23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky

Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri başlandy. Doganlyk iki döwletiň Liderleriniň—hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Patyşa Abdulla ben Abdel Aziz Al-Saudyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu medeni çäre Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

Köp asyrlaryň dowamyndaky dostlukly gatnaşyklar, ruhy we medeni ýörelgeleriň umumylygy iki ýurduň ösüşiniň häzirki tapgyrynda doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň we örän oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan köp sanly ugurlar, şol sanda möhüm ähmiýet berilýän gumanitar ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýän wajyp ýagdaý bolup durýar. Bilim we ylym, medeniýet we sungat boýunça birek-biregi baýlaşdyrýan gatnaşyklar we alyş-çalyşlar ösüşi hil taýdan täze derejä ýetirýär.

2010-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Medeniýet günleri möhüm ähmiýetli waka öwrülip, dünýä siwizilasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan iki halkyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky şu Medeniýet günleri iki halkyň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna täzeden badalga berer.

19—22-nji ýanwarda geçiriljek Medeniýet günleri Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi we Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet we habarlar ministrligi tarapyndan bilelikde guralýar. Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada wekilçilikli delegasiýa geldi, onuň düzümine arap aýdym-saz sungatynyň tanymal ussatlary, tans toparlary, şeýle hem suratkeşler kinematografiýaçylar, żurnalistler goşuldy.

Bu çäre boýunça düzülen uly we dürli görnüşdäki maksatnama türkmenistanlylaryň dostlukly halkyň özboluşly medeniýeti, onuň köp asyrlar bäri dowam edýän gadymy däp-dessurlary we häzirki döwürde gazananlary baradaky düşünjelerini has-da giňelder. Medeniýet günleri Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly ýagdaýda açylar.

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet günleriniň çäklerinde Saud Arabystanynyň ussatlarynyň amaly-haşam sungatyna degişli eserleriniň, fotosuratlaryň sergisi guralar. «Türkmenistan» kino-konsert ýerkezinde milli arap lybaslarynyň gözden geçirilişini synlamak bolar, şol gün agşam bu ýerde arap kinematografiýaçylarynyň filmleri görkeziler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky taryhy—medeni gatnaşyklar boýunça dostlukly ýurduň tanymal taryhçy alymlarynyň talyplar bilen duşuşygy guralar.

Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň sahnasynda Saud Arabystanynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsert bolar.

Öz gezeginde, myhmanlara türkmen topragynda ýerleşýän we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan uly taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki gala-konserti bilen jemlener. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Köýtendagyň Melhemleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty.

syrach

İstanbul’da İkamet İzni Başvurusunda Bulunan Yabancıların Durumuna İlişkin Açıklama

turkmenhabargullugy