26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşyp, özara hormat goýmak netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Şol günüň Türkmenistanyň we Russiýanyň halklary üçin bozulmaz dost-doganlygyň, agzybirligiň hem-de adamzady faşizmden azat etmek ýaly umumy maksadyň bähbidine deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygyň nyşany bolup galjakdygy nygtaldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 9-njy maý güni ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip, uruşdan gaýdyp gelmedikleriň, weteranlaryň, tylda zähmet çekenleriň edermenligine we gaýduwsyzlygyna sarpa goýuldy. Baýramçylyk dabaralaryna Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik Aleksandr Fominiň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň gatnaşandygy bellärliklidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine Türkmenistana ýokary derejeli wekiliýeti ugradandygy, şeýle hem özüniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny hemişelik saklamak üçin türkmen tarapyna ibermek baradaky çözgüdi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz bu belent sarpa türkmen halkynyň ýokary baha berendigini aýtdy. Söweşjeň baýdagyň ýurdumyza iberilmegi beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşmana garşy söweşen hem-de umumy Ýeňşe uly goşant goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormat goýmagyň nyşany, şeýle hem hemişe dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň alamaty hökmünde kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda biziň ata-babalarymyzyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenliginiň hem-de gahrymançylygynyň borja wepalylygyň hem-de Watany söýmegiň hemişe nusgasy bolup hyzmat etjekdigine, hemmelere belli bolan ýagdaýlar sebäpli ýüze çykan häzirki kynçylyklar ýeňlip geçilenden soňra Moskwada umumy Beýik Ýeňiş baýramy mynasybetli uly dabaralaryň guraljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesine deglip geçildi. Şunda koronawirus keseliniň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň raýdaşlyk hem-de özara goldaw bildirip işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, ýurdumyza dessin ýagdaýda anyklaýyş enjamlarynyň köp mukdarynyň iberilendigi üçin russiýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi, munuň özi türkmen lukmançylyk gulluklaryna ýardam berdi. Öz nobatynda Türkmenistan hem Russiýa Federasiýasyna zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr.

Bu baradaky gürrüňiň dowamynda häzirki wagtda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin hukuk binýadynyň işlenip taýýarlanylýandygy bellenildi, ol ýokanç kesellere garşy göreş hem-de halkara lukmançylyk-arassaçylyk kadalaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça degişli resminamalaryň taýýarlanylmagyny öz içine alýar.

Munuň özi biziň lukmanlarymyzyň raýdaşlygynyň aýdyň subutnamasy, şeýle hem howply ýokanç kesellerine garşy göreşde tagallalaryň özleşdirilmegine hem-de umuman, GDA-nyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli döwlet düzümlerine pandemiýa garşy göreş boýunça bilelikdäki toplumlaýyn maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrmagyň maksada laýyk boljakdygy baradaky pikirini beýan etdi, bu maksatnamada iki ýurduň toplan tejribesi, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň görnüşleri we usullary öz beýanyny tapmalydyr.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şeýle hem döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, bu mesele köpugurly türkmen-russiýa gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär.

Şunda bilelikdäki Hökümetara topara aýratyn orun degişlidir, onuň alyp barýan işleri hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini, gazanylan ylalaşyklary hem-de geljek üçin kesgitlenen meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermelidir.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar okgunly häsiýete eýe boldy. Şunda Hazar deňzi boýunça Türkmenbaşy portunyň hem-de Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlarynyň arasynda parom gatnawynyň ýola goýlandygy bellenildi.

Ýurdumyzda Russiýanyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda ýöriteleşdirilen esasy kompaniýalarynyň köpýyllyk netijeli işlemekleri üstünlikli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysallarydyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin iki ýurduň hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, birek-birege, şeýle hem uruş weteranlaryna we Türkmenistanyň we Russiýanyň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. TDH

Degişli makalalar

TAPI Pipeline Company Limited

syrach

Şanly Sene Mynasybetli Baýramçylyk Konserti

Bozdepe