22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Wladimir Putin, 
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Siziň watandaşlaryňyzyň ählisini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary üçin aýratyn we gymmatly  bolan bu baýramy bellemek bilen, biz faşizmiň garşysyna egin-egne berip söweşen, geljekki nesiller üçin parahatçylygy we azatlygy gorap saklan ata-babalarymyzyň öçmez-ýitmez edermenligine çuňňur sarpa goýýarys. 

Uruş ýyllarynda taplanan söweş doganlygynyň, agzybirligiň we birek-birege kömek bermegiň  däpleriniň mundan beýläk hem rus-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan ähli uruş we zähmet weteranlaryna çuňňur hoşallyk sözlerimi, berk jan saglyk we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

***

Aleksandr Lukaşenko, 
Belarus Respublikasynyň Prezidenti:  

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 

Şu mukaddes gün biz frontçularyň, partizanlaryň we tylda zähmet çekenleriň gaýduwsyzlygyna hem-de synmaz erkine sarpa goýýarys, olaryň edermenliginiň öňünde baş egýäris. 

Faşizme garşy bolan gazaply uruşda görkezilen öçmez-ýitmez gahrymançylyk, biziň ýarag boýunça doganlygymyz mundan beýläk hem belarus-türkmen dostlugynyň däplerini saklamagyň we artdyrmagyň ygtybarly esasy bolup hyzmat eder. 

9-njy maý özleriniň ata-babalarynyň edermenligi we şan-şöhraty baradaky hakydany aýawly saklaýan  Belarusuň we Türkmenistanyň halklary üçin hemişe beýik waka bolar. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu şanly günde Size berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etmäge rugsat ediň.  

*** 

Ilham Aliýew, 
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!  

Sizi we doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyny baýramçylyk—Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Gazaply uruş ýyllarynda frontda we tylda görkezilen beýik edermenlik,  gaýduwsyzlyk, deňsiz-taýsyz gahrymançylyk biziň halklarymyzyň taryhyna müdimilik girdi. 9-njy maý — Ýeňiş güni biziň ählimizi birleşdirýän hakyky taryhy we şöhratly waka bolup durýar. 

Şol ýyllaryň agyr synagyndan geçen halklarymyzyň dostlugynyň, agzybirliginiň we mizemez jebisliginiň mundan beýläk hem Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine  ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size, frontuň we tylyň ähli weteranlaryna, Türkmenistanyň doganlyk halkyna berk jan saglyk, bagt we üstünlikler arzuw edýärin. 

*** 

Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! 

Sizi Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Biziň halklarymyz şöhratly ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini mynasyp dowam etdirip, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda bütin dünýä gaýduwsyzlygyň, ruhubelentligiň we edermenligiň beýik nusgasyny görkezdiler. 

Şol agyr ýyllarda biziň esgerlerimiziň umumy tagallalar bilen gazaply duşmanyň garşysyna bolan aldym-berdimli söweşlerde ýeňiş gazanyp, biziň döwletlerimiziň köp asyrlap dowam etjek mizemez agzybirliginiň binýadyny goýandygyna ynanýaryn. 

Adamzada uly ýitgileri we apat getiren uruş indi gaýtalanmaly däldir. 

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda ýaşaýan uruş we tylyň  weteranlaryna berk jan saglyk we uzak ömür, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. 

*** 

Islam Karimow,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Faşizmiň garşysyna bolan uruşda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 

Biz halklarymyzyň taryhyndaky bu şanly senäni bellemek bilen, özüniň deňsiz-taýsyz edermenligi bilen we şirin janyny gurban edip, gandöküşikli söweş meýdanlarynda parahatçylygy hem-de azatlygy gorap saklan gerçekleriň hakydasynyň öňünde baş egýäris.   

Özleriniň edermenlikli zähmeti bilen nurana Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran ata-babalarymyza hemişe  uly sarpa goýarys. Olar synmaz erki we gaýduwsyzlygy bilen şol elhenç urşuň ähli jebirlerinden üstün çykmagy başardylar. 

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly  halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. 

***  

Almazbek Atambaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!  

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 

Ýeňiş güni — bu biziň halklarymyzyň buýsanjynyň, edermenliginiň we gaýduwsyzlygynyň nyşanydyr. Onýyllyklar geçýär, nesiller çalyşýar, ýöne Beýik Ýeňiş biziň ýurtlarymyzyň gahrymançylykly ýylýazgysyna müdimilik  ýazyldy. 

Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi we gahrymançylygy baradaky hakydanyň mundan beýläk hem Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.  

*** 

Emomali Rahmon, 
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Biziň umumy baýramymyzyň şanly senesi — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlaýaryn. 

Biziň halklarymyz agyr ýitgiler çekip, faşizmiň üstünden Beýik Ýeňiş gazandylar we Ýer ýüzünde parahatçylygy, azatlygy we asudalygy üpjün etdiler. 

Şu nurana baýramçylykda biz umumy ýeňşimiziň we azatlygymyzyň hatyrasyna şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyzyň edermenligine we tylda zähmet çekenleriň gaýduwsyzlygyna baş egýäris. Olaryň gahrymançylygy baradaky hakyda hemişe biziň ýüreklerimizde ýaşar. 

Beýik Ýeňşiň gymmatlyklaryna daýanýan bu dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem saklanjakdygyna we biziň halklarymyzyň geljekki nesilleriniň abadançylygynyň hem-de sazlaşykly ösüşiniň  bähbidine has-da berkejekdigine ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna hem-de uruş we zähmet weteranlaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edýärin. 

*** 

Dmitriý Medwedew, 
Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri:  

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Sizi umumy baýramymyz — Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşen ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz edermenligi, tylda zähmet çekenleriň gaýduwsyzlygy, häzirki we geljekki nesilleriň hemişe ýadynda galar. 

Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň faşizme garşy göreşde taplanan doganlygynyň mundan beýläk hem söwda-ykdysady, gumanitar we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. 

Weteranlara bagt we uzak ömür, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. 

Degişli makalalar

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Suwuň sungatdaky waspy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi