň 15-siniň wekilhanalary işleýär. 

Wise-premýer, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy hasabat bermegiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Astrahan şäherinde Türkmenistanyň konsullygyny açmak maksady bilen geçirilen guramaçylyk we beýleki zerur işler barada hasabat berildi. Malaýziýada we Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçihanalaryny, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde ýurdumyzyň konsullygyny açmak boýunça degişli işler dowam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyna ygrarly bolmak arkaly, döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändigini belledi. Ýurdumyz häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň garaýyşlara eýerip, halkara bileleşiginiň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna önjeýli goşant goşýar. 

Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2013-2017-nji ýyllardaky konsepsiýasy hut şol maksatlara ýetilmegine gönükdirilendir, şonda ýurdumyzyň şu bäş ýyldaky daşary syýasatyna degişli esasy wezipeler we ileri tutulýan ugurlar kesgitlendi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň çägini yzygiderli giňeltmeginiň ýurdumyzyň daşary döwletlerde täze diplomatik wekilhanalaryny açmak boýunça işiň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny şertlendirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Ýaponiýada we Malaýziýada Türkmenistanyň ilçihanalaryny, Germaniýa Federaitiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde ýurdumyzyň konsullygyny açmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz şu ugra degişli gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň beýleki döwletlerde diplomatik wekilhanalarynyň işini ýola goýmak bilen bagly meseleleri öwrenmegiň zerurdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa Federasiýasynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Konsullygyny açmak hakyndaky” we şol Konsullyga degişli meseleler hakyndaky Kararlara gol çekip, däbe öwrülen dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny berkitmekde bu wakanyň möhüm ähmiýetlidigini hem-de ýurdumyzyň we Russiýanyň iri sebitleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şol gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetli ugrudygyny aýtdy. 

Milli Liderimiz daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, sebit we halkara derejesindäki esasy guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň işiniň möhüm ähmiýetlidigini belläp, bu barada wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda parlamentiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri, şeýle hem deputatlaryň ýerlerdäki işleri barada aýtdy. 

Milli Liderimiz Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň uly möçberli döwlet maksatnamalaryny hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň netijeli usuly bolup durýandygyny belläp, parlamentiň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýat edaralarynyň pugtalandyrylmagyna we jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň berkarar edilmegine gönükdirilen işini mundan beýläk-de işjeň amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikdäki işiniň şu ugurda aýgytlaýjy ýagdaý bolup durýandygyny aýratyn nygtady. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine we bulara gabatlanyp, durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada aýdyp, oňa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazananlarynyň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen birnäçe çäreleriň we maslahatlaryň, şol sanda halkara derejesindäki çäreleriň we maslahatlaryň goşulandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mart aýynda baýramçylyk dabaralarynyň, şol sanda halkara derejeli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, olaryň ählisiniň watançylyk ýörelgelerine esaslanyp, milli baýramçylyk medeniýetiniň we şu ugurdaky innowasiýalaryň gazananlaryny sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly ýokary çeperçilik derejesi bilen tapawutlanmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenilen ähli çäreleri guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýaz ekişine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Sürüm geçirilen ýerler agrotehniki kada laýyklykda gurplandyrylýar, tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde işlediljek tehnikalar taýýarlyk hataryna çykarylýar. Şeýle hem dänelik ekinlere ideg işleri alnyp barylýar, olara ösüş suwy tutulýar we dökünler bilen iýmitlendirilýär. 

Hasabatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda şu ýyl galladan we pagtadan bol hasyl almak ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň öz möhletinde we ýokary hilli berjaý edilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady hem-de ýaz ekişini öz möhletinde tamamlamak we ak ekinlere göwnejaý ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny we ýerleriň melioratiw ýaglaýyny gowulandyrmak, bu işlere ýurdumyzyň alymlaryny işjeň çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmelidigini belläp, bu babatda durmuşa geçirilýän çärelere aýratyn ünsi çekdi. 

HormatlyPrezidentimiz “Ýurdumyzda 2013-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Karara gol çekip, bellenilen döwürde ministrlikler we pudak edaralar hem-de häkimlikler tarapyndan paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, şeýle hem welaýatlarda 3 million düýp bag nahallarynyň oturdyljakdygyny belledi. Milli Liderimiz bu işleriň ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň mynasyp durmuş derejesi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan has-da wajypdygyny nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew ulag we telearagatnaşyk toplumlary boýunça gözegçilik edýän pudaklarynda berjaý edilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe howa, demir ýol, awtomobil, deňiz, derýa we beýleki ulaglar boýunça kärhanalaryň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly çäreleri amala aşyrmak barada milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebitde ulag kommunikasiýalarynyň köpugurly düzüminiň döredilmegine işjeň gatnaşýan ýurda öwrülýändigini hem-de munuň gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady taýdan örän uly kuwwatyndan peýdalanylmagyna we umuman, sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna we durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşiň gazanylmagyna ýardam bermelidigini belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny sazlaşykly döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, olaryň dünýäniň ýokary ülňülerine laýyklykda hereket etmelidigini aýtdy. 

Milli Liderimiz ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň tutuş milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, wise-premýere şu ugurlarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin ähli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmak barada aýratyn nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Şonda gurulýan möhüm ähmiýetli desgalarda we binalarda işleriň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Hususan-da, wise-premýer paýtagtymyzdaky ýollary abadanlaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek barada hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty jemläp, döwrebap Aşgabadyň binagärlik-şäher gurluşygy bilen bagly keşbiniň onuň ýurdumyzyň baş şäheri hökmündäki ýokary derejesine doly kybap gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz biziň esasy maksadymyzyň adamlaryň durmuşy we zähmeti üçin oňaýly şertler döretmekden ybaratdygyny we şunda ownuk zatlaryň ýokdygyny, täze desgalarda gurluşyk işleriniň hiliniň we bellenilen möhletleriň berjaý edilmeginiň hem-de arassaçylyk babatdaky kadalaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzyň we aýratyn-da, paýtagtymyzyň awtoulag ulgamynyň hil, ygtybarlylyk, hereketiň howpsuzlygy we amatlylygy babatda häzirki döwürde bildirilýän ähli talaplara dolulygyna laýyk gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz awtomobil ýolunyň durkunyň täzelenmegine degişli Kararyň hödürlenen taslamasyny oňlap we gol çekip, wise-premýere daş-töwerekdäki ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, sil akabalaryny we aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny hem-de milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada aýtdy. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilendigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz geljekde-de ulgama degişli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ýaly möhüm wezipeleri çözmekde jemgyýetçilik guramalary bilen alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu guramalaryň işiniň döwrebap esasda kämilleşdirilmegine hem-de ýurdumyzyň ýaşlarynyň köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport hereketlerine giňden çekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň geçen ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde TOPH taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk meseleleriň çözgüdini ugur edinýän ýöriteleşdirilen kompaniýanyň ýörite ähmiýetli guralyny döretmek boýunça meselelere seredildi. 

Wise-premýer häzirki döwre çenli taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hemmesiniň şeýle kompaniýanyň döredilmegi bilen bagly öz ylalaşyklaryny mälim edendiklerini aýtdy. Şu jähetden türkmen tarapynyň ýakyn wagtda Tehniki iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy barada aýdyldy we onda agzalan düzümi döretmek boýunça guramaçylyk, hukuk we tehniki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy barada mälim edildi. Häzirki döwürde bu duşuşygyň gün tertibi we geçirilmegi meýilleşdirilýän ýeri ylalaşylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH taslamasynyň möhüm ähmiýetlidigini aýtdy we bu transmilli gaz geçirijisiniň ykdysady peýda bilen bir hatarda, taslama gatnaşyjy ýurtlara durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetdäki möhüm wezipeleri, şol sanda täze iş orunlaryny, zerur bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyny hem-de durmuş düzümini döretmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer. Iň esasy bolsa täze gaz geçiriji syýasy hem-de durmuş durnuklylygynyň üpjün edilmegini we berkidilmegini şertlendirer diýip bellemek bilen, milli Liderimiz munuň özi tutuş sebitde ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegini ýola goýjakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi we ähli degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk has-da gülläp ösmegi üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Sungatda bahar waspy.

syrach

Iýunyň Baýramçylyk Senenamasynda-Aziada-2017-ä 100 Gün Galmagyna Bagyşlanan Dabaralar