15.9 C
Aşkabat
20.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Taner Ýyldyzy Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine we täze düzümlýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzy kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Jenap Taner Ýyldyzyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan döredijilik syýasaty ýöredýän we dünýä bileleşiginiň ählumumy ykrarnamasyna eýe bolan doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hoşniýetli sözler üçin minnetldarlyk bildirip, milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine özüniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň Türkiýe bilen soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan döwletara gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Giň ugurlary öz içine alýan we anyk netijeleri nazarlaýan köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar we ýanygç-energetika toplumy ýaly möhüm ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Ýewropa komissiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynla geçirilen Aşgabat duşuşygynyň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Bu meseleleriň Türkiýe üçin hem örän ähmiýetlidigini belläp, ministr öz ýurdunyň türkmen Lideriniň sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işjeň halkara başlangyçylaryny goldaýandygyny nygtady. Şu maksatlara ýetmek ugrunda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek ýörelgelerine daýanýan we köpugurly turbageçiriji düzümiň döredilmegini nazarlaýan öňden görüjilikli energetika strategiýasy gönküdirilendir.

Biziň ýurdumyz ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen, ony tutuş adamzadyň hyzmatyna gönükdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň bu ugurda anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini aýtdy. Ýangyç-energetika ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlamak we olary durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistanyň daşary ýurty hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklar üçin açykdygy Aşgabatda geçirilen dörttaraplaýyn gepleşiklerde has-da äşgär duýuldy. 

Türkiäýniň Türkmenistan bilen ýangyç-energtika pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda halkara ähmiýetli täze düzümleýin taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, myhman pursatdan peýdalanyp, döwet Baştutanymyzy şu ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýän türkmen bitaraplygynyň 20 ýyllygy, şeýle hem ýakynda “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we munuň özi bu ýurduň kosmos döwletleriniň hataryna girýändigini alamatlandyrdy diýip belledi.

Duşuşugyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz gadymy dost-doganlyk däplerine we iki tarapyň hoşniýetli erkine daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

syrach

Köneürgenjiň Arhitektura Ýadygärliklerini Rejelemek Boýunça Türkmen Ýapon Hyzmatdaşlygy Barada Ylalaşyga Gol Çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Jumanazar Annaýew Ahal Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy