18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň meşhur «Kawasaki» we «Sojitz» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň belli «Kawasaki Plant Systems Ltd» kompaniýasynyň Prezidenti we müdirliginiň başlygy Toşikazu Haýaşini hem-de «Sojitz Sorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň dolandyryjysy, Maşyn gurluşyk müdirliginiň prezidenti Tasunobu Sakony kabul etdi.

Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin, türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş Ýaponiýanyň işewür toparlary ýaly, öz kompaniýalaryna ýurduň sazlaşykly ösüşe eýe bolan we özara peýdaly hyzmatdaşlyk, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy üçin oňaýly şertler döredilen Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlar bilen mähirli görşüp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi we häzirki döwürde däp bolan işjeň gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny we onuň giň ugurlar boýunça ösdürilýändigini nygtady.

Şu jähetden Türkmenistanda ýurduň ykdysady toplumynyň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň we taslamasynyň durmuşa geçirilýändigini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda işjeň pikir alyşmalar boldy. Şunlukda myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi sapary türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berdi we şol duşuşygyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn derwaýys ylalaşyklar gazanyldy diýip bellediler. Şeýlelikde şol saparyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 8-nji bilelikdäki mejlisi geçirildi we onuň barşynda resminamalar bukjasyna gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda «Kawasaki Plant Systems Ltd» we «Sojitz Sorporation» kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen Mary şäherinde amiak we karbamid önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşygynyň taslamalary babatda Çarçuwaly ylalaşyk bar. Ýapon işewürleriniň belleýşi ýaly, ägirt uly halk hojalyk ähmiýeti bolan şunuň ýaly iri taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmak özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalary üçin uly hormatdyr.

Türkmenistanyň özara peýdaly halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarlydygyny bellemek bilen, milletiň Lideri gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça netijeli işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de diwersifikasiýa etmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Şunlukda öz ösüşinde milli ykdysadyýetini doly döwrebaplaşdyrmagy ýol-ýörelge edinýän Türkmenistanda Ýaponiýanyň «Kawasaki Plant Systems Ltd» we «Sojitz Sorporation» ýaly öňdebaryjy kompaniýalarynyň ägirt uly tejribesi we olaryň kämil tehnologiýalary hem-de ýokary tehnologik enjamlary giňden ulanylyp bilner diýip döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýlelikde Marydaky umumy bahasy ABŞ-niň 1 milliard dollaryna barabar bolan täze senagat toplumynyň gurluşygy boýunça taslamany durmuşa geçirmek özara bähbitlere jogap bolýan ägirt uly bilelikdäki işiň başlangyjydyr.

Ýaponiýaly myhmanlar öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň ygtybarly hem-de örän jogapkärli işewür hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistan bilen ýygjam, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny bellediler.

Duşuşygyň aharynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň meşhur kompaniýalarynyň ýolbaşçylary anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyna Bagyşlanan Wideoşekilli Maslahat Geçirildi

Bildiriş

syrach

Türkmenistan – ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk