25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 1-nji derejeli ýurist Döwranmuhammet Aşyrmuhammedowiç Baýmuhammedow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň prokurory wezipesine;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Baýrambaý Ýagmyrow Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejei ýurist Akmurat Rahmedowiç Ahmedow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. 

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Geldimyrat Baýramdurdyýewiç Amanow  Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesine bellenip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Beki Berdiýewiç Bekiýew Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden;

 ýustisiýanyň geňeşçisi Merdan Hojageldiýewiç Gylyjow Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Bekiýewiç Maşrykow Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Döwletowiç Şiriýew Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Setdarberdi Nurberdiýewiç Orazberdiýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. 

Degişli makalalar

Gowakdaky şäherleriň açylmadyk syrlary.

syrach

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

syrach

Täze Elektrik Beketleri Ýurdumyzyň Kuwwatyny Artdyrýar