24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Kärende Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Kärende Hakynda

Şu Kanun kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanda kärende hyzmatlarynyň bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) kärende — emlägiň (şol sanda ýeriň, gaýry aýrybaşgalanan tebigy serişdeleriň) eýesi ýa-da onuň ygtyýarlyk beren şahsy tarapyndan fiziki we (ýa-da) ýuridik şahsa kesgitli emlägiň ýa-da onuň böleginiň kärende şertnamasy esasynda muzdly wagtlaýyn peýdalanmagy, hojalyk ýa-da gaýry işi özbaşdak amala aşyrmagy üçin berilmegi;

2) kärende şertnamasy — hojalyk we beýleki gatnaşyklaryň, şeýle hem ylalaşýan taraplaryň hukuklarynyň we borçlarynyň bellenilmegine gönükdirilen, kärendesine berijiniň we kärendeçiniň arasynda baglaşylýan kärendäniň belli bir obýektini muzdly wagtlaýyn peýdalanmaga bermek hakynda şertnama;

3) kärendesine beriji — kärendäniň obýektini fiziki we (ýa-da) ýuridik şahsyň muzdly wagtlaýyn peýdalanmagyna berilýän zadyň eýesi ýa-da onuň ygtyýarlyk beren şahsy;

4) kärendeçi — kärendäniň obýektini peýdalanýan Türkmenistanyň, daşary ýurt döwletiniň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahsy we raýatlygy bolmadyk adamy, şeýle hem daşary ýurt döwleti ýa-da halkara guramasy;

5) kärende tölegi — kärendäniň obýektiniň peýdalanylandygy üçin kärende şertnamasyna laýyklykda kärendeçiniň kärendesine berijä pul we (ýa-da) taraplaryň ylalaşmagy boýunça hakyky özlügi (natural) görnüşinde töleýän bellenilen tölegi;

6) tirkeşikli kärende — kärendesine berijiniň razylygy bilen kärendesine alnan emlägiň ýa-da onuň böleginiň kärendeçi tarapyndan üçünji şahsa kärendesine berilmegi;

7) kärende hukugynyň birine berilmegi — kärende şertnamasynyň hereket edýän döwründe kärende hukugynyň kärendeçi tarapyndan üçünji şahsa peýdalanmaga berilmegi;

8) emlägiň kireýine ulanylmaga berilmegi — kärendäniň aýratyn görnüşi, haçan-da elmydama telekeçilik işini amala aşyrýan bolup durýan kärendesine berijiniň, sarp edijilik maksady bolan öwseläni, başga emlägi gysga möhletli (sagatlaýyn) görnüşde töleg bilen peýdalanmaga bermegi.

2. Şu Kanunda başga düşünjeler Türkmenistanyň raýat we beýleki kanunçylygynda, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalarynda kesgitlenen manylarynda ulanylýar.

2-nji madda. Türkmenistanyň kärende hakynda kanunçylygy

1. Türkmenistanyň kärende hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Kärende şertnamalaryndan gelip çykýan emläk gatnaşyklary şu Kanun bilen düzgünleşdirilýär. Şu Kanun bilen düzgünleşdirilmeýän emläk gatnaşyklaryna Türkmenistanyň raýat kanunçylygynyň kadalary ulanylýar.

3. Şu Kanun bilen lizing, resminamalary we gymmatlyklary saklamak üçin ýörite jaýlaryň ýa-da olarda duran seýfleriň kärendesiniň şertnamalaryndan, şeýle hem raýat dolanyşygynda peýdalanylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda ýol berilmeýän ýa-da çäklendirilýän ýörite zerurlyklar üçin niýetlenilen gaýry emläkden ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilmeýär.

3-nji madda. Kärendäniň obýekti

1. Gozgalýan we gozgalmaýan zatlary, pul bahasy bolan emläk hukuklaryny goşmak bilen, eýesine degişli islendik emläk we (ýa-da) zat, şol sanda ýer we beýleki aýrybaşgalanan tebigy serişdeler kärendäniň obýekti bolup biler, şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen emläk muňa degişli däldir.

2. Pul serişdeleri we gymmatly kagyzlar, intellektual işiň netijelerine bolan aýratyn hukuk (intellektual eýeçilik), şeýle hem raýat dolanyşygynda bolmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda ýol berilmeýän ýa-da çäklendirilýän emläk kärendäniň obýekti bolup bilmeýär.

4-nji madda. Kärende gatnaşyklarynyň subýektleri

1. Kärendesine beriji we kärendeçi kärende gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýa-da emlägiň eýesi tarapyndan emlägi kärendesine bermäge ygtyýarly edilen şahslar hem kärendesine beriji bolup bilerler.

5-nji madda Kärendeçiler birleşikleri

Kärendeçiler meýletinlik esaslarynda assosiasiýalary, birleşikleri, konsorsiumlary, konsernleri we beýleki birleşikleri döretmäge, olaryň işini maliýeleşdirmäge hem-de kabul edilen tertipnamalara (düzgünnamalara) laýyklykda olardan erkin çykmaga haklydyr. Olaryň önümçiliginde hereket edýän eýeçilik görnüşlerine garamazdan, bu birleşiklere islendik köpçülikleýin toparlar we raýatlar girip biler. Şeýle hem kärendeçileriň, eger birleşikler olaryň girmegine razy bolsalar, şol birleşikleriň islendik birine girmäge haky bardyr.

II BAP. KÄRENDE GATNAŞYKLARYNYŇ DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

6-njy madda. Kärende şertnamasy

1. Kärendesine beriji bilen kärendeçiniň arasynda taraplaryň meýletinlik we deňhukuklylyk başlangyçlarynda baglaşylýan kärende şertnamasy kärende gatnasyklarynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi we bes edilmegi üçin esas bolup durýar.

Kärende şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar, şu Kanunyň 11-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda baglaşylýan emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy muňa degişli däldir.

Kärende şertnamasy boýunça kärendesine beriji kärendeçä hojalyk işini özbaşdak amala aşyrmak ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga maksatlar üçin kesgitlenen emlägi ylalaşylan tölege wagtlaýyn peýdalanmak üçin bermäge borçludyr.

Kärendeçi kärendesine alnan emlägi kärende şertnamasynyň şertlerine laýyklykda, emlägiň niýetlenilişine görä peýdalanmaga hem-de kärende şertnamasynda ylalaşylan kärende tölegini tölemäge borçludyr.

2. Kärende şertnamasynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) şertnamanyň taraplarynyň ady, hukuk salgysy we maglumatlary;

2) kärende obýektiniň ady, görkezijileri, düzümi, sany, bahasy, ýerleşýän ýeri we kärende obýektiniň peýdalanylmagynyň maksady;

3) kärendesine berilýän emlägiň berilmeginiň şertleri we tertibi, kärendäniň möhleti;

4) kärende töleginiň möçberi, özara hasaplaşyklaryň tertibi we möhletleri;

5) kärende şertnamasyny üýtgetmegiň ýa-da bes etmegiň, möhletini uzaltmagyň we (ýa-da) üýtgetmegiň tertibi we şertleri;

6) taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şol sanda:

a) kärendesine berijiniň şertnamada bellenilen maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça peýdalanylmagy üçin ýaramly bolan emlägi kärendeçä bermek hem-de kärendesine berilýän emläge üçünji şahslaryň hukuklary hakynda duýdurmak borjy;

b) kärendeçiniň şertnama bes edilenden soň, kärendesine alnan emlägini dogry peýdalanmagynyň netijesinde dörän kadaly könelmäni hasaba almak bilen ony alan ýagdaýynda kärendesine berijä gaýtarmak borjy;

ç) kärendesine beriji bilen kärendeçiniň arasynda kärendesine alnan emlägiň ulanylmagy we abatlanylmagy boýunça borçlaryň paýlanylmagy;

d) kärendeçiniň kärendesine alnan emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ätiýaçlandyrmak borjy;

e) kärendesine beriji tarapyndan kärendesine berlen emlägiň ýagdaýyna gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň tertibi;

7) kärende şertnamasynda kärendäniň gaýry şertleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

3. Kärende şertnamasynda kärendeçiniň öz öndüren önüminiň miwesini (önümini, işlerini, hyzmatlaryny) doly ýa-da bölekleýin kärendesine berijä ýerlemek, ýa-da eger şertnamada kärende tölegini önüm bilen hasaplaşmak ylalaşylan bolsa, onda olary kärende töleginiň hasabyna kärendesine berijä bermek borçnamasy göz öňünde tutulyp bilner.

4. Kärendeçi kärende şertnamasyna laýyklykda öz hojalyk işiniň ugruny özbaşdak kesgitleýär we özi tarapyndan öndürilen önüme we alnan girdejä özbaşdak ygtyýarlyk edýär.

Kärendeçi kärende şertnamasy boýunça özüniň borçnamalaryny ýerine ýetirmeginden daşarky hojalyk işinde doly erkindir.

5. Kärende şertnamasy bes edilenden soň, kärendesine berijiniň razylygy bilen kärendeçi tarapyndan öz serişdeleriniň hasabyna geçirilen:

1) kärendesine alnan emlägiň bölünip aýrylmaýan gowulandyrylmalary kärendesine beriji tarapyndan oňa tölenilmäge degişlidir, eger bu kärende şertnamasynyň şertlerinde göz öňünde tutulan bolsa we onuň ýaramlylygynyň peselmegine getirmeýän bolsa;

2) kärendesine alnan emlägiň bölüp aýryp bolýan gowulandyrmalary kärendeçiniň eýeçiligi bolup durýar, olaryň gymmatynyň kärende şertnamasynyň şertlerine laýyklykda kärendesine beriji tarapyndan oňa tölenilmäge degişli bolýan halatlary muňa degişli däldir.

6. Kärende şertnamasynda şu şertnamada bellenilen kärende töleginiň deň ölçegde azaldylmagy arkaly kärendeçi tarapyndan geçirilen gowulandyrmalaryň bahasynyň kärendesine beriji tarapyndan öweziniň dolunmagynyň tertibi göz öňünde tutulyp bilner.

7. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kärende gatnaşyklarynyň subýektleriniň-ýuridik şahslaryň üýtgedilip guralmagy ýa-da eýesiniň çalşylmagy kärende şertnamasynyň şertleriniň düýpli üýtgedilmegi ýa-da möhletinden öň bes edilmegi üçin esas bolup bilmeýär.

8. Kärende şertnamasy boýunça borçlaryny göwnejaý ýerine ýetiren kärendeçi beýleki deň şertlerde ony uzaltmak üçin üçünji şahslaryň öňünde artykmaç hukuga eýedir.

9. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, kärendeçi kärende şertnamasynyň möhleti gutarandan soň, kärendesine alnan emlägi doly ýa-da bölekleýin satyn alyp biler.

Kärendeçi tarapyndan emlägiň (kärendäniň obýektiniň) satyn alynmagynyň şertleri kärende şertnamasynda göz öňünde tutulyp bilner.

10. Kärendesine beriji kärendesine berlen emlägiň doly ýa-da bölekleýin ulanylmagyna päsgelçilik berýän bu emlägiň kemçilikleri üçin, haçan-da kärende şertnamasy baglaşylan wagtynda emlägiň kemçilikleri hakynda bilmedik halatynda hem jogapkärçilik çekýär.

Kärendesine beriji kärendesine berlen emlägiň kärende şertnamasy baglaşylan mahalynda ylalaşylan ýa-da öňünden kärendeçä mälim bolan kemçilikleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.

11. Kärende şertnamalarynyň bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

7-nji madda. Kärendäniň möhletleri

1. Kärendesine berilýän emlägiň görnüşine, kärendäniň maksatlaryna we şertlerine baglylykda kärende şertnamasy bir ýyla çenli, bäş ýyla çenli, bäş we şondan köp ýyl üçin baglaşylyp bilner.

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen aýry-aýry halatlarda kärende şertnamasy kesgitlenilmedik möhlete baglaşylyp bilner.

2. Ýer bölekleriniň, şol sanda tokaý gaznasynyň düzümindäki ýer bölekleriniň kärendesi uzak möhletli kärende bolup durýar, wagtlaýyn desgalaryň ýerleşdirilmegi üçin bäş ýyla çenli möhlet bilen berilýän ýer bölekleriniň kärendesi muňa degişli däldir.

8-nji madda. Tirkeşikli kärende we kärende hukugynyň birine berilmegi

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da kärende şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kärendeçiniň kärendesine berijiniň razylygy bilen kärendesine alan emlägini ýa-da onuň bir bölegini üçünji şahsa möhletli, muzdly peýdalanmak üçin (tirkeşikli kärendesine) bermäge hukugy bardyr.

Tirkeşikli kärende taraplaryň hukuklarynyň, borçlarynyň we jogapkärçiliginiň, şeýle hem kärende şertnamasynyň başga düýpli şertleriniň üýtgemegine eltmeýär, şunda tirkeşikli kärende şertnamasynyň möhleti kärende şertnamasynyň möhletinden aňry geçip bilmez.

Döwlet emläginiň tirkeşikli kärendesine berilmegine ýol berilmeýär.

2. Kärendeçi tarapyndan kärende şertnamasy boýunça özüne degişli kärendesine alnan emläkden peýdalanmaga bolan hukuklarynyň kärende şertnamasynyň hereket edýän döwründe başga adamlara berilmeginiň (doly ýa-da bölekleýin) tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy we şertnamanyň şertleri bilen düzgünleşdirilýär.

3. Emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça kärendeçä berlen emlägiň tirkeşikli kärendä berilmegine, emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça olaryň hukuklarynyň we borçlarynyň berilmegine, şeýle hem şeýle emlägiň başga şahsyň ulanmagyna berilmegine ýol berilmeýär.

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda kärendäniň obýektleriniň aýry-aýry görnüşleriniň tirkeşikli kärendä berilmegine çäklendirmeler göz öňünde tutulyp bilner.

9-njy madda. Kärende mahalyndaky eýeçilik

1. Emlägiň kärendesine berilmegi bu emläge eýeçilik hukugynyň berilmegine eltmeýär.

2. Döwlet emläginiň we ýer bölekleriniň kärendesiniň şertnamalary kärendesine berijiniň kärendesine alnan emläge eýeçilik hukugyny kärendeçä bermek boýunça borçlaryny göz öňünde tutmaýar we kärendeçä ony satyn almak hukugyny bermeýär, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslardan ýüze çykýan halatlary muňa degişli däldir.

3. Kärendesine alnan emlägi peýdalanmagyň netijesinde kärendeçi tarapyndan girdeji görnüşinde alnan miweler, önümler we girdejiler onuň eýeçiligi bolup durýar.

10-njy madda. Kärende tölegi

1. Kärendesine alnan emlägiň kärende şertnamasyna laýyklykda maksatlaýyn we kanunalaýyk peýdalanylandygy üçin kärendeçi kärendesine berijä pul we (ýa-da) hakyky özlügi (natural) görnüşinde kärende tölegini töleýär.

Kärende tölegini geçirmegiň tertibi, şertleri we möhletleri kärende şertnamasy bilen kesgitlenilýär. Haçan-da olar şertnamada kesgitlenilmedik halatlarynda taraplar tarapyndan deňeşdirip bolýan ýagdaýlarda, adatça, şoňa meňzeş emlägiň kärendesinde ulanylýan tertip, şertler we möhletler bellenilen diýlip hasap edilýär.

Çylşyrymly zat üçin kärende tölegi bilelikde ýa-da onuň her bir düzüm bölegi üçin aýratynlykda bellenilip bilner.

2. Kärende tölegi şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, kärendesine alnan emlägiň bahasynyň üzülmegini (kärende döwründe gaýtadan baha kesilmegini hasaba almak bilen, onuň könelmeginiň öwezini dolmak üçin geçirilýän ulanyş geçirimleri);

2) kärende şertnamasynda bellenilýän kärende göterimini (kärendesine berijiniň kärendesine alnan emlägi ulanmakdan alyp biljek peýdasy);

3) kärende tölegine, şeýle-de kärendeçi tarapyndan kärendesine berijä onuň kärende möhletiniň tamamlanmagy boýunça obýektleriň abatlanylmagy üçin geçirilen serişde hem goşulyp bilner.

3. Kärendesine alnan emlägiň maksatly we kanuny peýdalanylandygy üçin tölegden başga-da, kärendeçi kärende şertnamasynda bellenilen tertipde kärendesine beriji ýa-da başga üçünji şahslar tarapyndan özüne edilen jemagat we başga ugurdaş hyzmatlaryň bahasyny, şeýle hem şertnamanyň şertlerine laýyklykda kärendesine alnan emlägiň gündelik abatlanylmagynyň bahasyny töleýär.

4. Emlägiň kärendesi üçin tölegiň möçberi, kärendeçiniň amala aşyrýan iş (işiniň, hyzmatlarynyň) görnüşleriniň hasaba alynmagy bilen, şeýle hem kärende obýektiniň ýerleşişiniň (gatynyň, infrastrukturalar bilen üpjünçiliginiň we elýeterliliginiň) hasaba alynmagy bilen kärende şertnamasynyň baglaşylan senesinde emlägiň şuňa meňzeş görnüşleri üçin kärende hyzmatlarynyň bazarynda emele gelen kärende tölegleriniň derejesinde, ýöne kärendesine alnan emlägiň könelmeginiň, ulanylmagynyň we abatlanylmagynyň öweziniň dolunmagy boýunça harajatlardan pes bolmadyk derejede bellenilýär.

Kärende töleginiň möçberi taraplaryň ylalaşmagy boýunça şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde üýtgedilip bilner. Kärende hyzmatlarynyň bazaryndaky tölegleriň derejesi üýtgän halatlarynda taraplaryň biriniň talap etmegi boýunça kärende töleginiň möçberine möhletinden öň seredilip bilner, ýöne ol kärendäniň ýyllyk döwründe bir gezekden ýygy bolmaly däldir.

5. Kärendeçiniň kärendesine alan emläginiň fiziki ýagdaýyna öz serişdeleriniň hasabyna geçiren aýrylmaz gowulandyrmalary, kärendesine beriji tarapyndan kärende töleginiň möçberiniň artdyrylmagyny talap etmegine esas bolup bilmez.

6. Eger kärendesine alnan emlägi peýdalanmagyň şertnamada göz öňünde tutulan şertleri ýeňip geçip bolmajak güýjüň täsiriniň ýa-da kärende şertnamasynyň hereket edýän döwründe kärendesine alnan emlägiň ýüze çykarylan düýpli kemçiliginiň netijesinde düýpli ýaramazlaşsa, kärendeçiniň kärende töleginiň aşakladylmagyny talap etmäge hukugy bardyr.

7. Haçan-da kärende şertnamasynda kärende üçin töleg meýdan birligi ýa-da başga görkezijiler boýunça bellenilen halatlarynda kärende tölegi kärendäniň obýektiniň hakyky görkezijilerinden ugur alnyp kesgitlenilýär.

8. Döwlet emläginiň kärende obýektiniň meýdan birligi ýa-da başga görkezijiler üçin kärende tölegi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara) tarapyndan bellenilýär.

9. Şol bir kärende obýektini-döwlet emlägini kärendesine almak üçin iki we köpräk arza bolan halatynda, kärende şertnamasy ýapyk bäsleşigiň ykrar edilen ýeňijisi bilen baglaşylýar, şunuň ýaly bäsleşigi geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

10. Degişli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän ýuridik şahslar bilen, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda döwlet emlägi üçin baglaşylýan kärende şertnamalarynyň kärende tölegleriniň düzüminde kärende göterimi göz öňünde tutulmaýar.

III BAP. EMLÄGIŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERINIŇ KÄRENDESINIŇ AÝRATYNLYKLARY

11-nji madda. Emlägiň kireýine ulanylmaga berilmegi

1. Emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça emlägi kärendesine berýän kärendesine beriji öwsele zatlaryny ýa-da başga gozgalýan emlägi (ulag serişdelerinden başga) kesgitlenen wagta, ýöne bir ýyldan köp bolmadyk möhlete kärendeçä tölegine (we olar bilen şertleşilen şertlerde) bermäge borçludyr.

2. Eger şu şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa ýa-da borçlaryň düýp mazmunyndan başga many gelip çykmaýan bolsa, emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça berlen emläk kärendeçi tarapyndan sarp etmegiň maksatlary üçin peýdalanylýar.

3. Kärendeçi azyndan on senenama güni öňünden kärendesine berijini öz meýli hakynda ýazmaça duýduryp, islendik wagt emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasyndan ýüz döndermäge haklydyr.

4. Otuz senenama gününe we şoňa çenli möhlet bilen baglaşylýan emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy onuň ýazmaça görnüşde düzülmegini talap etmeýär. Şunda kärendeçi bir gün öňünden kärendesine berijä öz meýli hakynda duýduryp, emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasyndan islendik wagt ýüz döndermäge haklydyr.

5. Otuz senenama gününden köp möhlete baglaşylýan emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy, onuň ýazmaça görnüşde düzülmegini talap edýär.

6. Emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy babatda şertnamany uzaltmagyň şu Kanunyň 6-njy maddasynyň sekizinji böleginde bellenilen artykmaçlyk hukugy ulanylmaýar.

7. Kärendeçi tarapyndan emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça berlen emlägiň ýetmezçilikleri ýüze çykarylan mahalynda kärendesine beriji kärendeçi tarapyndan ýüze çykarylan ýetmezçilikler hakynda ýüz tutulan wagtyndan başlap, gysga möhletiň dowamynda ýetmezçilikleri muzdsuz ýerinde düzetmäge ýa-da emlägi başgasy bilen çalyşmaga borçludyr.

8. Eger emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça berlen emlägiň ýetmezçilikleri onuň kärendeçi tarapyndan saklanylmagynyň we ulanylmagynyň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde ýüze çykan bolsa, onda kärendeçi kärendesine berijä ol emlägiň abatlanylmagynyň we daşalmagynyň bahasyny töleýär.

12-nji madda. Ulag serişdeleriniň kärendesi

1. Kärendesine beriji ulag serişdesini ekipažy bilen kärende şertnamasy boýunça (belli bir wagta frahtlamak) ulag serişdesini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölegine kärendeçä wagtlaýyn peýdalanmaga berýär we onuň dolandyrylmagy hem-de tehniki taýdan ulanylmagy boýunça hyzmatlary öz güýji bilen ýerine ýetirýär.

Kärendesine beriji ulag serişdesini ekipažy bilen kärende şertnamasynyň bütin möhletiniň dowamynda gündelik we düýpli abatlamagyň amala aşyrylmagyny we zerur esbaplaryň berilmegini hem goşmak bilen, kärendesine tabşyrylan ulag serişdesini göwnejaý ýagdaýda saklamaga borçludyr.

Eger kärende şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, zähmet haky we ekipažyň agzalaryna tölenilmäge degişli başga tölegler boýunça, şol sanda ulag serişdesiniň täjirçilik ulanylmagy, ýangyjyň tölegine çykdajylar we ulanmagyň barşynda çykdajy edilýän beýleki materiallar bilen baglanyşykly ýüze çykýan çykdajylary kärendesine beriji çekýär.

Ekipažy bilen kärendesine alnan ulag serişdesi, onuň mehanizmleri, gurluşlary, enjamlary bilen üçünji şahslara ýetirilen zyýan üçin kärendesine beriji jogapkärçilik çekýär.

Eger kärendesine beriji ýetirilen zyýanyň kärendeçiniň günäsi boýunça ýüze çykandygyny subut etse, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärendeçä üçünji şahslara tölenen pul möçberleriniň öwezini dolmak hakyndaky gaýdymlaýyn (regres) talaby bildirmäge haklydyr.

Ulag serişdesini ekipažy bilen kärendesine almagyň şertnamasy üçin şu Kanunyň 6-njy maddasynyň sekizinji bölegi bilen bellenilen şertnamany uzaltmaga bolan artykmaç hukuk ulanylmaýar.

2. Kärendesine beriji ulag serişdesini ekipažsyz kärende şertnamasy boýunça ulag serişdesini dolandyrmak boýunça hyzmatlary etmezden, ony tölegine kärendeçä wagtlaýyn peýdalanmaga berýär.

Kärendeçi ulag serişdesini ekipažsyz kärende şertnamasynyň bütin möhletiniň dowamynda gündelik we düýpli abatlamagyň amala aşyrylmagyny hem goşmak bilen, kärendesine alan ulag serişdesini göwnejaý ýagdaýda saklamaga borçludyr.

Ekipažsyz kärendesine alnan ulag serişdesi, onuň mehanizmleri, gurluşlary, enjamlary bilen üçünji şahslara ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiligi kärendeçi çekýär.

3. Howa ýa-da deňiz gämisiniň ekipažly we ekipažsyz kärendesine alynmagynyň aýratynlyklary (frahtlamak, tirkeşikli frahtlamak) degişlilikde Türkmenistanyň howa hakyndaky we Türkmenistanyň deňiz söwda gatnawy hakyndaky kanunçylygy bilen bellenilýär.

13-nji madda. Jaýlaryň we desgalaryň kärendesi

1. Kärendesine beriji jaýyň ýa-da desganyň kärende şertnamasy boýunça jaýy ýa-da desgany wagtlaýyn peýdalanmak üçin kärendeçä bermäge borçlanýar.

2. Jaýyň ýa-da desganyň kärende şertnamasy boýunça kärendeçä jaýy ýa-da desgany peýdalanmak hukuklarynyň berilmegi bilen bir wagtda şol gozgalmaýan emlägiň eýeleýän we ony peýdalanmak üçin gerek bolan ýer böleginden peýdalanmak hukugy hem geçýär.

3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da kärende şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kärendesine berijiniň jaýy ýa-da desgany kärendeçä bermek borjy ýa-da kärendeçiniň jaýy ýa-da desgany kärendesine berijä gaýtarmak borjy taraplar tarapyndan kabul ediş-tabşyryş ykrarnamasyna gol çekilenden soň, ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.

14-nji madda. Ýer bölekleriniň kärendesi

Ýer bölekleriniň, şol sanda öwselesi bilen bilelikde kärendesi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

15-nji madda. Ýaşaýyş jaýlarynyň kärendesi

1. Ýaşaýyş jaýynyň kärende şertnamasy boýunça kärendesine beriji özüne eýeçilik hukugynda degişli bolan ýaşaýyş jaýyny kärendeçä wagtlaýyn peýdalanmaga berýär.

Ýaşaýyş jaýynyň kärendesine berilmegi şu Kanunyň 13-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplaryň hasaba alynmagy bilen amala aşyrylýar.

2. Ýaşaýyş jaýynyň kärende şertnamasynyň bellige alynmagy kärendesine berijiniň ýazmaça ýüz tutmasynyň berlen gününden başlap, on senenama gününiň dowamynda kärendesine berilýän ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýeri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ýaşaýyş jaýynyň onuň maksatlaýyn niýetlenilişinden başgaça peýdalanylmagy üçin kärendesine berilmegi diňe Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynda bellenilen ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşalmaýan jaýlara öwrülmeginiň düzgünleri berjaý edilen mahalynda ýol berilýär.

16-njy madda. Döwlet emläginiň kärendesi

1. Eger döwlet emlägi maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça ulanylmaýan bolsa (oturdylmadyk, konserwirlenen bolsa), ýöne tehniki ýagdaýy boýunça ulanmaga ýaramly bolsa we eger şeýle emlägiň kärendesi önümçilige zyýan ýetirmeýän bolsa, onda ol emläk wagtlaýyn kärendesine berlip bilner.

2. Şeýle-de, döwlet kärhanalarynyň, olaryň aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň emläk toplumlary, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň dolulygyna ýa-da bölekleýin goşulmagy bilen, kärendesine berlip bilner.

3. Döwlet emläginiň kärendesine berijisi bolup bu emlägi hasabynda saklaýjy çykyş edýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara döwlet emläginiň aýry-aýry obýektleri we görnüşleri boýunça kärendesine beriji bolup çykyş edip biler.

4. Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

5. Döwlet emläginiň kärende şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi kärendesine berijiler we ygtyýarly edara amala aşyrýar.

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

17-nji madda. Kärende gatnaşyklarynyň subýektlerine salgyt salynmagy

Kärende gatnaşyklarynyň subýektlerine salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

18-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Kärende şertnamalarynyň baglaşylmagy, üýtgedilmegi, goşmaçalaryň girizilmegi, ýerine ýetirilmegi we bes edilmegi bilen baglanyşykly jedeller taraplar tarapyndan gepleşikler arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde çözülýär.

19-njy madda. Taraplaryň jogapkärçiligi

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler, ýeňip geçip bolmajak güýjüň ýagdaýlarynyň netijesinde emele gelen hem-de kärende şertnamasynda göz öňünde tutulan başga ýagdaýlar muňa degişli däldir.

20-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 1990-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistan SSR-nde kärende we kärende gatnaşyklary hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanunyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 19-20, 199-njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

3. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kadalaşdyryjy-hukuk namalary ol güýje giren gününden başlap, üç aýyň içinde oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

Degişli makalalar

Nebit, Dokma Önümleri, Pagta Süýümi we Bugdaý Birža Söwdalarynyň Esasy Önümleri Boldy

turkmenhabargullugy

Üstünlik-Bu Özüňe Ynanmakdyr!

Türkmenistan Sebitiň Maglumat-Aragatnaşyk Ulgamynyň Möhüm Merkezine Öwrülýär

syrach