22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde 2011-nji ýylyň 28-nji iýuny—3-nji iýuly aralygynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan “GDA-nyň 20 ýyllygy: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine” atly döwletara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetini Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine gulluk iş saparyna ibermek bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Bilim mirnistrligine hökümetara we pudagara ylalaşyklara laýyklykda, Türkiýe Respublikasynyň okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň talyplarynyň 2011-nji ýylyň iýun—iýul aýlarynda tomusky dynç alşa Aşgabat şäherine we 2011-nji ýylyň awgust—sentýabr aýlarynda dynç alyşdan soň yzyna okuw ýerine eltilmegini guramak tabşyryldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy talyplaryň Stambul şäherinden tomusky dynç alşa Aşgabat şäherine we dynç alyşdan soň yzyna okuw ýerine eltilmegini Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýüztutmasy boýunça üpjün etmäge borçly edildi. Görkezilen gatnawlary ýerine ýetirmek boýunça çykdajylaryň 50 göterimini “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, galan bölegini talyplaryň öz serişdeleriniň hasabyna tölemek bellenildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Bedewiniň Milli Baýramynyň Hormatyna Geçirilýän Dabaralara Badalga Berildi

turkmenhabargullugy

Norwegiýa Patyşalygynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach