14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

Prezidentimize Mähirli Gutlag

Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) alymlar geňeşiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin, bu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory diýen ada mynasyp boldy. Bu habar ýurdumyzda ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar, olary iberenler döwlet Baştutanymyza bu hormatly adyň dakylmagy milli Liderimiziň türkmen we ýapon halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandyna, ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bitiren uly hyzmatlarynyň subutnamasy bolup durýar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarlar we milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler.

Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) Hormatly doktory adynyň dakylmagy bilen hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R. Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy A.Nurberdiýewa gutlady.

Milli Liderimize tüýs ýürekden gutlaglaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidentine Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Sukuba uniwersitetiniň Hormatly doktory adynyň dakylmagy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny we mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka bilen Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G. Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň başlygynyň orunbasary A.Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M.Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we köp sanly beýleki adamlar tüýs ýürekden gutladylar.

Degişli makalalar

Şany Dünýä Dolan Gudrat

Sebitlerde Oba Ýerlerini Gazlaşdyrmak Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Туркменистан продолжает вывозить своих граждан из-за рубежа в связи с пандемией коронавируса