22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň Halkara Sport Media Forumy Guruldy

Türkmen paýtagtynda Aziada – 2017-ä hem-de parahatçylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna sporty ösdürmekde Türkmenistanyň ornuna bagyşlanyp, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitet, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan halkara maslahatynyň çäklerinde halkara sport media-forumy geçirildi. Bu foruma ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sport ulgamy boýunça hünärmenleri, media bilermenleri, ugurdaş pudak edaralarynyň, sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada CNN International, AP, Sport News Television, Sport Business, Korean Broadcasting System ýaly iri halkara habar beriş brendleriniň birnäçesiniň wekilleri geldiler.

Dünýäniň sport boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çeken bu forumyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen geçirilýän köpçülikleýin  sport çäreleriniň biraýlygynyň giň gerime eýe bolan günlerinde geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.

JTA kompaniýasynyň başlygy, Olimpiýa hereketiniň we tutuş sportuň strategik kommunikasiýalary boýunça esasy bilermenleriň biri diýlip hasaplanýan Jon Tibbsiň bellemegine görä, forumyň çäklerinde Türkmenistan öz myhmansöýerligini we üstünliklerini äşgär edip,   iri sport çärelerini guramak boýunça toplanan tejribäni ugur edinýändigini görkezýär. Dünýäniň iri konsalting kompaniýalarynyň biri bolan JTA 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmek hem-de maglumatlar arkaly goldaw bermek we ýaryşlaryň görkezilmegini guramak maksady bilen, ýurdumyzyň hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Bu giň gerimli işiň çäklerinde JTA Sport Metbugatynyň Halkara   Assosiasiýasy (AIPS) bilen hyzmatdaşlyk edip, Aşgabatda sport boýunça media-forumlarynyň guralmagyna gatnaşýar. Şu  Halkara sport media-forumy türkmen paýtagtynda ikinji gezek geçirilýär, şunuň ýaly çäre bu ýerde 2013-nji ýylda geçirilipdi.

Forumyň mejlisleri AIPS, Talyplaryň halkara sport federasiýasyna (FISU), Bütindünýä thekwondo federasiýasyna, Russiýanyň Olimpiýa komitetine, “Sport taslamalary boýunça ýerine ýetiriji direksiýa” atly telekeçilige dahylsyz guramalaryň assosiasiýasyna hem-de sport we habar beriş boýunça beýleki abraýly guramalara wekilçilik edýän tanymal bilermenler tarapyndan alnyp baryldy. 

Mejlisleriň barşynda halkara derejeli uly sport  ýaryşlaryny, şol sanda 2014-nji ýylda Soçi şäherinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlaryny hem-de 2013-nji ýylda Kazan şäherinde tomusky Uniwersiadany  guramak hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça toplanan tejribä garaldy.

Media-forumyna gatnaşan daşary ýurtlular Aşgabatda sport desgalarynyň gurluşygynyň hem-de geçiriljek Aziada çenli taýýar etmek boýunça işleriň batly depgin bilen alnyp barylýandygyna haýran galyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda sportuň çalt depginde ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna içgin üns berýändigine göz ýetirmek arkaly, türkmen paýtagtynyň Halkara Olimpiýa Komiteti tarapyndan uly halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi ugrunda bäsleşýän şäherlere bildirýän talaplarynyň derejesinden-de ýokary boljakdygyny bellediler. Döwrebap ösen sport düzümi bolan şeýle şäherlerde hem-de jemgyýetçilik tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden oňlanylýan ýerinde geljekde-de ýokary derejeli ýaryşlaryň  geçirilmegi üçin oňaýly mümkinçilikler döreýär. 

Uly sport çäreleriniň   şäheriň keşbini özgerdip, ykdysadyýetiň ösdürilmegine, milli brendleriň we ýurtlaryň tutuş halkara media giňişliginde tanalmagyna, bularyň abraýyny artdyrmaga  ýetirýän täsirine degişli mesele barada aýratyn pikir alşyldy.

Bilermenler häzirki döwürde sporta degişli wakalary sanly tehnologiýalar arkaly beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berdiler. Habarlaryň dessine eşitdirilip görkezilmegi hem-de sosial medianyň ähmiýetiniň artýandygyny göz öňünde tutup, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň adaty ornunyň üýtgemegi bilen baglylykda döreýän mümkinçiliklere garaldy. 

Forumda sporty wagyz etmegiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ilkinji nobatdaky wezipesine öwrülmegine degişli meselä jikme-jik garaldy. Sport – munuň özi saglyga, köpçülikleýinlige, täsirlilige bagly bolmak bilen çäklenmän,  ykdysadyýetiň aýratyn we döwrebap möhüm pudagydyr, ol ýaryşlary ýokary hilli we isleg bildirilýän media önümine öwürmäge ukyplydyr.   Tomaşaçylaryň we janköýerleriň isleglerine laýyk gelýän gepleşikler, fotosuratly we teksti makalalar, synlar  ulanyjylarda uly gyzyklanma  döredýär. Galyberse-de, häzirki döwürde žurnalistika bularyň has-da täsirli bolmagy üçin täze usullary gözläp tapýar. 

Şol bir wagtyň özünde sport tomaşaçylaryň sagdyn durmuş ýörelgesini ugur edinmegine, sport bäsleşiklerinde üstünlik gazanýanlara eýermegine badalga berýär. Jemgyýeti we biziň her birimizi kämilleşdirmek boýunça sport arkaly berilýän görkezmeler örän möhüm ähmiýetlidir hem-de şu ugra degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we žurnalistleriň wezipesi şol mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanyp, milletiň sagdynlygynyň pugtalandyrylmagyna  ýaryşlaryň ýetirýän täsirini artdyrmalydyr we giň gerimli bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine ýardam bermelidir.

Söhbetdeşlikleriň barşynda foruma gatnaşyjylar sporta degişli düzümiň ösdürilmegine, hususan-da, deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň döredilmegine, şeýle hem şu ugra degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna  uly üns berýän  Türkmenistanyň ýakyn geljekde has ýokary derejeli uly halkara sport  ýaryşlaryny guramak ugrunda bäsdeşlik edip biler. Geçiriljek Aziada-2017 şu ugurdaky ilkinji ädimdir. 

Ýakyn wagtda ulanmaga beriljek ýokary derejeli we amatly ýerleşdirilen sport desgalarynyň giň toplumynyň bardygyny göz öňünde tutup, bularyň  binýadynda diňe bir sporta däl-de, başga ugurlara degişli giň gerimli halkara çärelerini guramak döwrüň talabydyr. Galyberse-de, tejribeden belli bolşy ýaly, uly ýaryşlaryň şäherleriň keşbini özgerdip, bularyň ösüşine täzeden badalga berýär, Aşgabatda bolsa munuň üçin hakykatdan-da haýran galdyrýan mümkinçilikler bar. 

Forumda ýaýradylan maglumatlaryň we hödürlenýän tejribäniň çap edilýän we elektron görnüşli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň maglumatyň beýan edilýän derejesini geçiriljek Aziadanyň Ýokary halkara statusyna laýyk getirilmegini üpjün etjekdigine söz ýok. Sporta degişli bu wakanyň möhüm ähmiýetlidigini göz öňünde tutanyňda, onuň halkara maglumatlar giňişliginde uly gyzyklanma döreder.

Foruma gatnaşan daşary ýurtlulara 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda ýaryşlaryň geçiriljek ýeri bolan  Olimpiýa şäherjigini gurmagyň barşy bilen tanyşmaga oňaýly mümkinçilik döredildi. Umuman alanyňda, üç tapgyrda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň düzümi dürli maksatly desgalaryň 40-a golaýyndan ybarat bolar.  Giň ýerde ondan-oňa barmak üçin amatly bolar ýaly, monorelsli ýol gurlar, bu ýol arkaly 12 müň adamlyk Olimpiýa obasyny şäherjigiň beýleki ýerleri bilen baglanyşdyrylar.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýanyň  Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Aziada – 2017-ä Okeaniýanyň 17 ýurdunyň gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Başgaça aýdanyňda, türkmen paýtagtyndaky Aziýa oýunlary ilkinji gezek geografiki taýdan şeýle  giň gerimde, ýagny 60-dan gowrak ýurduň gatnaşmagynda geçiriler. Munuň özi Oýunlary guraýjylaryň uly jogapkärçilige eýe bolýandygyny, şeýle uly sport baýramçylygyny üstünlikli geçirmek üçin sazlaşykly we özara arkalaşykly hereket edilmegini talap edýär. 

Sporta degişli bu  giň gerimli wakanyň – Aziada- -2017-niň ýurdumyzyň diňe bir sportda däl-de, ykdysadyýetde we medeniýet-gumanitar ugurda hem uly üstünliklere eýe bolýandygyny dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmek üçin oňaýly mümkinçilik döredýär. Şoňa görä-de ýaryşlaryň guralmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň göwnejaý hilli we netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda ýokary talaplar bildiriler, bu ulgama degişli hünärmenleriň şu gezekki   duşuşygy hem ýaryşlaryň göwnejaýguralmagyna ýardam berdi. 

Degişli makalalar

Meýdançada Ýatdan Çykarylan Derwezeçi

AFK-nyň täze ýaryşlary geçiriler.

syrach

Köpugurly Söweş Boýunça Türkmenistanyň Çempionaty Geçirildi

syrach