21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde mähriban topragymyzda asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp baran işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralyrynyň ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, alyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky hasabatlaryny diňledi.

Gönüden-göni milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan we işlenip taýýarlanylan giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde geçirilen işler barada Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk miniistri Ý.Berdiýew hasabat berdi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysy milli howpsuzlygyň esaslaryny berkitmek we ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada aýtdy.

Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna we onuň mundan beýläk-de  döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem harby gullukçylaryň döwrebap gullugy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişine kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň harby gulluklarynyň we söweşjeň taýýarlyklarynyň kämilleşdirilmegine, olara berilýän watansöýüjilik terbiýäniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna aýratyn ünsi çekdi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işi bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz özüniň yhlasly zähmeti bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýan halkymyzyň asuda we abadan  durmuşynyň yzygiderli üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň mukaddes serhetlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda durmuşa geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Goňşy ýurtlar we halklar bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk däplerine aýratyn gadyr goýulýan ýurdumyzda durnuklylygyň hem-de asudalygyň üpjün edilmeginde serhetçileriň uly goşandynyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Ýaragşly Güýçleriniň Belent serkerdebaşysy örän möhüm we jogapkärçilikli wezipäni ýerine ýetiräýn Gullugyň işiniň kämilleşdirilmegine, onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna döwletimiziň yzygiderli üns berjekdigini aýtdy.

Birnäçe möhüm ugurlary özünde jemleýän harby özgertmeleriň barşy baradaky hasabat bilen, ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ministr ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem harby gullukçylaryň döwrebap güllügy, olaryň maşgala agzalarynyň amatly ýaşaýşy ugrunda döredilýän şertler boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.  

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, mähriban Watanymyza we halkymyza gulluk etmek ýaly mukaddes ýörelgä ygrarly harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şahsy düzümlerde harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlaryny yzygiderli guramak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe  gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ähli düzümlerinde 2015-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler barada ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Aýratyn-da, hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, raýatlaryň kanuny hukuklaryny üpjün etmek, şeýle hem ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly işini yzygiderli ýola goýmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. Şeýle hem ministr milli Liderimizi ýurdumyzda aprel aýynyň dowamynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýtdy. Hususan-da, biraýlygyň barşynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da paýtagtymyzda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça  meýilnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi.  

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň düzümlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, iri ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini, düzümleriň gullukçylarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna işjeň çekilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.  

Ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz aprel aýynda meýilleşdirilen dabaralaryň we dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniň giň gerime eýe bolmagy babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipelere  geçmek bilen, ulaglaryň tehniki taýdan guratlygy, olaryň bellenilen kadalara laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.  

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi alyp barýan prokuratura işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Prokuratura edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda kanunçylygyň rüstemliginiň üpjün edilmegi hem-de döwlet we hususy düzümler tarapyndan onuň berk berjaý edilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew hasabat berdi. Ýurdumyzda kanunçylyk ulgamy hereket edýän halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýändigi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Kanunçylyk we hukuk tertibi  häzirki zaman jemgyýetinde raýatlaryň parahatçylyk we milli ylalaşyk esaslaryna gulluk edýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz çözgütler kabul edilende her bir işe örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini, onuň kazylar üçin uly jogapkärçilikdigini aýtdy. 

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýän meýilnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Aýratyn-da, hukuk goraýjy düzümler, saglygy goraýyş edaralary, abraýly halkara we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilat arasynda alnyp barylýan düşündiriş işleri barada habar berildi.

Jemgyýetimiz üçin howply bolan neşekeşlige garşy alnyp barylýan göreşiň ählumumy häsiýete eýe bolýandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz häzirki zaman jemgyýeinde sagdyn durmuş ýörelegeleriniň berkidilmeginiň, ilat arasynda, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. 

Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilmeginde Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň işgärleriniň ägirt uly goşandynyň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz neşeleriň we seri dumanlandyryjy serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagy dowam etmegiň, şeýle hem ilatymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine işjeň çekilmegi boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň düzümlerine dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we umumy kabul edilen halkara ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp  barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üsütünlikleriniň giňden wagyz edilmeginde migrasiýa gullugyna aýratyn ornuň degişlidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  gullugyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, döwrüň talabyna laýyk gelýän sowady bolan hünärmenleri taýýarlamak işiniň möhümdigini ýene bir ýola belledi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem daşary ykdysady işjeňlik derejesiniň ösüşini nazara almak bilen, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da ol paýtagtymyzdaky Halkara gümrük terminalynda oturdylan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen gümrük gözegçiliginiň alnyp barlyşy, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. 

Gümrük gullugynyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň ugurlaryny kesgitläp, döwlet Baştutanymyz işgärleri seçip alamaga we olary ýerli-ýerinde goýmaga, ýurdumyza getirilýän önümleriň ygtybarly barlagyny üpjün etmäge gönükdirilen gümrük terminallarynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Adalat ministri B.Muhammedow täze taryhy eýýamyň ägirt uly meýilnamalarynyň we özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň işini kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. 

Täze kanunlaryň işlenip  taýýarlanmagynyň we kabul edilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz güýje girizilýän kanunçylyk namalary barada  ilat arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunlukda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan jemgyýetçilik kabul edişlikleriň we hukuk geňeşmeleriniň yzygiderli guralmagy möhüm meseledir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň Ýaragly Şüýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň öňünde durýan wezipeleri, olaryň geljekki ugurlaryny kesgitläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň her birine anyk tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, şahsy düzümiň hatarlarynda tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine, şeýle hem düzümlerde gurulýan täze desgalaryň, döwrebap harby şäherçeleriň, serhet galalarynyň, edara ediş binalarynyň we oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň guruluşygynyň barşyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Milli Liderimiz ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde gurlup gutarylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.      

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň başynda bäri ýerine ýetirilen işleriň netijelerine umuman kanagatlanma bildirdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, Watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin amatly gulluk we durmuş şertleriniň döredilmegine yzygiderli üns berjekdigini aýtdy. 

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan mähriban halkymyza we Watanymyza gulluk etmekde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Täze Neşirde Kärhanalary we Guramalaryň Arhiw Resminamalarynyň Saklanyş Möhleti Kesgitlenilýär

Hepdäniň Wakalary

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

syrach