19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlaglary Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden – milli parlamentiň Başlygyndan, hökümet Baştutanynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Däp bolşy ýaly, aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän nurana baýramçylyk bilen gutlap, ýygnananlar milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly maksatlaryna ýetmekde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Mälim bolşy ýaly, giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny, şol sanda suwdan rejeli peýdalanmak ulgamyndaky maksatnamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak  esasy maksatlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl bellenilýän   “Suw damjasy – altyn dänesi”  baýramynyň  ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň her damjasy altyna deňelýän suwa aýawly garaýşyny alamatlandyrýar. Suwuň bolçulygy gadymdan bäri bagtyýar we abadan durmuşyň çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Ata-babalarymyzyň 
guran emeli suw desgalary – guýular, kärizler, suw howdanlary we akabalar gymmatly suw serişdelerini rejeli ulanmagyň aýdyň subutnamasydyr. Olar çölde we  dag eteginde suwuň her bir damjasyny tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimize hoşniýetli gutlaglary aýtmagyň barşynda milli Liderimiziň “Suw-ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” 
atly kitabynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygyna özboluşly sowgat bolandygy bellenildi.   

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, häzir giň gerimde bellenilýän baýramçylygyň suwa hemişe tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we diriligiň çeşmesi hökmünde garaýan türkmenleriň köp asyrlyk däplerine hormat goýmagyň nyşanyna öwrülendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, biziň günlerimizde bu şöhratly däp-dessurlar mynasyp dowam etdirilip,  halk hojalygyny we ýurdumyzyň ilatyny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça möhüm taslamalarda öz aýdyň beýanyn tapýar.Güneşli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde agyz suwy zawodlary, iri suw arassalaýan we suwaryş desgalary guruldy, suw tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalar, ylmyň we dünýäniň öňdebaryjy gazananlary giňden ulanylýar, tebigy we emeli suw howdanlaryň ekologiýa arassalygyny saklamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda döredilen we gülläp ösýän bagy-bossanlyklar türkmen topragynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. 

Diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen yklymyň iň uly çölüniň – Garagumuň merkezinde gurulýan “Altyn asyr”  Türkmen kölüniň gurluşygy asyryň ägirt uly taslamalaryň biri hökmünde ykrar edildi. Bu çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň birinji nobatdakysynyň işe girizilmegi hem-de özleşdirilýän  meýdanlardan  ýerasty suwlaryň bu köle akdyrylyp başlanmagy bilen, topragyň melioratiw ýagdaýy has gowulaşyp başlady. Munuň özi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, çölüň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam eder.  “Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri”  atly halkara maslahatynyň maksatnamasyna bu täsin köl bilen tanyşlyk saparynyň girizilmegi tötänden däldir. Şol maslahat Türkmenistanda köpsanly daşary ýurtly myhmanlary jemledi. 

Milli Liderimiz baýramçylyga gabatlanylan çäreleriň ählisiniň möhümdigini belläp, jogapkär adamlara olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary ýene-de bir gezek gutlap, suw hojalyk işgärlerine, oba zähmetkeşlerine we ildeşlerimiziň ählisine bagt, abadançylyk, bolçulyk, şeýle hem garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýan täze üstünlikleri arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Olimpiýa Şäherçesiniň Monorelsli Ýoly Sport Klasteriniň Sport we Infrastruktura Desgalaryny Birleşdirdi

An International Conference of Ministers of Transport Began Its Work in Avaza

turkmenhabargullugy

Özbegistandaky Türkmen Futbolçylary Türkmenistanyň Futbol Çempionatyna Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýarlar

turkmenhabargullugy