17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Energetika Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow strategiki nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri Natig Agaami ogly Aliýewi kabul etdi.

Myhman mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmekde üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Halkara bileleşiginiň soňky ýyllarda türkmen Lideriniň başlangyçlarynyň ilerledilişine uly üns bilen syn edýändigini bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga we dünýäniň döwletleriniň durnukly ösüşi üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

Myhman ilkinji milli “TürkmenÄlem 52oE” aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagy hem-de şu ýylyň dekabr aýynda  bellenilip geçiljek  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, Azerbaýjanda öz Lideriniň ýolbaşçylygynda ösüşleriň täze depginlere tarap ynamly öňe barýan doganlyk türkmen halkynyň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady.  

Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurtlaryň ikisi hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyryp, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmegiň ýollaryny gözlemekde tagallalaryny birleşdirýärler hem-de  ählumymy howpsuzlygy, şol sanda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berýärler.      

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Azerbaýjanyň energetika  edarasynyň ýolbaşçysy üstaşyr gaz geçirijilerini çekmek, şol sanda tebigy gazy Hazar sebitinden Ýewropa ibermek boýunça täze bilelikldäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna strategiki ýangyç-energetika toplumynda däp  bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Özara gyzyklanma dünýäniň dürli ýurtlarynyň  energiýa serişdelerine islegleriniň artmagy, şeýle hem özüniň energiýa serişdelerini täze geljegi uly bazarlara çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek boýunça strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň eýeleýän orny bilen şertlendirilendir. 

Bir ýurduň ösüşine  we abadançylygyna  sebitdäki, yklymdaky, dünýädäki   umumy ýagdaýdan üzňe garamak bolmaz diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de şu gün Aşgabatda geçirilýän dörttaraplaýyn duşuşykda  Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň ählumumy bähbitlere hyzmat edýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy guramaga ylalaşykly çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşjakdyklaryna  we işläp taýýarlajakdyklaryna  ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyny ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamalary hem-de dünýädäki iri gaz ýataklaryny gözlemek we senagat taýdan özleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar barada aýdyp, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisini berjaý etmeginiň goşmaça kepililigi boljakdygyny nygtady. 

Myhman türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän oňyn syýasatyna hem-de energetika ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm halkara  başlangyçlaryna ýokary baha berip, Türkmenistanyň gaz geçirijileriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewraziýa yklymynyň bazarlaryna howpsuz hem-de ygtybarly üstaşyr geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge alan ugrunyň ählumumy energetiki howpsuzlyk meselelerini çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri ýurtlaryň ikisiniň-de ysnyşykly gatnaşyklara, şol sanda deňizde nebit we gaz ýataklaryny gözlemek ulgamynda hyzmatdaşlyga meýillidigini nygtadylar.  Biziň ýurtlarymyzy bolsa gadymdan gelýän  hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary,  taryhy we medeni kökler, umumy däp-dessurlar baglanyşdyrýar. 

Degişli makalalar

Daşary Ýurtlarda Okaýan Talyplarymyz Üçin Peýdaly Maglumat

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar Uçastok we Okrug Toparlarynyň Işgärleri Üçin Seminarlary Gurady

turkmenhabargullugy

Pekinde HHR Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Dabaraly Çäre Geçirildi