18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Dewid Kemeron, 
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Oraza baýramy mynasybetli Size, Siziň maşgalaňyza we tutuş türkmen halkyna mähirli  gutlaglarymy,  bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.  

*** 

Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny gudraty güýçli Biribara  şükür etmegiň we doga-dilegleriň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy bilen  tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Adamzadyň ynsanperwer ymtylmalarynyň şöhlelenmegini alamatlandyrýan mukaddes Oraza baýramy ekstremizm we ýowuzlykdan saklanmagyň esasyny döredýär. Şu beýik baýramyň öňüsyrasynda mundan beýläk hem bütin dünýäde parahatçylygyň berkejekdiginiň, esasan hem musulman ymmatynyň arasynda ruhy gymmatlyklara esaslanýan durnuklylyk we howpsuzlyk  ýörelgeleriniň  gülläp ösjekdiginiň  şaýady boljakdygymyza ynanýaryn. 

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikler, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we bagtyýarlyk dileýärin. 

*** 

Mohammad Aşraf Gani,
Owganystan Yslam Respublikasynyň
Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Oraza baýramy bilen gutlamaga rugsat  bermegiňizi haýyş edýärin. 

Haýyr-sahawatyň, rehimdarlygyň we ynsanperwerligiň  aýy bolan mukaddes Oraza aýynda ähli musulmanlaryň namaz- orazalarynyň kabul bolmagyny, ýer ýüzüniň ähli musulmanlaryna parahatçylygyň, bagtyň we gülläp ösüşiň ýaran bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin. 

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

*** 

Islam Karimow,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we arzuwlarymy kabul ediň.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak we ynanyşmak ugurlaryna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,  Size berk jan saglyk, doganlyk türkmen  halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. 

***  

Abdullah II,
Iordaniýanyň Patyşasy:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, hökümetiniň adyndan we öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň oňat gutlaglarymy ýollaýaryn. 

Size berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk hem gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy kabul ediň. 

*** 

Kabus bin Said,
Omanyň Soltany:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr. 

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Tutuş musulman ymmatyna abadançylyk ýollamagyny Beýik Biribardan dileg edýärin. 

***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Mähirli Gutlaglar 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza baýramy mynasyebtli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu baýram täze taryhy döwürde türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we jebisliginiň, halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de däp-dessurlaryna ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, guramalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy ahlak tämizligini, rehimdarlygy we ynsanperwerligi alamatlandyrýan bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. Gutlaglary iberenler milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan iri möçberli asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, B.Hojamämmedow, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, E.Orazgeldiýew, M.Ýazmuhammedowa mähirli we tüýs ýürekden gutladylar.


Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy A.Nurberdiýewa gutlady.


Milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýolladylar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi O. Gurbannazarow, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow tüýs ýürekden gutladylar.


Döwlet Baştutanymyza  Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy gutlaglaryny ýolladylar. 


Mukaddes Oraza baýramy bilen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy  Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň  Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler tüýs ýürekden gutladylar. 

 

 

Degişli makalalar

Prezidentligine dalaşgärleri goldamak bilen bagly

syrach

Türkmenistan-GDA: Ynsanperwer Ulgamda Hyzmatdaşlyk Ösdürilýär

turkmenhabargullugy

Ýoluňyz ak bolsun, 2011-nji ýylyň uçurymlary!

syrach