16.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň altynjy Baş sekretary Butros Butros-Galiniň aradan çykmagy zerarly, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä gynanç hatyny ýollady. 

Bu hatda, hususan-da, “Butros Butros-Gali görnükli syýasatçy bolup, ol diňe bir Müsürde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem mertligiň we bütin adamzat barada alada etmegiň ajaýyp nusgasydyr. Onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljek nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýaryn” diýlip nygtalýar. 

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Müsüriň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Degişli makalalar

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkiýede Bilim Almak Üçin-“Atavatan Danışmanlık LTD”